Täzelikler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary

Giriş

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler; bu oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşmek üçin Okeaniýanyň we Aziýanyň 62 Milli Olimpiýa Komitetlerinden 6,000 türgenleri gatnaşar.

Bu biziň ýurdumuz üçin taryhy waka bolup, Aşgabat – 2017-niň oýunlary Türkmenistanda geçiriljek ilkinji uly göwrümli, köp-ugurly sport çäreleriniň biri bolup durýar. Bu uly sport çäreleri geljekde Aşgabat şäheri we bütin ýurt boýunça şular ýaly uly göwrümli çäreleri halkara derejesinde geçirmekde uly tejribe bolar.

Öňki taryhy

2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda» iki taraplaýyn şertnama gol çekildi.

Noýabr aýynda Türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa boýunça iň uly sport toplumynyň düýbi tutuldy. Bu toplum 30-dan gowrak, şol sanda ýaryş geçirilýän desgalar, ýaşaýyş-durmuş, ulag we başga infrastrukturalary öz içine alýar. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Olimpiýa oýunlaryna taýýarlayk görmek barada Guramaçylyk komiteti döredildi.

Gatnaşýan ýurtlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek Aziýa ýurtlaryndan başga-da Okeaniýa ýurtlaryndan Oýunlara gatnaşmaga rugsat berildi we şeýlelik bilen, gatnaşýan ýurtlaryň sany 62 boldy.

Sportuň görnüşleri

Oýunlar sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarda öň bar bolan sport görnüşleriniň 19-na Türkmen milli göreşi we atly sportyň päsgelçiliklerden bökmek görnüşini (konkur) görnüşleri ýaryş meýilnamasyna goşuldy. Bu teklip Aziýanyň Olimpiýa komiteti tarapyndan kabul edildi we tassyklanyldy.

Resmi keşp we Tumar

Oýunlar bize Türkmenistanyň gadymy däp - dessurlaryndan başlap, häzirki döwre çenli bolan gymmatlyklary görkezer. Resmi keşp bizi Beýik Ýüpek ýoly boýunça gaýybana syýahat etdirer, tumar bolsa Türkmenistan ýurduna mahsus we özboluşly bolup durýar.

Aşgabat – 2017-niň resmi keşbi Türkmenistanyň taryhy ýoluny geçmişden geljege sagdynlyk, ruhubelenlik, dostluk arkaly nesilden-nesile geçip gelýän özboluşly däp-dessury bütindünýä görkezmek maksady bilen döredildi.

Türkmeniň Alabaý iti Aşgabat – 2017-niň oýunlarynyň Tumary hökmünde saýlanyp alyndy. Ol batyrgaýlygy, wepadarlygy, çalasynlygy bilen özüne çekiji bolup, oýunlaryň okgunlylygyny ýaýmaga we dürli ýaşly we hünärli adamlary Türkmenistana çagyrmaga kömek eder.

Şygar

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylygynda «Sport – kämillige tarap badalga» ady bilen Oýunlara şygar saýlamak maksady bilen, bäsleşik geçirildi.

Bu ýaryş ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem sporta we köpçülikleýin bedenterbiýa, şol bir wagtyň özünde watançylyk duýgularyny güýçlendirmek üçin gurnaldy. Bu hereketleriň esasy maksady häzirki zaman jemgyýetinde parahatçylygyň we asudalygyň oňyn göňşuçylygyň, dost-doganlygyň, şeýle hem sportuň ornuny berkitmek ýaly ýörelgeleri adamlaryň arasynda öňe sürmekden ybarat bolup durýar.

Bu ýaryşa ýurdumuzuň dürli künjeklerinden dürli raýatlardan birnäçe täsirli teklipler gelip gowuşdy we olar iş ýüzünde ulanyldy. Olaryň arasyndan saýlanan we ýeňiji teklip hökümnde «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary saýlanyldy. Ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşuk Institutunuň diller kafedrasynyň mugallymy Kümüş Allabaýewa tarapyndan hödürlenildi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Aşgabat Olympiýa toplumy

Toplumyň infrastrukturasy häzirki Olimpiýa stadionynyň daş-töwereginde ýerleşýär we toplumyň ähli desgalaryna päsgelçiliksiz barmaga üpjün edýär.

Olimpiýa şäherjigine goňşuçylykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, ýagny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Döwlet serhet gullugy akademiýasy we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty ýerleşýär. Bu bolsa, geljekde toplumyň sport desgalaryny okuw-türgenleşik binýady hökmünde ulanmaga mümkinçilik berer.

Ýapyk sport desgalarynda oňaýly şertleriň döredilmegi we olaryň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi tutuş ýylyň dowamynda dürli derejedäki bäsleşikdir ýaryşlary geçirmäge we ýerli sport söýüjilerine türgenleşmäge mümkinçilik berer.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň türgenler şäherçesi Olimpiýa toplumyna ýakyn ýerde ýerleşýär, şeýle-de ýaryş geçirilýän we türgenleşik desgalary hem ýakyn ýerde ýerleşýär we 5500-den gowrak türgenleri, 1,750 topar wekillerini, 700-den gowrak resmi wekilleri, 1,170 tehniki wekilleri kabul eder.

Toplumda iki sany 5 ýyldyzly myhmanhanalar bar we Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň maşgalasynyň 800 agzasyny, köpçülikleýik habar beriş serişdeleri toparynyň 350 agzasyny we ýaýlyma beriş toparynyň 600 agzasyny kabul eder.

Meýletinçiler

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti 2014-nji ýylyň mart aýynda maýletinçileri saýlamak boýunça bäsleşik geçirdi, soňra şol meýletinçiler Soçi şäherinde geçirilen Gyşky Paralimpiýa oýunlarynyň dowamynda gurnalan halkara tälimçilik okuwyna gatnaşdylar.

Tälimçilik okuwynyň esasy maksady birnäçe milletleriň, dinleriň, wekilleriniň parahatçylykly ýaşaşmaklaryny öňe sürmekden ybarat boldy. Tälimçilik okuwy 2007 – nji ýylyň «Parahatçylygy goldaýan nesiller» (Generation for Peace) atly gurama Onuň aly Hezreti Şazada Faýsal Jordan Al-Hussein tarapyndan düýbi tutuldy. Bu çäre däp bolşy ýaly, sportuň üsti bilen parahatçylygy öňe sürmek maksady bilen, birnäçe ýurtalary özüne çekýär.

Tälimçilik okuwyny geçen türkmen meýletinçileriň ýorite okuw, ýetip bolmajak tejribe we geljekde kömek edip biljek bilim we ukyp gazandylar. Oýunlarda hyzmat etjek ilkinji topar 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýerine ýetirji komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen tälimçilik okuwynda gurnaldy.

Türkmen meýletinçileriniň topary 2015-nji ýylyň iýun aýynda Bakuda geçirlen ilkinji Ýewropa oýunlaryna iberildi. Ol ýerde meýletinçiler dürli ýaryş geçirlen sport desgalarynda, türgenler şäherçesinde we doping barlagy bölüminde işlediler. Häzirki wagtda meýletinçiler merkezi Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde gurnaldy we üstünlikli iş alyp barýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýletinçileri ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolup, olar esasan 18 -22 ýaş aralygynda bolar, ýöne birnäçe kadadan çykma bolar. Şolaryň arasynda ýaşlar maksatnamasy (16-18 ýaş aralygy) ol hem Türkmenistanyň Milli Federesiýalary tarapyndan amala aşyrylar.

Oýunlar Akademiýasy

Türkmenistanda ilkinji halkara köp ugurly sport çäresiniň geçiriýändigi mynasybetli Ýerine ýetiriji komitet Aşgabat – 2017-niň oýunlary üçin täze işgärleri işe kabul edýär.

Aşgabat – 2017-niň Oýunlar Akademiýasy - bu türkmen raýatlaryny işe almagy we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Ýerine ýeitiriji komitetiň işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny we Oýunlar baradaky bilimlerini artdyrar.

Oýunlar Akademiýasy Oýunlara taýýarlyk görmek işlerini amala aşyrmak üçin, 400 adamy işe alar. Olar halkara hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda işlär we uly göwrümli çäreleri gurnamaga degişli meýilnamalary amala aşyrmak işlerinde tejribe alarlar.

Synag ýaryşlary

2016-njy ýylyň maý aýynda Guramaçylyk komiteti Milli Olimpiýa komitetiniň 400-den gowrak gatnaşyjylary üçin Sambo boýunça Aziýa çempionadyny geçirdi. Bu ýaryşa gatnaşan ýurtlaryň arasynda Türkemenistanyň sambo boýunça ýygyndy topary birinji ýere mynasyp boldy, Özbegistanyň ýygyndy topary ikinji ýere, Gazagystanyň ýygyndy topary üçünji ýere mynasyp boldy. 3x3 Basketbal synag ýaryşy 2016-njy ýylyň 5-6 –njy noýabry aralygynda geçirildi we Jiu-jitsu synag ýaryşy bolsa 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 7-12 aralygynda geçirildi. Bu çäreleri geçirmek desgalary barlamaga kömek etdi we meýletinçileriň iş meýilnamasyny kämilleşdirmekde we tälimçilik etmekde wajyp tapgyr boldy.

Atly ýöriş

2016 – njy ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 500 günüň galanyny belledi. Bu çäre däp-dessurly dabaralar bilen Gadymy Nusaý ýadigärlikler toplumyndan başlady we ol bütin ýurt boýunça - aý 5 welaýatyň her birinde 100 gün geçirer.

Salgylanmak üçin internet sahypasy www.Ashgabat2017.com

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüz tutmak üçin Media@Ashgabat2017.com