Ýük terminaly

Ýük terminaly

Howa ýollary arkaly ýük daşamak «Türkmenhowaýollary» gullugynyň işiniň esasy görnüşleriniň biridir. Türkmen paýtagtynyň howa menziliniň ýük terminalynyň onuň binýadynda sebitiň iri logistiki merkeziniň döredilmegi üçin ähli mümkinçilikleri bar.Terminal ýylda ýükleriň 200 müň tonnasyny işläp geçmäge ukyplydyr. Ol howa menziliniň çäginiň günbatar böleginde ýerleşýär we oňa barýan aýratyn ýol bar. Munuň özi ýük ulaglarynyň hem-de işgärleriň bina has çalt gelmegini üpjün edýär.Ýük terminalynyň umumy

meýdany 17 müň 174 inedördül metre barabardyr. Onuň çäginde howa gämileri üçin baş duralgaly ýük perrony, eksport hem-de import zolaklary, sowadyjy jaýlaryňikisi, dürli görnüşli ýükleri sakla- mak üçin niýetlenen ammarlar ýerleşýär. Bu ýerde şeyle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» döwlet kompaniýasynyň poçta paýlaýjy merkezi göz öňünde tutuldy. Poçta merkezi özüne ýükleri işläp geçmek we saýlamak zallaryny, hyzmat ediş we beýleki tehniki otaglary birleşdirýär.Bu yerde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň poçtawe ýük gatnawlaryny guramak gulluklary üçin iş otaglary, Türkmenistanyň

Döwlet gümrük gullugynyň gümrük posty hem-de Weterinariýa gullugy üçin otaglar ýerleşýär. Ýük awiagatnawlarynyň ýerüsti hyzmatyny döwrebaplaşdyrmak milli raýat awiasiýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu wezipäni çözmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürligi kämilleşdirmäge gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi ornaşdyryldy. Mysal üçin, ETV-toplumy özüne ýük ýüklenýän we düşürilýän beketlerde hem-de howa gämileriniň duralgasynyňgolaýyndaky çägiň ýanaşyk ýerlerinde elektron ulag platformalaryny birleşdirýär. Ýükleriň importy boýunça amallar ýerine ýetirilende, howa menziline gelen uçar ýük terminalynyň uçar duralgasynda saklanýar. Ýük düşüriş işleri paletleriň hem-de konteýnerleriň

daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikasynyň kömegi bilen amala aşyrylyar. Howa gämisinden düşürilen ýükler ýük terminalyna ugradylýar.Operator gelen ýükleriň ştrih kodlaryny okaýar we bu maglumatlar elektron merkeze ugradylýar. Soňra ýükler paletde ýük terminalynyň içine daşalýar we olaryň aýratynlygyna laýyklykda saklaýyş zolagynda paýlanylýar. Gerek bolan ýük operator tarapyndan awtomatiki usulda çagyrylýar: ETV ulgamy anyk ýüküň saklanyljak ýerini kesgitleýär we ony ýük ýükleýiş we düşüriş bekediniň derwezesine eltýär. Ýük terminalynyň import bölüminde 4 sany ýük ýükleýiş

we düşüriş bekedi göz öňünde tutulandyr. Eksport bölüminde rentgen-telewizion enjamynda gözden geçirilen ýükler şahaly ýük ýükleyjileriň ýa-da platformalaryň kömegi bilen ýük ýükleýiş we düşüriş bekedine eltilýär. Operator konweýeriň kömegi bilen paletde ýerleşdirilen ýüki ETV ulgamyna ugradýar. Şol bölümde hem ýük ýükleýiş we düşüriş beketleriniň 4-si bar. ETV ulgamyna gelip gowşan ýükler uçuşlaryň tertibine laýyklykda howa gämileriniň duralgasyna çykarylýar. Ugradylýan ýükler operator tarapyndan ýük arabajyklaryna ýüklenilýär, olaryň kody okalýar we olar ulgamdaky sanawdan aýrylýar.

Ulaldylan ýük birligi (ULD) üçin ýük saklamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy göz öňünde tutuldy. Kargo toplumyna çalt zaýalanýan ýükler, gymmatly zatlar, neşe serişdeli ýükler, radioaktiw ýükler, oba hojalyk önümleri, janly ýükler (haýwanlar) we beýlekiler üçin ýörite ammar girýär.Tehnologiki prosesiň,dürli ýükleri işlemegiň we saklamagyň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi halkara ülňülerine we talaplaryna laýyklygy üpjün edýär.Şeýlelikde, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menziliniň Kargo terminaly diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde iň iri we ýokary tehnologiýaly awiaýük merkezleriniň biri bolup durýar.Türkmen awiokompaniýalarynyň üstaşyr we täsin ýükleriň daşalmagynyň dünýä bazaryna gatnaşmagynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň hasabyna ýük daşamagyň kuwwaty ep-esli artýar. Türkmen ykdysadyýetiniň innowasion ösüş ýoluna geçmegi hem howa ýollary arkaly ýük daşamaga bolan islegleriň artmagyna ýardam edýär.