(2019-nСоV) täze görnüşli koronowirus keseliniň ýaýramagyna ýol bermezlik boýunça öňüni alyş (prewentiw) çäreleri geçirmek
maksady bilen, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça ýerine
ýetirilýän gatnawlary 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 1-den ýatyrýandygy hakynda habar berýär.
Hytaý Halk Respublikasynda koronowirus keselinden ýogalanlaryň sany 170 adama ýetdi, kesellänleriň sany bolsa – 7 müň adama.
Fransiýa, Finlýandiýa, Tailand, Malaýziýa döwletlerinde, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda koronowirus keseli bilen kesellän adamlaryň
bardygy tassyklandy.
Fransiýa, Finlýandiýa, Tailand, Malaýziýa döwletlerinde, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda koronowirus keseliniň ýüze çykandygy tassyklandy.
Keseliň ilkinji alamatlary: ýokary derejeli temperatura, bogazagyry, üsgülewük, demgysma, içgeçme. Keselden goranmagyň iň gowy
usuly – adaty arassaçylyk serişdeleri.
Size ýetirilen oňaýsyzlyklar üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ötünç soraýar, emma ýolagçylarymyzyň
we ekipaž agzalarymyzyň howpsuzlygy – esasy ileri tutulýan ugurlarymyzyň biri bolup durýar.
Gatnawlarymyzyň dikeldilmegi hakynda öňünden habar beriler.