Awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň gözükdirmesi

             

             

             

               

Awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň gözükdirmesi

                                               
                 

Awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň gözükmesi.

                 

Uçuş gününi ýä-da hyzmat klasyny üýtgetmek üçin, aragatnaşyk merkeziniň +99 312 391893 telefon belgisi arkaly operatora baglanmagyňyz ýa-da info@turkmenistanairlines.tm elektron salgysy arkaly kompaniýa habar bermegiňiz ýeterlikdir. Diňe www.turkmenistanairlines.tm internet saýtynda satyn alnan awiabiletler internet arkaly üýtgedilip bilner.

                 

Uçuşyň senesiniň internet arkaly üýtgetmek hyzmaty, ýolagça awiakompaniýanyň satyş nokatlaryna gelmezden, awiabilete zerur bolan üýtgeşmeleri internet arkaly girizmeklige we nyrhlaryň düzgünleri bilen göz öňünde tutulan ýygymy bank kartasy arkaly internetden tölemeklige mümkinçilik berýär.

                 

Awiabiletleriňizi internet arkaly üýtgetmegiňiz üçin Siziň elektron poçtaňyza hasapnama iberilýär. Bu hasapnama töleg ulgamynyň goragly sahypasyna salgylanmany öz içine alýar we bu sahypada Siz öz bank kartaňyz arkaly howpsuz töleg geçirip bilersiňiz.

                 

Hasapnama diňe şu aşakdaky talaplaryň berjaý edilen ýagdaýynda çykarylyp bilner:

                 
  •                    
  • hasapnamanyň çykarylmagy üçin zerur bolan maglumatlaryň alnan pursatyndan täze awiabilet boýunça hakykatda uçmaly wagta çenli bolan wagt aralygy 72 sagatdan az bolmaly däldir;
  •                    
  • görkezilen gatnawa(lara) boş ýerleriň bolmagy.
  •                  
                 

Hasapnamanyň çykarylmagy üçin “Internet arkaly satyn alynan awiabiletiň üýtgedilmegi üçin arzany” doldurmagyňyz zerurdyr. Arza info@turkmenistanairlines.tm e-mail salgysyna ýa-da +99 312 391893 faks belgisine ýollanmalydyr.

                 

ÜNS BERIŇ!

                 
  •                    
  • Hünärmeniň iş wagty – her gün sagat 9:00-dan 22:00-a çenli (töleg hasapnamasy her gün sagat 9:00-dan 22:00-a çenli çykarylýar) Тürkmenistan wagty bilen, Grinwiç wagty bilen ara-tapawyt + 5 sagat.
  •                    
  • Hasapnama alnandan soň ilkibaşdaky bronlama ýatyrylýar we täzesi döredilýär. Bronlamanyň ýatyrylmagy ýerleriň alynmagyny we ilkibaşdaky senede(lerde) uçmaklygyň mümkin dälligini aňladýar. Hasapnamanyň tölenmedik ýagdaýynda, ilkibaşdaky bron DIŇE tölegli esasda, boş ýerleriň bar bolan ýagdaýynda dikeldilip bilner.
  •                    
  • Töleg hasapnamada görkezilen möhletden (“Çenli tölemeli” meýdançasy) giç galman GEÇIRILMELIDIR. Tölegiň gijä galdyrylan ýagdaýynda, Arzanyň gaýtadan doldurylmagy we düzeldilen pul möçberi bilen täze hasapnamanyň resmileşdirilmegi talap edilýär.
  •                    
  • Bank kartalary arkaly geçirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, awiabileti täzeden resmileşdirmek hyzmaty üçin ulanan bank kartaňyzyň birinji 4 sifrini we soňky 4 sifrini görüp bolýan ýüz tarapynyň skanirlenen nusgasyny hem-de kartanyň eýesiniň pasportyny skanirlenen nusgasyny «Türkmenistan «awiakompaniýasynyň» AGPJ-nyň işgäriniň talap etmegi boýunça ibermeklige taýýar bolmagyňyzy Sizden haýyş edýäris. Talap edilen resminamalary ýollamakdan ýüz öwrülen ýa-da mümkin bolmadyk ýagdaýynda, Awiakompaniýa bu hyzmaty bermekden ýüz öwürmek hukugyny özünde galdyrýar.
  •                    
  • Töleg geçirilenden soň, töleg geçirendigiňiz hakynda info@turkmenistanairlines.tm e-mail salgysy ýa-da +99 312 391893 faks belgisi arkaly hünärmenlere habar beriň.
  •