Işgärleriň okuw merkezi

Işgärleriň okuw merkezi

Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň düzümine Raýat awiasiýasynyň okuw merkezi hem girýär. Ol özüne awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebi hem-de trenažýor – simulýatorlar binasyny birleşdirýär.

Merkez howa menziliniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär we oňa barýan aýratyn ýol bardyr.

Raýat awiýasiýa mekdebi talyplaryň bir wagtda 600-siniň dürli ugurlar – uçuş we kabina ekipažy, ýerüsti hyzmat, howa menziliniň işgärleri ugurlary we beýlekiler boýunça okamagy üçin guruldy.

Mekdepde doly enjamlaşdyrylan okuw zallarynyň 36-sy bar. Umumy ýaşaýyş jaýy okuw döwründe 150 adamyň ýerleşmegi üçin niýetlenendir.

Okuw merkeziniň trenažýor toplumy aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol özüneşu aşakdakylary birleşdirýär:

  • – iki sany doly B737 awiasimulýatory (şol sanda goşmaça otaglary);
  • – CEET heläkçilik trenažýory (heläkçilikli ýagdaýda salondan çykarmak trenažýory). Onuň howuzy hem bar;
  • – B777, B757 hem-de B737 howa gämileriniň goýberiş ternawynyň maketi;
  • – gapy maketleri;
  • – Diamond uçarlar simulýatory;
  • – uçuş taýýarlygynyň enjamy;
  • – hyzmat edýän ekipažy okatmak üçin B777 uçarynyň salonynyň maketi;
  • – hyzmat edýän ekipažy okatmak üçin B737 uçarynyň salonynyň maketi;
  • – uçuşyň simulýasiýa zolagy;
  • – dikuçar simulýator zolagy.

Jemgyýetiň çalt kompýuterleşdirilmegi, çylşyrymly tehnikalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, tutuş ulgam – trenažýor tehnologiýasy peýda boldy.

«Türkmenhowaýollary» gullugynyň trenažýor okuw merkezi modelirlemegiň we simulýasiýanyň ýokary tehnologiýaly ulgamyndan, kompýuter programmalaryndan we fiziki modellerden, her bir awiatoryň ýokary hilli hem çalt çözgütleri kabul etmegi üçin olary ýörite taýýarlamak babatda döredilýän ýörite usullardan ybaratdyr.

Häzirki zaman trenažýorlarynyň hem-de taýýarlaýyş we okuw maksatnamalarynyň esasyna amaly bilimleri ösdürmek hem-de usulyýet tarapyndan taýýarlyk ýörelgeleri goýulýar.Wertual ýagdaýy ulgamynyň okgunly ösmegi şeýle çemeleşmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek mümkin boldy. Bu tehnologiýalaryň binýadynda dürli uçuş ýagdaýlaryny gaýtalamaga mümkinçilik berýän köpsanly trenažýorlar işlenip taýýarlanyldy.

Olaryň biri-de B737NG uçarynyň doly pilotažly trenažýorydyr. Bu trenažýor howa gämisiniň uçuşyny hakykata örän ýakyn ýagdaýda meňzedýär hem-de uçuşyň ähli tapgyrlarynda «Boeing» 737NG uçaryny dolandyrmagyň tärlerini işläp geçmäge, şeýle hem adaty, çylşyrymly we heläkçilik ýagdaýlarynda ekipažyň hereketleriniň tehnologiýasyny özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu trenažýor awiasiýa trenažýor gurluşyk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylygynyň biri bolup durýan Kanadanyň «CAE» firmasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Bu ulgamda köp ýyllardan bäri işleýän kompaniýa 1947-nji ýylda esaslandyryldy. Ol özüniň ilkinji trenažýoryny 1950-nji ýylda çykardy.

Döwrebap trenažýorlar – bu ýokary tehnologiýaly enjamdyr. Ol diňe bir uçaryň kabinasyny janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, gurşap alanmýagdaýyň anyk kompýuter simulýasiýasyny döredýär.

Trenažýoryň uçarmanlar kabinasynyň interýeri içki geometriki möçberi, düzümi hem-de enjamyň ýerleşişi boýunça uçaryň kabinasynyň interýerine 1:1 möçberde gabat gelýär.

Trenažýorlar daşky howa şertlerini – temperaturany, basyşy, ýeliň ugruny we tizligini, turbulentliligi, ýeliň herketini,bulutlylygy, ýagyny, görnüşiň uzaklygyny, uçuş-gonuş zolagynyň ýagdaýyny gaýtalaýarlar.

Trenažýorlaryň aerodinamiki nusgalary uçuş mahalynda ýangyjyň sarp edilişini, howa şertlerini, hereketlendirijiniň (hereketlendirijileriň) iş ýagdaýyny, ýeriň üstüniň ýakynlygyny(ekran effekti) nazara almak bilen uçaryň agramynyň täsirini şöhlelendirýärler.

Dolandyryş ulgamy uçary dolandyrmagyň üç kanaly boýunça şöhlelendirýär (ugur ruly, belentlik ruly, eleronlar). Şu ugurlar boýunça uçuşyň ýagdaýyna baglylykda dolandyryş ulgamyna düşýän basyş görkezilýär.

Trenažýorlaryň kabinasynda ornaşdyrylan awiatäzelik düzümi hem-de ýerine ýetirýän wezipesi boýunça abzal enjamynyň integrirlenen toplumyna laýyk gelýär.

Wizual ýagdaýyň imitatory anyk ýagdaýda hereket edýär we ekipaža uçarmanlaryň kabinasyndan görünýän giňişligini, şol sanda dürli howa şertlerinde we gije-gündiziň dürli wagtynda ýeriň relýefini, ýerüsti, howa, hereket edýän we hereket etmeýän desgalary ekipaža hakykata has golaý ýagdaýda görkezýär.

Trenažýorlar hereketlendirijileriň, perreleriň akustiki sesini, tekerleriň ýygnalyşyny we çykarylyşyny, howa gämisiniň uçýan ýa-da gonýan pursatynda uçuş-gonuş zolagy boýunça tekerleriň sesini gaýtalaýar.

Şeýle trenažýorlar uçarmanlarda ünsi paýlamak we başga ýere sowmak endiklerini, uçuşlara taýýarlyk görülýän we uçuşlar ýerine ýetirilýän mahalynda dolandyryş enjamlary we abzallary bilen işlemegiň sensomotor endiklerini, nawigasion wezipeleri çözmek endiklerini kemala getirmäge, şeýle hem ekipažda tehnologiýany özleşdirmäge, radiogatnaşygy alyp barmaga, Check-liste laýyklykda uçuşyň dürli tapgyrlarynda amallary ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Biziň sebitimizde şeýle trenažýorlaryň ýokdugy sebäpli, Türkmenistanyň awiakärhanalaryna özüniň trenažýor okuw merkezini ulanmak babatdan beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalaryna hyzmatlary teklip etmek baradaky meselä garamak bolar.

«CAE Inc.» kompaniýasynyň bütin dünýä boýunça 50-ä golaý okuw merkezi bardyr we ol özüniň iberýän trenažýorlaryna hyzmat etmegi hem-de tehniki taýdan goldaw bermegiteklip edýär. Hususan-da, «CAE Inc.» «Türkmenhowaýollary» gullugynyň okuw ulgamynda ornaşdyrylan ähli trenažýorlar bilelikde tehniki taýdanhyzmat etmäge taýýardygynybeýan etdi.

Bu ýerde bar bolan beýlekisimulýasion ulgamlaryň sanawyndaDA-40, DA-42 uçarlarynyňutgaşdyrylan okuw trenažýorynybellemek bolar. Oluçýan enjamlaryň şeýle görnüşini öndürýän Awstriýanyň «Diamond Aircrafts» kompaniýasy tarapyndan getirildi we ornaşdyryldy. Bu kompaniýa uçarlary çykarmakdan başga-da, işläp başlan döwrüniň dowamynda özüniň uçarmanlar mekdebini hem-de howa menzilini döretdi. Bu trenažýor örän kämil hasaplanylýar, onda kompýuter we wizual ulgamlaryň tehnologiýasy çylşyrymly maksatnama üpjünçiligi bilen utgaşýar.

Instruktoryň iş orny sensor displeýi bilen üpjün edildi. Munuň özi instruktora türgenleşik uçuşyny dolandyryş prosesine gözegçilik hem-de ýolbaşçylyk etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman wizual ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, simulýatoryň şeýle trenažýorlaryň arasynda deňi-taýy ýokdur.

Abzallaryň çalşylýan paneli trenažýory bir hereketlendirijili DA-40 uçarynda hem, iki hereketlendirijili DA-42 uçarynda hem okatmak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Uçaryň kabinasy dolulygyna özboluşly abzallardan ybaratdyr.

Hyzmat etmekde ýeňilligi hem-de ulanmakda amatlylygy bu trenažýoryň geljekki uçarmanlary taýýarlamakda ähmiýetini has-da artdyrýar.

«Türkmenhowaýollary» gullugynyň awiasion okuw çözgütleriniň köpugurly toplumy şeýle hem özüne ýangyna garşy göreş okuwlaryny, ekipažyň adaty däl ýagdaýda gonuşdaky hereketleriň we suwda sag-aman galmagyň, uçaryň gapylaryny we traplaryny ulanmagyň tälimlerini birleşdirýär.

Mysal üçin, «Kidde» nemes kompanýiasynyň ýangyna garşy göreş trenažýory uçarmanlar we bortprowodnikler üçin uçaryň üstünde ýangyny söndürmek we ýolagçylynyň oturýan ýerinde, ýokarky şkaflaryň içinde, hajathana otagynda ýa-da uçaryň aşhanasynda ýangynyň döremegini imutirlemek boýunça türgenleşikleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Trenažýor propan gazyny ulanmak arkaly işlemek üçin gurnalandyr. Daşyna çykarylýan dolandyryş pulty operatora öz wagtynda amaly wezipeleri ýerine ýetirmäge, dörän ýangyna doly gözegçilik etmäge, emeli ugar tüssesini döretmäge, howa çalşyş we ýagtylyk ulgamlaryny işletmäge mümkinçilik berýär. Trenažýor iri awiakompaniýalaryň köpüsiniň okuw merkezlerinde üstünlikli ulanylýar we ýangyna garşy göreş türgenleşiklerini geçirmek üçin göz öňünde tutulan binalarda ulanmakda örän howpsuz bolup durýar.

«TFС» nemes kompaniýasynyň heläkçilik ewakuasiýasy boýunça trenažýory «Türkmenhowaýollary» gullugynda ulanylýan B737NG uçarlarynyň salonyny doly gaýtalaýar. Onuň mümkinçilikleri uçarmanlaryň hem-de ýolbeletleriň uçaryň heläkçilikde gury ýere ýa-da suwa gonanýagdaýynda uçardan çykmak boýunça bilelikdäki hereketlerini işläp geçmäge mümkinçilik berýär.

Trenažýoryň hereket we wizual ulgamy bar, ol uçuşy, gonuşy, näsazlyk ýagdaýynda aşaklamagy, tekerleri näsaz uçaryň gonuşyny, uçaryň uçuş-gonuş zolagynyň çäginden çykyp gitmegini hem-de turbulent şertlerinde uçuşy emele getrýär.

Trenažýorda goşmaça ulgamlar ornaşdyrylandyr. Olar diňleýjilere uçaryň salonynda ýangyny söndürmek, uçaryň esasy we heläkçilik çykalgalaryny ulanmak boýunça hereketleriniň üstünde işlemäge mümkinçilik berýär.

Howuzlar we ýel berlip çişirilýän sallar uçaryň suwa gonan ýagdaýynda ýolagçylary düşürmek boýunça türgenleşikler üçin niýetlenendir.

Türkmen howa ýollary GDA giňişliginde özüniň okuw merkezinde şeýle görnüşli trenažýory ornaşdyran ilkinji awiakompaniýa bolup durýar. Munuň özi ony ulanmak babatda beýleki awiakompaniýalara hyzmatlary teklip etmäge mümkinçilik berýär.

«TFС» nemes kompaniýasynyň gapy trenažýory «Türkmenhowaýollary» gullugynda ulanylýan B737/B777 uçarlarynda gapylary açmak boýunça ýolbeletleriň türgenleşigini geçmek üçin niýetlenendir. Trenažýory dolandyrmak instruktoryň pultyndan ýerine ýetrilýär we dürli ýagdaýlary – ýangyny, ýolagçy geýtinde duralgany, suwa gonmagy imitirlemäge mümkinçilik berýär.

Trenažýorlar içerki aragatnaşygy dolandyrmagyň, uçaryň salonynyň yşyklandyrylyşynyň pultlaryny ulanmagyň tärlerini ele almaga, howa gämisinde ornaşdyrylan heläkçilik traplaryny ulanmagyň we gözegçilik etmegiň kadalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, instruktoruçaryň gapylarynyň dürli näsazlyklary, mysal üçin, gapylaryň kynlyk bilen açylmagy, heläkçilik trapynyň ýel beriş we çykaryş ulgamynyň näsazlyklary bilen baglanyşykly wezipeleri öňde goýmak mümkinçiligine eýedir.

B737/B777 uçarlary üçin ýel berilýän «TFС» trenažýorlary uçardan çalt çykyp gitmek we ondan ýolagçylary çykarmak zerur bolan halatynda hereketleri işläp geçmek üçin niýetlenendir. Heläkçilik ýagdaýlarynda ýolagçylaryň hem-de ekipažyň ömrüni aman saklap galmak üçin wagtyň kesgitleýji şert bolup durýandygy sebäpli, türgenleşigiň bu görnüşine dünýäniň ähli awiakompaniýalarynda uly üns berilýär.

Ýene-de bir «TFС» trenažýory B737 uçarynyň salonyna meňzeşdir we bortprowodnikleriň okuwy, olaryň uçuşa taýýarlyk görmek, iýmiti kabul etmek, ýolagçylara hyzmat etmek, içerki aragatnaşygyň dolandyryş pultlaryny ulanmak, uçaryň gapylaryny açmak we ýapmak boýunça hereketlerini işläp geçmek üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, bortprowodnikleriň mekdebiň çäginden çykman, tejribe okuwyna girişmegi üçin mümkinçiligi bardyr.

Täze merkez «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işini kämilleşdirmek, ýokary hünärli hünärmenleri netijeli taýýarlamak, şeýle hem awiasiýa hünärmenleriniň ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilimleri we tälimleri ele almak üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder.