Täze PROMO nyrhy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin Promo nyrhyny wagtlaýyn ýola goýýar we ýolagçylaryň goşlaryny daşamak boýunça täze konsepsiýasyny hödürleýär!

        «Türkmenistan» awiakompaniýasy nyrhlaryny täzelemek bilen, uçuşlaryň başlangyç tapgyrynda ekonom klasynyň täze Promo «A» nyrhyny daşary ýurtda diňe Türkmenistanyň raýatlary üçin 90% arzanladyş awiabiledini satuwlarda hödürleýär.

 

Awiabilediň bahasy ugruna baglydyr, şeýle hem oňa üýtgeşme girizilip bilner:

 

Almaty – Türkmenistan

- 110 USD

Dubaý – Türkmenistan

- 143 USD

Abu Dabi – Türkmenistan

- 144 USD

Stambul – Türkmenistan

- 157 USD

Ankara – Türkmenistan

- 151 USD

Deli – Türkmenistan

- 152 USD

Amritsar – Türkmenistan

- 179 USD

Moskwa – Türkmenistan

- 150 USD

Sankt-Peterburg – Türkmenistan

- 165 USD

Kazan – Türkmenistan

- 135 USD

Minsk – Türkmenistan

- 148 USD

Pekin – Türkmenistan

- 158 USD

Bangkok – Türkmenistan

- 160 USD

London – Türkmenistan

- 277 USD

Birmingem – Türkmenistan

- 271 USD

Frankfurt – Türkmenistan

- 257 USD

 

          Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan Agram konsepsiýasyndan (Weight Concept) Bölekleýin konsepsiýasyna (Piece Concept) wagtlaýyn geçer, bu bolsa klasyna degişli  bellenen iň ýokary agramy bilen goşmaça ýene 1 (bir) sanydan ybarat bolan bagažy (ýa-da sumka/torba we ş.m.) kesgitlenen tölegi bilen alyp bilersiňiz, ýagny mugt bagaž ekonom klasy üçin 25 kg, biznes klasy üçin 40 kg, şol sanda el goşlary bilen. Klasyna laýyk kesgitlenen bagažyndan daşary galan goşlaryny, ýagny 1 (bir) sany goşuny(çemodan, sumka) 32 kilograma çenli belli bir kesgitlenen bahada 50 ABŞ dollaryndan 60 ABŞ dollaryna çenli tölener.

 

Almaty / Dubaý / Abu-Dabi – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 50 ABŞ dollary;

Stambul / Ankara / Deli / Amritsar / Moskwa / Sankt-Peterburg / Kazan / Minsk / Pekin / Bangkok / London / Birmingem / Frankfurt – Türkmenistan kesgitlenen mugt bagaždan daşary ýene 32 kg çenli 1 (bir) goş bölegi üçin 60 ABŞ dollaryndan ybaratdyr.

0