Biznes-klass

Biznes-klass

Öz daşyny gurşap alýan zatlara talapkär hem-de syýahatynyň ähli tapgyrlarynda hyzmatyň iň ýokary derejesine garaşýan adamlar «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň biznes klasyny saýlap alýarlar.

Aeroportda

Biznes klasyň ýolagçylaryna aýratyn hyzmat edilmegi aeroportda başlanýar. Aeroport resmilikleriniň ýeňillikli geçirilmeginiň üpjün edilmegi üçin, «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň gatnaw ulgamynyň aeroportlarynyň köpüsinde biznes klasyň ýolagçylarynahasaba almagyň aýratyn nokatlary hyzmat edýär. Biznes klasyň ýolagçylary ekonom klasyň ýolagçylarynyň uçara mündürilmegi tamamlanandan soň uçara mündürilýärler. Uçar barýan aeroportyna gelenden soň, biznes klasyň ýolagçylary uçardan ilkinji nobatda düşürilýärler.

Bagaž

Biznes klas bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin, goşmaça töleg tölemezden, bagaž we el goşlaryny geçirmegiň ýokary normasy göz öňüne tutulandyr.

Bortda edilýän hyzmat

Uçaryň öňdäki böleginde, ekipažyň kabinasynyň edil yzynda ýerleşýän biznes klas salony, aralaryndaky aralyk adatça 89 sm. den az bolmadyk hem-de uçuşyň rahat we amatly geçmeginiň üpjün edilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän giň we oňaýly kürsüler bilen enjamlaşdyrylandyr. Kürsiniň arkasyny sazlaýan sazlaýjy ýolagçynyň dynç almaklygy üçin jaýlaşykly ornaşmagyna ýa-da wajyp meseleleri çözmek üçin ünsüni jemlemegine mümkinçilik berýär.Uçarlaryň käbir kysymlarynda kürsüler aýagyňy goýmak üçin münder hem-de sazlamak mümkinçiligi bolan ýörite kelle goýulýan bilen enjamlaşdyrylandyrlar. Biznes klasyň ýolagçylary üçin aýratyn hajathana otagy göz öňünde tutulandyr. Ýolagçylar uçarda oturdylanda, dykgatly uçarbeletler gyşky egin-eşikleriňizi we bort pledlerini biznes klas üçin niýetlenen garderobda ýerleşdirmeklige ýardam bererler.

Rahat ukyňyz we dynç almagyňyz üçin, aýratyn gaplananpledler we ýassyklar teklip edilýär. Biznes klasyň ýolagçylary üçin bort iýmitiniň menýusy ýylda 2 gezek (gyşda we ýazda) täzelenýär. Saýlamak mümkinçiligini üpjün etmek üçin, ýygy-ýygydan täzelenip duran her bir rasionda nygmatlaryň sazlaşygynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Biznes klasyň ýolagçylaryna sowadylan içgileriň, dürli sowuk naharlaryň, gyzgyn naharlaryň dürli görnüşleriteklip edilýär.