Ýolagçy howa menzili

Ýolagçy howa menzili

Ýolagçy howa menzili.

Ýerden aýagyny üzmäge hem-de asmana uçmaga taýýar bolup duran ägirt uly guşuň şekili alyslardan görünýär. Ol özüniň sazlaşykly keşbi, howada gaýypý örene meňzeýän aerodinamiki görnüşi bilen ünsüňi özüne çekýär. Türkmenistanyň baş howa menziliniň keşbi şeýledir.

Bu ýerde ähli zatlar syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar ýaly derejede gurnalypdyr. Bularyň ählisi hut şu adaty bolmadyk görnüşden başlanýar: ganatlaryny ýaýyp duran ägirt uly guş howa menziline gelýänleri garşy alýar. Ondan nazaryňy aýyrmak aňsat däldir we menzile ýakynlaşdygyňça, ol özüniň ägirtligi we nurana keşbi bilen haýran galdyrýar.

Täsin desganyň içinde hem syn etmäge zatlar köpdür: kökleri ýaýran jadyly agaçlara meňzeş sütünli, tolkun görnüşli beýik gümmezler, palmalar, güller, bezeg pannolary we beýleki gyzykly dizaýner çözgütleri ertekilerdäki ajaýyp bagy ýatladýar.

Ähli zatlar ýagty, ýumşakreňklerde bezelipdir, ýolagçylar üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, olaryň wagtyny göwnejaý geçirmeklerine aýratyn üns berlipdir. Bu ýerdäki ajaýyp görnüş bolsa ýadawlygyňy çykarýar we keýpiňi göterýär.

Türkmenistanda gözel künjekler we ajaýyp ýerler örän köpdür, ýurdumyzyň baş howa menzili olaryň arasyndamynasyp orun eýelemäge çalyşýar.

Öňki howa menzili ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak babatda islegleri kanagatlandyrýan bolsa, onda şeýleägirt uly howa menzili näme maksat bilen döredildi?

Gadym döwürlerden bäri Türkmenistany «Ýüpek ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Birmahallar Türkmenistanyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygywe Günortany söwda hem-demedeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Häzirki döwürde Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerinelaýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag ulgamynda öz kuwwatyndan has doly peýdalanmaga çalyşýar.

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmeýär – ol sebitiň möhüm ulag, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi hem-de oňyn başlangyçlary öňe sürýän we olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda netijeli çäreleri görýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda geçirýän syýasaty netijesinde bu meýiller yzygiderli amala aşyrylýar. Munuň üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, awtobanlar çekilýär, transmilli demir ýollar, menziller, Türkmenbaşy şäherinde täze deňiz porty gurulýar, döwrebap gämiler satyn alynýar, diňe bir ýurdumyzyň içindäki sebitleri däl, eýsem, goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýollar we awtomobil köprüleri gurulýar. Şunuň netijesinde Ýewraziýa yklymynyň esasy ulag ýollary – howa, deňiz, awtomobil we demir ýollar birleşýär.

Raýat awiasiýasy ulag hyzmatlaryny ösdürmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iň täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar hem-de tehniki işgärler taýýarlanylýar, bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we täzeleri gurulýar.Olaryň biri-de türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menzilidir.

Paýtagtymyzyň täze howa menzili özüniň täsinligi,adaty bolmadyk çeperçilik çözgüdi bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Onuň esasy ýolagçy terminaly ganatlaryny ýaýyp uçup barýan ak guşy ýatladýar. Binagärler – taslamany işläp taýýarlaýjylar bu desganyň taslamasyny düzenlerinde, taýýar çözgütleri gözlemediler we beýlekilere ökünjek bolmadylar, ýöne gyzykly pikirleriň awtorlaryndan köp zatlary öwrendiler.

Şeýlelikde, diňe ýerli şertleriň esasynda özümiziň täsin pikirimiz döredi. Türkmen awiasiýasynyň nyşany bolan Laçyn onuň keşbine öwrüldi. Laçynyň şekili türkmen uçarlarynyň her birini bezeýär.

Ynamlylyk, ygtybarlylyk we wepadarlyk

Laçyn – türkmen halkynyň garaýşynda diňe bir ýiti gözlüligi we okgunly uçuşy, onuň gözelligini we tebigat bilen sazlaşygyny däl, eýsem, ilkinji nobatda, ynamlylyk, ygtybarlylyk we wepadarlyk ýaly häsiýetleri alamatlandyrýar. Bu üç söz Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň şygary bolup hyzmat edip biler: munuň özi ýolagçylaryň tehnikalaryňygtybarlylygyna ynamlylygyny hem-de uçarmanlaryň öz işine wepalylygyny aňladýar.

Başgaça aýdylanda, laçynyň keşbinde tebigatyň we adamyň bitewilik pikiri jemlenendir. Ýöne, Gündogara mahsus bolan nyşanlara garamazdan, bu howa menzilinde esasy zat onuň daşky keşbi bilen däl-de, desganyň ýerine ýetirýän wezipesi hem-de howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr.

Elbetde, Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzili özüniň täsin bezegi hem-de iş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň işini üpjün etmegiň döwrebap hünär-innowasion ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Bu howaýy sözler däldir, eýsem, hakykaty beýan edýän ýagdaýdyr: hyzmat ulgamy babatda Aşgabadyň howa menzili özüniň görkezijileri boýunça dünýäde ykrar edilen öňdebaryjylar bilen mynasyp bäsleşmegi göz öňünde tutýar.

Aeronawigasiýa düzümini ösdürmäge hem-de ýolagçylara hyzmat ediş ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýerüsti kömekçi enjamlardan başlap, intellektual howa menzil toplumlaryna hem-de innowasion halkara hyzmatlaryna çenli ýokary netijeli we şahsy çözgütleri, «Türkmenhowaýollary» gullugynyň gatnawlaryna petekleriň internet arkaly satylmagynyň guralmagyny, T5 gatnawlarynda yzygiderli uçuşlary amala aşyrýan ýolagçylara ýeňillikleriň girizilmegini öz içine alýar.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işi häzirki döwüriň talaplaryna laýyklykda ýola goýuldy. Howa gämileriniň hereketini guramak we dolandyrmak, ýolagçylara hyzmat etmek, ýokary halkara ülňülerine laýyklykda el goşlaryny hem-de ýükleri işläp geçmek, hyzmatlaryň tutuş toplumyny guramak ulgamlarynda howpsuzlyk kadalarynyň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşme amala aşyrylýar.

Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda ýolagçylaryň 1600-sine hyzmat edmäge ukyplydyr. Ol islendik görnüşdäki we ýük göterijiligindäki uçarlary kabul edip biler, şunda halkara ül