Halkara gatnawlaryň düzgünleri

 

Halkara gatnawlaryň düzgünleri

KESGITLEMELER

 

Şu Kadalarda görkezilen adalgalar we olaryň kesgitlemeleri aşakdakylary aňladýar:

Agent – daşaýjynyň adyndan ýa-da beýleki şahs ýa-da edaranyň adyndan hereket etmäge ygtyýarly edilen şahs ýa-da edara.

 Goşlar (PIR - Property Irregularity Report), ýükler (CIR - Cargo Irregularity Rерогt) daşalanda näsazlyklar hakynda delilnama – daşamak işleri bir ýa-da birnäçe daşaýjylaryň howa gämilerinde amala aşyrylan, goşlara (ýüke) ýetirilen zyýan ýüze çykarylan dessine ýolagçynyň (alyjynyň) gatnaşmagynda daşaýjy tarapyndan resmileşdiren resminama.

Bellenilen howa menzili (nokat) – halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda ýolagçy, goşlar ýa-da ýükler eltilmeli howa menzili (nokady).

 Durjak howa menzili (nokat) -  aralyk howa menzili (nokady) onda ýolagçy halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda uçuşy wagtlaýyn togtadýar.

 Ugradýan howa menzili – howa menzili (nkat) bolup, ondan   halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda ýolagçyny, goşlary ýa-da ýüki daşamak başlanýar. 

Transfer howa menzili  (nokady)   - awiabiletde ýa-da ýük ýanhatynda görkezilen howa menzili (nokady), onda halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda  ýolagçy başga ulaga geçýär ýa-da ýükler daşamagyň ýol ugry boýunça mundan beýläk hereket etmek üçin bir gatnawdan beýlekisine geçirmek amala aşyrylýar.

Goşlar – ýolagçynyň daşaýjy bilen ylalaşyk boýunça howa gämisinde daşalýan şahsy zatlary. “Goş” adalgasy diýlip hasaba alnan we hasaba alynmadyk goşlara düşünilýär.

 Hasaba alnan goşlar – daşaýjy tarapyndan aýawly saklanmagy üçin jogapkärçiligi astynda kabul edilen we goş üçin töleg hatyny we goş birkasyny beren ýolagçynyň goşlary.

 Goş birkasy – diňe hasaba alnan goşlary anyklamak üçin daşaýjy tarapyndan berilýän resminama.

Hasaba alynmadyk goşlar – ýolagçynyň daşaýjynyň razylygy bilen howa gämisiniň salonynda daşalýan wagty ýerleşýän we “Salona” birkasy üçin tassyklanylýan goşlary.

 Ýany bilen äkidilmeýän goşlar – ýolagçydan aýratynlykda daşamak üçin kabul edilen hem-de ýük hökmünde ýük ýanhatynda resmileşdirilen goşlar.

Tölegli goşlar – goşlary tölegsiz daşamagyň daşaýjy tarapyndan bellenilen çäginden artyk bolan goşlaryň agram bölegi.

 Awiabilet (ýolagçy awiabileti we goş üçin töleg haty) – şertnamanyň baglaşylmagyny we ýolagçyny we onuň goşlaryny halkara howa ulaglarynda daşamagyň şertlerini tassyklaýan daşama resminamasy.

Öňünden bellemek – ýolagçylary gatnatmak üçin, şeýle hem goşlary we ýükleri daşamak üçin möçberiň we tonna agramyny howa gämisinde öňünden bölüp bermek.

Pul möçberini yzyna gaýtarmak – ozal ol tarapyndan tölenen, ýöne ulanylmadyk daşamagyň ýa-da hyzmat etmegiň bahasynyň bir bölegini ýa-da hemmesini ýolagça (ugradyja) ýa-da oňa wekilçilik edýän şahsa tölemek.

"Türkmenhowaýollary" gullugy –  Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň döwlet we hojalyk dolandyryş edarasy, ol öz üstüne ýüklenen wezipeleriň we tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň öňünde jogapkärçilik çekýär.

Ýük – ýük ýanhatyna laýyklykda howa gämisinde daşalýan ýa-da daşamaga kaýul edilen emläk.

 Ýük ýanhaty – şertnamanyň baglaşylmagyny we ýüki halkara howa gatnawlarynda daşamagyň şertlerini, şeýle hem ýüküň ugradyjydan daşaýjy tarapyndan kabul edilmeginiň şertlerini tassyklaýan daşama gatnawnama.

Ýük ugradyş  - daşaýjy tarapyndan bir ugradyjydan bir wagtda kabul edilen bir ýük ýanhaty bilen şol bir alyjynyň salgysyna bir ýük ýanhaty boýunça daşalýan ýüküň bir ýa-da birnäçe orny.

Ýük tapgyry  - bir ugradyjydan birnäçe ýük ýanhatlary boýunça bir ýa-da birnäçe alyjylaryň salgysyna daşamaga kabul edilen ýük.

 Üstaşyr geçirilýän ýük – ýük ýanhatyna laýyklykda aralyk nokada eltilen şol bir gatnaw bilen daşalmagy dowam etdirilýan ýük.

 Transfer ýüki – ýük ýanhatyna laýyklykda transfer nokadyna bir gatnaw bilen eltilýän, soňundan bolsa şol bir ýa-da başga daşaýjynyň beýleki gatnawy bilen daşalýan ýük.

Gymmatly ýük –hakyky bahasy bir kilogrammy üçin 300 ABŞ-nyň dollary we ondan köp bolan ýa-da teňňe, guýma ýa-da çäge görnüşde altyn, platina, kümüş, beýleki gymmat bahaly metallary, gymmat bahaly ýa-da ýarym gymmat bahaly daşlary, şol sanda senagat almazy, pul belgili ýa-da teňňe görnüşli walýutany, paýnamalary, obligasiýalary, kuponlary, tölenmedik poçta markalaryny we beýleki gymmatly kagyzlary, şeýle hem daşaýjy tarapyndan bellenilýän aýratyn şertlerde daşalýan zergärçilik önümleri  özünde saklaýan ýük.

 Günler doly senenama günleri, şol sanda dynç we resmi baýramçylyk günleri. Daşama resminamalarynyň, namalaryň we beýleki resminamalaryň hereket edýän möhletini kesgitlemek üçin, şeýle hem daşamagyň möhletlerini, şikaýat bildirilende talap bildirmek möhletlerini kesgitlemek üçin gün hasaby wakanyň bolup geçen ýa-da hereket amala aşyrylan günden soň gelýän gije-gündiziň 00 sagadyndan başlap alnyp barylýar, şol günüň sagat galyndysy bolsa hasaba alynmaýar. Eger ozal görkezilen haýsydyr-bir möhletleriň tamamlanmagy dynç ýa-da baýramçylyk gününe düşýän bolsa, möhletiň tamamlanmagy şondan soň gelýän gün bilen kesgitlenilýär.

 Howa gämilerini frahtlama (sargyt) şertnamasy  - bir tarap (beriji) beýleki tarapa (alyjy) bir ýa-da birnäçe howa gämisiniň tutuş sygymyny ýa-da sygymynyň bir bölegini bir ýa-da birnäçe gatnawa ýolagçylary, goşlary ýa-da ýükleri daşamak üçin tölegli bermäge borçlanýar ylalaşyk. 

Tölegli goşlatyň töleg haty – goşlaryň ýa-da daşalmagy üçin töleg hökmany suratda alynýan tölegsiz daşatmagyň bellenilen çäginden artyk daşalmagy üçin tölegi tassyklaýan, şeýle hem goşlary yglan edilen gymmaty üçin ýygymlaryň tölegini tassyklaýan resminama.

 Dürli ýygymlaryň rugsatnamasy (МСО - Miscellaneous Charges Огdег) – daşaýjy ýa-da onuň agenti tarapyndan ýolagça berlen töleg resminamasy, onda şol resminamada görkezilen şahsa awiabileti, tölegli goşlaryň töleg hatyny bermek ýa-da daşamak bilen baglanyşykly hyzmatlary  ýerine ýetirmek haýyş edilýär.

Ýolda durmak – ugradyş nokady bilen bellenilen nokadyň arasynda haýsydyr-bir nokatda ýolgçyny we onuň goşlaryny daşamakda ýolagçy bilen daşaýjynyň arasynda deslapdan ylalaşylan wagtlaýyn arakesme.

 Ugradyjy – ýük ugradyjy hökmünde ýük ýanhatynda görkezilen ýuridik ýa-da fiziki şahs. 

Ýolagçy – howa ulagynda daşamak şertnamasyna laýyklykda howa gämisinde daşalýan ýa-da daşalmaly silendik şahs, ekipažyň agzalary muňa girmeýär.

Ýolagçy kupony ("Ýolagçy üçin" kupon) – awiabiletiň ýolagçyny we onuň goşlaryny halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasynyň baglaşylmagyny tassyklaýan bölegi.

 Üstaşyr geçýän ýolagçy – halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda aralyk howa menziline gelen şol bir gatnaw bilen gatnadylýan ýolagçy.

 Transfer ýolagçy – halkara howa ulaglarynda daşamak şertnamasyna laýyklykda transfer nokadyna bir gatnaw bilen eltilýän, soňundan bolsa şol bir daşaýjynyň beýleki gatnawynda gatnadylýan ýolagçy.

Karzyna daşamak (CC-Charges Collect) – ýük alyja berlende bellenilen nokatda bellenilen nyrhy we degişli ýygymlary tölemek bilen ýükleri daşamak.

Halkara daşama –halkara howa gatnawlarynda daşama şertnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan daşama, onda ugradyş nokady we bellenilen nokady bir howa gämisinden başgasyna geçirmek ýa-da daşamakda arakesme bolandygyna ýa-da bolmandygyna garamazdan:

  1. Iki döwletiň çäklerinde;
  2. Beýleki döwletiň çaklerinde durma göz öňünde tutulan bolsa, şol bir döwletiň çäklerinde ýerleşýär.

Garyşyk daşama – ulagyň dürli görnüşlerinde daşaýjylar tarapyndan amala aşyrylýan ýolagçyny, goşlary ýa-da ýükleri daşamak.

Daşaýjy – «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ daşama resminamalaryny berýän hem-de şeýle resminamalara laýyklykda halkara howa gatnawlarynda daşamaga borçlanýan, şeýle hem şeýle daşama bilen baglanyşykly hyzmatlary ýerine ýetirýän ýa-da ýerine ýetirmäge borçlanýan  howa ulaglary kärhanasy (awiakärhana). 

Beriş ýazgysy – daşama ýa-da töleg resminamasyny beren daşaýjynyň ýa-da awiabiletiň degişli uçuş kuponynda, ýük ýanhatynda ýa-da daşamagyň başga daşaýjy tarapyndan ýerine ýetirilmegi ýa-da ilkibaşda berlen daşama ýa-da töleg resminamasyna alyşma üçin töleg resminamasynyň alşyk kuponynda görkezilen daşaýjynyň ýazmaça razylygy.  

 Uçuş kupony – ýolagça awiabiletde görkezilen nokatlaryň aralygynda daşama hukuk berýän awiabiletiň bir bölegi.

Alyjy – ýük alyjy hökmünde ýük ýanhatynda görkezilen ýuridik ýa-da fiziki şahs.

Şikaýatnama – halkara howa ulaglarynda daşamagyň netijesinde ýüze çykan zyýany (ýitgileri) öwezini dolmak barada dahylly şahsyň ýazmaça görnüşde düzülen talaby.

Yzygiderli gatnaw – howa gämisiniň bellenilen tetribe laýyklykda ýol ugry boýunça ýerine ýetirilýän gatnawy.

Goşmaça gatnaw – howa gämisiniň yzygiderli gatanwlar amala aşyrylýan şol bir ýol ugry boýunça tertibe goşmaça ýerine ýetirilýän gatnaw.

Sargyt gatnawy – howa gämisiniň frahtlama şertnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilýän gatnawy.

Ýygym – ýolagçy, goşlar we ýükler daşalanda daşaýjy ýa-da beýleki ygtyýarly edara tarapyndan alynýan, bellenilen tertipde tassyklanylan pul möçberi.

Nyrh – bellenilen tertipde tassyklanylan, bir ýolagçynyň daşalmagy ýa-da agram birliginiň ýa-da goşlaryň ýa bolmasa ýükleriň möçberiniň ugradyş nokadyna çenli belli bir ýol ugry boýunça bellenilen ýere çenli daşalmagy üçin daşaýjy tarapyndan alynýan pul möçberi.

 Sargyt – howa gämilerini frahtlama (çärter) şertnamasyna ser. 

Elektron ýolagçy awiabileti we goşlar üçin töleg haty – ýolagçylara hyzmat edilende, howa ulagynda daşamagy öňünden bellemekde, ýygymlar we tölegler alnanda hyzmat, töleg ýa-da ýygym baradaky maglumat elektron-sanly görnüşde berlen resminama. Ýolagçynyň elektron awiabiletiniň we goş üçin töleg hatynyňbelli bir gurluşy hem-de mazmuny bolýar hem-de ol ýol ugry/töleg hatyny (öňünden bellemegiň enjamlaşdyrylan ulgamyndan göçürmäni) özünde jemleýär. Ýol ugry/töleg haty berk hasabatlylyk blanky bolup durýar.

        

 

BÖLÜM I.

ÝOLAGÇYLARY, GOŞLARY WE ÝÜKLERI HALKARA HOWA GATNAWLARYNDA DAŞAMAGYŇ KADALARYNYŇ ULANYLYŞY

 

BÖLÜM 1. KADALARYŇ ULANYLYŞY

                                          UMUMY DÜZGÜNLER

Şu Kadalar «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň tarapyndan tölegli amala aşyrylýan ýolagçylary, goşlary we ýükleri islendik görnüşde daşamaga, şol sanda olara degişli hyzmatlary ýerine ýetirmäge degişli, eger şu Kadalara laýyklykda bu daşamalar halkara derejesinde amala aşyrylýan bolsa. 

         Şu Kadalar «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ daşamagyň kadalary bolup durýar, olar barada awiabiletde we ýük ýanhatynda bellik edilýär.

        

 

1.2. DÖWLET EDARALARY TARAPYNDAN KANUNLARYŇ WE TALAPLARYŇ BERJAÝ EDILIŞI

1.2.1. Halkara howa gatnawlarynyň şertnamasyndan gelip çykýan ähli hukuklar we borçlar şu resminamalar bilen düzgünleşdirilýär:

Türkmenistanda hereket edýän köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn halkara şertnamalarynyň düzgünleri;

Türkmenistanyň Howa kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalary;

1.2.2. Şu Düzgünlere laýyklykda ýerine ýetirilýän daşamalar çäklerine, çäklerinden ýa-da çäkleriniň üsti bilen şeýle daşamalary amala aşyrýan islendik ýurduň kanunlarynyň, döwlet edaralarynyň degişli, kararlarynyň, düzgünleriniň we görkezmeleriniň güýjüne tabyn bolýarlar.

 1.2.3. Awiabiletde, ýük ýanhatynda ýa-da şu kadalarda görkezilen haýsydyr-bir düzgünler degişli ýurduň döwlet edaralarynyň halkara howa daşama şertnamasynyň taraplarynyň ylalaşygy bilen üýtgedilip bilinmeýän kanunlaryna, kararlaryna, kadalaryna we görkezmelerine çapraz gelse, onda şeýle düzgünler güýjünde galýar we diňe görkezilen kanunlara, kararlara, kadalara we görkezmelere çapraz gelýän derejede daşama şertnamasynyň bir bölegi hasap edilýär.

 Şunda şu Kadalaryň haýsydyr bir düzgüniniň güýçli bolmazlygy üçünji şahslaryň hukuklaryna täsir etmeli däldir.

 

1.3. TÖLEGSIZ DAŞAMALAR

         «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň degişli şertnamalary, gözükdirijileri we nyrhlary ulanmagyň  kadalarynda gönümel göz öňünde tutulmadyk bolsa,  şu Kadalar ýolagçylary, goşlary we ýükleri tölegsiz, şol sanda gulluk maksatlary üçin daşamalar babatda ulanylýar.

 

1.4. SARGYT DAŞAMALARY

Şeýle şertnamada ýa-da sargyt daşamalarynyň ýörite kadalarynda bellenilmändigi sebäpli, şu Kadalar Daşaýjy tarapyndan ýa-da onuň adyndan frahtlaýjy tarapyndan howa gämilerini frahtlamak (sargyt) şertnamasyny ýerine ýetirmek üçin Daşaýjynyň sargyt gatnawlarynda ýerine ýetirilýän halkara daşamalarynda ulanylýar.

 Frahtlaýjynyň ýolagçylaryň, ugradyjylaryň we alyjylaryň öňündäki jogapkärçiligi şu Kadalarda tassyklanylýar.

         Ýolagçynyň sargyt gatnawy bilen gitmäge ýa-da ugradyjynyň ýüki sargyt gatnawynda ugratmaga razylygy, şol şertnamanyň gönümel ýolagçy, ugradyjy ýa-da başga şahs tarapyndan baglaşylandygyna garamazdan, daşamagyň şertlerine degişli howa gämilerini frahtlamak şertnamasynyň ähli şertlerine razylygy hökmünde garalýar.

 

 

 

 

                          1.5. KADALARYŇ ÜÝTGEMEGI

Şu Kadalar, gözükdirijiler we daşamagyň şertlerini, nyrhlary we ýygymlary düzgünleşdirýän beýleki resminamalar «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ tarapyndan duýdurmazdan üýtgedilip bilner.

 Şu Kadalaryň üýtgedilmegi, olara goşmaça girizilmegi ýa-da ýatyrylmagy diňe «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ- tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

 

  1.  DAŞAMA RESMINAMALARY

1.6.1   Daşama resminamalaryna awiabilet, goş üçin töleg haty, ýolagçynyň elektron awiabileti we goş üçin töleg haty, ýük ýanhaty, ýolagçylary, goşlary we ýükleri howa ulaglarynda daşamak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirilende ulanylýan we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar degişli.

1.6.2. Ýolagçylary, goşlary, ýükleri howa ulaglarynda daşamak şertnamasy degişlilikde awiabilet, goş töleg haty, ýolagçynyň elektron awiabileti we goş üçin töleg haty, ýük ýanhaty bilen tassyklanylýar.

1.6.3.  Awiabilet, goş üçin töleg haty, ýolagçylary howa ulaglarynda gatnatmak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirilende ulanylýan beýleki resminamalar elektron görnüşde (elektron gatnawnamasy) howa ulaglarynda daşamagy öňünden bellemegiň enjamlaşdyrylan ulgamynda howa ulaglarynda daşamak şertnamasynyň şertleri baradaky maglumaty ýerleşdirmek bilen resmileşdirilip bilner.

         Elektron daşama resminamasy ulanylanda ýolagçy talap etmäge hakly, daşaýjy ýa-da daşaýjy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda hereket edýän agent daşama şertnamasy baglaşylanda ýa-da ýolagçy hasaba alnanda howa daşamalarynyň öňünden bellemegiň enjamlaşdyrylan ulgamynda howa daşamalary hakynda degişli şertnamanyň şertlerine salgylanylýan ýol ugruny/töleg hatyny bermäge borçludyr.

 1.6.4. Awiabiletiň, goş üçin töleg hatynyň, elektron ýolagçy awiabiletiniň we goş üçin töleg hatynyň, ýük ýanhatynyň hem-de ýolagçylary, goşlary, ýükleri howa ulaglarynda daşamak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirilende ulanylýan beýleki resminamalaryň görnüşleri “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan bellenilýär.

 1.6.5. Kazyýetiň, prokuratura edaralarynyň, içeri işler edaralarynyň, salgyt edaralarynyň, gümrük edaralarynyň talap etmegi boýunça elektron daşama resminamasy baradaky maglumat ýol ugry/töleg haty (öňünden bellemegiň enjamlaşdyrylan ulgamyndan göçürme) görnüşinde daşaýjy ýa-da daşaýjy bilen  baglaşylan şertnamanyň esasynda agent tarapyndan berilýär.

1.6.6.  Ýolagçylary howa ulagynda daşamagy hasaba almak üçin daşaýjy ýa-da daşaýjy bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda hereket edýän agent tarapyndan howa ulaglarynda daşamakda öňünden bellemegiň enjamlaşdyrylan ulgamynda bar bolan maglumatlaryň esasynda daşama resminamalarynyň sanawy ýöredilýär.

1.6.7.  Daşama resminamalarynyň sanawy elektron we kagyz göterijisinde ýöredilýär hem-de ugradylýan nokatlary we bellenilen nokatlary hem-de beýleki zerur maglumatlary görkezmek bilen ýolagçylary, goşlary, ýükleri howa ulaglarynda daşamak üçin töleg baradaky maglumatlary öz içinde saklamaly.

 

BAP II.

ÝOLAGÇYLARY WE GOŞLARY HALKARA HOWA ULAGLARYNDA DAŞAMAGYŇ KADALARY

 

2-nji bölüm. AWIABILET

 

2.1. UMUMY DÜZGÜNLER

2.1.1. Awiabilet şertnamanyň baglaşylmagyny we ýolagçyny halkara howa ulagynda gatnatmagyň şertlerini tassyklaýan resminama bolup durýar. Şertnamanyň awiabiletde görkezilen şertleri şu Kadalaryň düzgünleriniň gysgaça beýanyny düzýär.

 2.1.2.  Ýolagçy diňe özünde talaba laýyk resmileşdirilen we daşaýjy, Daşaýjynyň agenti ýa-da daşary ýurt daşaýjysy tarapyndan berlen hakyky awiabiletiň barlygynda gatnadylmaga goýberilýär, onuň awiabileti Turkmenistan Airlines ýollarynda ýolagçyny we onuň goşlaryny daşamak üçin güýçli diýlip ykrar edilýär.

         Eger ýolagçynyň görkezen awiabileti Daşaýjydan ýa-da Daşaýjynyň agentinden başga şahs tarapyndan girizilen üýtgetmeleri ýa-da düzedişleri öz içine alýan bolsa gatnadylmaga goýberilmeýär.

 2.1.3. Awiabilet diňe degişli nyrh nagt pul bilen tölenenden soň berilýär. Awiabiletiň nagt däl hasaplaşykda ýa-da tölegsiz berilmegi diňe «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ tarapyndan bellenilen ähli düzgünleriň we gözükdirijileriň talaplary ýerine ýetirilenden soň amala aşyrylyp bilner.

2.1.4. «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň daşaýjylarynyň ady awiabiletde gysgaldylan görnüşde görkezilip bilner.

 

2.2. AWIABILETIŇ HAKYKYLYGY 

2.2.1. Awiabilet ýolagçyny we onuň goşlaryny ugradyş nokadyndan bellenilen nokada çenli daşamak üçin ondaky görkezilen ýol ugry ýa-da hyzmat ediş derejesi boýunça hakyky bolýar. Her uçuş kupony diňe onda görkezilen ýol ugry, hyzmat etmegiň derejesi, orny öňünden bellenilen senesi we gatnawy boýunça hakyky bolýar.

   Eger awiabilet öňünden bellenilmegi barada belliksiz (uçuşyň açyk senesi bilen) berlen bolsa, onda orun ýolagçynyň islegine görä, soralýan gatnawda boş orunlaryň barlygynda öňünden bellenilýär.

         Awiabiletdäki orun we onuň berlen senesi onuň ähli uçuş kuponlarynda görkezilmeli.

         2.2.2. Adaty nyrh boýunça berlen awiabilet, daşamagyň başlanan senesinden hasaplap, bir ýylyň dowamynda, eger uçuş kuponlarynyň  hiç biri-de ulanylmadyk bolsa – onda awiabiletiň berlen senesinden ýolagçyny we onuň goşlaryny daşamak üçin güýjüni saklaýar.

2.2.3. Ýörite nyrh boýunça berlen awiabilet şol nyrhy ulanmagyň kadalaryndan bellenilen möhletde ýolagçyny we onuň goşlaryny daşamak üçin güýjüni saklaýar.

 

2.3. AWIABILETIŇ HEREKET EDÝÄN MÖHLETINI UZALTMAK

2.3.1. Awiabiletiň hereket edýän möhleti, eger ýolagçy aşakdaky ýagdaýlarda awiabiletiň hereket edýän möhletiniň dowamynda uçuşy amala aşyryp bilmese, ilkibaşda tölenen nyrha laýyk gelýän şol bir hyzmat ediş derejeli boş ýeri bolan Daşaýjynyň ýakyndaky gatnawyna çenli uzaldylýar:

ýolagçynyň orny öňünden bellenilen gatnawyň ýatyrylmagy;

ýolagçy üçin ugradyş, bellenilen, ýolda durma nokady bolup durýan ýerde hereket tertibi boýunça howa gämisiniň durmagy ýatyrylanda;

gatnawyň tertipde görkezilen wagta laýyklykda ýerine ýetirilmezligi;

awiabiletde görkezilen dereje boýunça hyzmat edilmezlik;

howa gämisinde ýolagça öňünden bellenilen ornuň berilmezligi.

Bu ýagdaýlarda awiabiletiň hereket edýän möhleti goşmaça tölegsiz uzaldylýar.  

2.3.2. Eger hereket edýän möhleti bir ýyl bolan, adaty ýa-da ýörite nyrh boýunça tölenen awiabileti bolan ýolagçy orny öňünden bellemek baradaky haýyş bilen ýüz tutýan bolsa, Daşaýjynyň bolsa awiabiletiň hereket edýän möhletiniň dowamynda orun bermäge mümkinçiligi bolmasa, onda şeýle awiabiletiň hereket edýän möhleti daşaýjynyň ilkibaşda tölenen nyrha laýyk gelýän hyzmat ediş derejesinde boş orny bolan ýakyndaky gatnawyna çenli uzaldylýar.

2.3.3. Eger daşaýjy öz näsaglygy ýa-da howa gämisinde onuň bilen barýan maşgala agzasynyň näsaglygynyň netijesinde başlanan uçuşy tamamlap bilmese, onda şeýle awiabiletiň hereket edýän möhleti, lukmanyň netijenamasyna laýyklykda, ol ýa-da onuň maşgala agzasy uçuşy amala aşyrmaga ýaramly bolýança, ýa-da şol seneden soň,  daşaýjynyň ilkibaşda tölenen nyrha laýyk gelýän hyzmat ediş derejesinde boş orny bolan ýakyndaky gatnawyna çenli uzaldylýar. «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň kadalarynda başga tertip göz öňünde tutulyp bilner.

         Eger adaty ýa-da ýörite nyrh boýunça tölenen, bir ýyl möhletli awiabiletde ýolda bir gezek durmak göz öňünde tutulýan bolsa, şeýle awiabiletiň hereket edýän möhleti lukmançylyk netijenamasynda görkezilen seneden 3 aýdan köp bolmadyk möhlete, awiabiletiň başga möhleti bolan ýagdaýynda – 7 günden köp bolmadyk möhlete uzaldylýar.

         Bu ýagdaýlarda näsaglan ýolagçynyň ýany bilen gidýän maşgala agzalarynyň awiabiletleriniň hereket edýän möhleti şol bir möhlete uzaldylýar.

 

2.4. KUPONLARYŇ HEREKETINIŇ YZYGIDERLILIGI WE OLARY GÖRKEZMEGIŇ TERTIBI

Ýolagçy uçuş we ýolagçy kuponly awiabileti daşaýja bermäge borçly.

 Daşaýjy uçuş kuponlaryny ýolagçyny we onuň goşlaryny daşamak üçin diňe ýolagçy kuponynda görkezilen ugradyş nokadyndan başlap yzygiderlilikde kabul edýär.

 Eger indiki uçuş kuponlary eýýäm ulanylan bolsa awiabilet ýolagçyny gatnatmak hem-de pullary ulanylmadyk uçuş kupony bilen yzyna gaýtarmak üçin güýçli bolmaýar.

Ýolagçy kupony we ähli ulanylmadyk uçuş kuponlary ýolagçy tarapyndan daşamagyň bütin döwründe saklanmaly. Olar daşaýjynyň talap etmegine görä görkezilmeli we tabşyrylmaly.

 

2.5. AWIABILETIŇ BAŞGA BIRINE BERILMEGINI GADAGAN ETMEK

Awiabilet başga şahsa berilmäge we ol tarapyndan ulanylmaga degişli däl. Başga adamyň adyna berlen awiabileti görkezen şahsyň gatnadylmaga hukugy ýok. 

 

2.6. AWIABILETIŇ ÝITIRILMEGI ÝA-DA ÝOKLUGY

2.6.1. Güýjüni saklaýan we degişli görnüşde resmileşdirilen, ýolagçy we degişli uçuş kuponlaryny özünde saklaýan awiabileti bolmadyk ýa-da ony görkezmedik şahs gatnadylmaga goýberilmeýär.

 2.6.2. Awiabiletiň ýitirilen, oňa ýa-da onuň bir bölegine zeper ýetirilen ýagdaýynda, ýa bolmasa ýolagçy ýa-da uçuş kupony bolmadyk awiabiletiň berlen ýagdaýynda, daşaýjy ýolagçynyň islegine görä şeýle awiabiletiň ýerine «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň düzgünlerinde we gözükdirijilerinde göz öňünde tutulan ýygymlary tutmak bilen täze awiabileti berip biler.

Daşaýjy bilen “interlaýn” ylalaşygy  (daşama resminamalaryny özara ykrar etmek hakyndaky ylalaşyk) baglaşan daşary ýurt daşaýjysy tarapyndan berlen awiabiletiň (ýa-da onuň bir böleginiň) ýitirilen, zaýalanan ýagdaýynda şol daşaýjynyň resminamanyň öwezligini taýýarlamaga rugsatnamasyny almaly.

Şu ýagdaýlarda ýolagçy özüne degişli ýol ugry boýunça uçmak üçin awiabiletiň hakykatdan hem berlendigi baradaky daşaýjy üçin kanagatlanarly bolan subutnamalary  bermeli. Şeýle hem, eger ýitirilen awiabilet ýa-da ýok bolan uçuş kuponlary kimdir-biri tarapyndan ulanylsa ýa-da olar boýunça pul möçberini yzyna gaýtarmak geçirilse, ýolagçy daşaýjynyň  çekip biljek ýitgisini (täze awiabilet boýunça ulanylýan nyrhyň çäklerinde) kepillik borçnamasyny ýazmaça görnüşde bellenilen görnüşde berip biler.

   2.6.3. Awiabiletiň nädogry resmileşdirilmegi, oňa zeper ýetirilmegi ýa-da onuň ýitmegi daşamak şertnamasynyň barlygyna we güýjüne täsir etmeýärler. Daşamak işleri diňe zeper ýeten awiabilet dikeldilende ýa-da nädogry resmileşdirilen awiabiletiň hakykylygy şoňa ygtyýarlygy bolan wezipeli şahs – daşaýjynyň wekili tarapyndan tassyklananda amala aşyrylyp bilner. 

   

 

 

 

 

 

 

3-NJI BÖLÜM. ORUNLARY ÖŇÜNDEN BELLEMEK

3.1. UMUMY DÜZGÜNLER

3.1.1. Orunlaryň öňünden bellenilmegi ýolagçyny gatnatmagyň zerur şerti bolup durýar.

3.1.2. Ýolagça degişli görnüşde resmileşdirilen awiabilet berilýän pursadyna çenli öňünden bellemek deslapky diýip hasaplanylýar we zerur bolanda ýatyrylyp bilner.

3.1.3. Dolulygyna ýa-da bölekleýin ulanylmadyk awiabileti bolan we awiabiletde görkezilen uçuş senesini beýleki möhlete geçirmek isleýän ýolagçy orunlary täzeden bellemekde nobatlylygyň hiç hili artykmaç hukuklaryndan peýdalanmaýar.

 3.1.4. Daşaýjy ýolagça howa gämisiniň bortunda haýsydyr-bir kesgitli orny bermezlige borçludyr. Awiabiletiň ýolagçy tarapyndan satyn alynmagy onuň awiabiletinde görkezilen topar boýunça hyzmat etmek bilen bortunda özüne berlen islendik ýere razydygyny aňladýar.

   

3.2. ÝOLAGÇYNYŇ HASABA ALYŞ ÜÇIN GELMELI WAGTY

3.2.1. Ýolagçy Daşaýjy tarapyndan bellenilen wagtdan gijä galman, hasaba alyş üçin barmaga ýa-da edil şonuň ýaly hasap bilen hasaba alyş üçin bellenilen resmilikleri we amallary ýerine ýetirmek üçin howa menziline ýa-da daşaýjynyň görkezen başga ugradyş ýerine barmaga borçlanýar.

3.2.2. Eger ýolagçy hasaba alyş üçin bellenilen möhletde gelmedik bolsa ýa-da ýa bolmasa zerur resminamalaryň ýoklugynda ýa-da hakyky däl resminamalar (awiabilet; pasport ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminama; şol ýolagçyny gatnatmagyň aýratyn şertlerini tassyklaýan zerur resminamalar, ýagny çaga üçin ynanç haty, lukmançylyk netijenamasy, weterinar şahadatnamasy we beýl.) ýa-da nädogry resmileşdirilen ýa-da giriş/çykyş resminamalarynyň, immigrasiýa resminamalarynyň ýoklugynda baran bolsa, şonuň netijesinde hem özi üçin öňünden bellenilen orny ulanmadyk bolsa, onda  Daşaýjy onuň üçin öňünden bellenilen orny ýatyryp biler.

         Daşaýjy ýolagçynyň hasaba alyş üçin wagtynda gelmezligi bilen baglanyşykly ýitgisi üçin ýolagçynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

 

3.3. ÖŇÜNDEN BELLENILMEGI TASSYKLAMAK

3.3.1. Ýolda we yzyna uçuş nokadynda 72 sagatdan köp durlanda, ýolagçy daşaýjyda tertip boýunça gatnawyň uçuşyna çenli azyndan 72 sagat öňünden, transfer nokadynda bolsa gelenden soň 2 sagatdan gijä galman, indiki uçuş üçin ozal geçirilen öňünden bellenişi tassyklatmaga borçly.

 3.3.2.  Eger şol bir ýol ugry boýunça umumy maksat bilen sapara gitmek üçin gurnalan ýolagçylar topary mundan beýläk uçmak ýa-da yzyna dolanyş ugry boýunça uçmak üçin öňünden bellemek baradaky bellikli awiabileti bolan 10 we ondan köp adamdan ybarat bolsa, haýsydyr-bir nokatda 15 günden köp wagtlap durýan bolsa, onda öňünden bellemek gatnaw ugradylmazdan azyndan 15 gün öňünden tassyklanmaly.

3.3.3. Öňünden bellemegi tassyklamak üçin ýolagçy (toparlaryň gatnadylan ýagdaýynda bolsa – toparyň ýolbaşçysy) «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň wekilhanasyna ýa-da onuň agentine telefon/teletaýp, faks ýa-da hut özi ýüz tutmaly.

 3.3.4. Şu maddada görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, daşaýjynyň öňünden belleýşi ýatyrmaga hukugy bar.

 

3.4. ÖŇÜNDEN BELLENILEN ORUNLARDAN ÝÜZ DÖNDERILMEGI WE ÝOLAGÇYNYŇ HASABA ALŞA GELMEZLIGI BILEN BAGLANYŞYKLY ÝYGYMLAR

Eger ýolagçy (ýolagçylaryň topary) öňünden bellenilen orundan ýüz dönderýän bolsa ýa-da Daşaýjy tarapyndan bellenilen wagta çenli hasaba alyş ýerine barmadyk bolsa, ýa bolmasa zerur resminamalaryň ýoklugynda ýa-da hakyky däl resminamalar (awiabilet; pasport ýa-da şahsyýeti tassyklaýan beýleki resminama; şol ýolagçyny gatnatmagyň aýratyn şertlerini tassyklaýan zerur resminamalar, ýagny çaga üçin ynanç haty, lukmançylyk netijenamasy, weterinar şahadatnamasy we beýl.) ýa-da nädogry resmileşdirilen ýa-da giriş/çykyş resminamalarynyň, immigrasiýa resminamalarynyň ýoklugynda baran bolsa, şonuň netijesinde hem özi üçin öňünden bellenilen orny ulanmadyk bolsa, onda ýolagçydan (ýolagçylar toparyndan) «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan möçberde we ýagdaýda ýygym alnyp bilner.

Emma eger ýolagçy (ýolagçylaryň topary) gatnawyň ýatyrylmagynyň ýa-da saklanmagynyň, gonmaly ýerden tertip boýunça uçup geçmeginiň ýa-da şol ýolagça (ýolagçylaryň toparyna) öňünden bellenilen ornuň berilmezligi  netijesinde hasaba alyş ýerine baryp bilmedik bolsa, öňünden belleýşi ýatyryp bilmedik bolsa, şeýle ýygym alynmaýar. 

 Şeýle hem ýygym, eger ýolagçy (toparyň birnäçe agzalary) lukmançylyk netijenamasy bilen tassyklanylan saglyk ýagdaýy boýunça hasaba alnan ýerine barmadyk bolsa alynmaýar.

 

3.5. ÖŇÜNDEN BELLENILENDE ARAGATNAŞYK ÜÇIN ÇYKDAJYLAR

Daşaýjy tarapyndan ýolagça onuň haýyşy bilen berlen, onuň gatnawyna we öňünden bellenilişine degişli çykdajylar, ilkibaşdaky öňünden bellenilişe degişli aragatnaşyk üçin çykdajylardan başga, ýolagçy tarapyndan tölenýär.

 

3.6. DAŞAMAGYŇ INDIKI ÝOL UGRUNYŇ BÖLEKLERI ÜÇIN ÖŇÜNDEN BELLEMEGI ÝATYRMAK

Eger ýolagçy özi üçin öňünden bellenilen ýerden peýdalanmadyk bolsa, Daşaýjynyň ýol ugrunyň indiki bölegi üçin ýa-da yzyna gaýdýan gatnaw üçin, daşaýjynyň özi ýa-da onuň haýyşy boýunça beýleki, şol sanda şol ýolagçy üçin daşary ýurt daşaýjy tarapyndan amala aşyrylan öňünden bellenilişi ýatyrmaga hukugy bar.

 

4-nji bölüm. ÝOLDA DURMAK

4.1. Ýolda durmaga diňe onuň Daşaýjy ýa-da Daşaýjynyň agenti bilen öňünden ylalaşylan we awiabiletde göz öňünde tutulan bolmagy şerti bilen rugsat berilýär.

4.2. Eger awiabilet adaty nyrh boýunça tölenen bolsa, ýolagça gidiljek ýol ugry boýunça islendik ýerde ýolda durmaga rugsat berilýär.

 Eger awiabilet ýörite nyrh boýunça tölenen bolsa, ýolagçynyň ýolda durmagy şol ýörite nyrhy ulanmagyň kadalarynda düzgünleşdirilýär.

 Awiabiletiň tölegini tölemegiň görkezilen ýagdaýlaryň islendik birinde ýolda durmak üçin  şu şertleri berjaý etmek gerek:

 durmak awiabiletiň hereket edýän möhletiniň çäklerinde amala aşyrylýar;

durmak degişli ýurtlaryň döwlet edaralarynyň we olaryň daşaýjylarynyň kadalarynda ýol berilýär.

 

5-NJI BÖLÜM. NYRHLAR WE ÝYGYMLAR

5.1 NYRHLARY WE ÝYGYMLARY ULANMAGYŇ UMUMY DÜZGÜNLERI 

5.1.1. Nyrhlar diňe ugradyş nokadyndan bellenilen nokada çenli daşamagyň tölegi üçin ulanylýar.  

«Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň düzgünlerinde we gözükdirijilerinde şeýle ýerüsti daşamagyň goşmaça töleg alynmazdan amala aşyrylýandygy göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga, nyrha howa menzilleriniň arasynda ýa-da howa menzili bilen şäheriň merkeziniň arasynda ýerüsti daşamagyň nyrhy goşulmaýar.

 5.1.2. Goşlaryň gymmatynyň yglan edilmegi, ýolda durmak üçin ýygymlaryň hem-de ýygymlaryň beýleki görnüşleriniň ulanylmagy «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň düzgünleri we gözükdirijileri bilen düzgünleşdirilýär.

 5.1.3. Şu Kadalar bilen düzgünleşdirilýän daşamalar üçin «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň çap eden nyrhlary ulanylýar. Çap edilen nyrhlaryň ýoklugynda «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň düzgünleri we gözükdirijileri bilen düzgünleşdirilýän nyrhlar ulanylýar.

5.1.4. Eger «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň düzgünlerinde başga tertip göz öňünde tutulmadyk bolsa, awiabiletiň birinji uçuş kuponynda görkezilen, daşamagyň başlanan gününde hereket edýän nyrh ulanylýar.

 5.1.5. Eger tölenen pul möçberi ulanylýan nyrha laýyk gelmeýän bolsa, onda tapawut ýolagçy tarapyndan tölenmeli ýa-da oňa «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň düzgünlerine laýyklykda yzyna gaýtarylmaly.

 

5.2. NYRHLARY ULANMAGYŇ NOBATLYLYGY

5.2.1. Çap edilen bir ugur üçin nyrhlaryň şol bir topar boýunça, şol bir nokatlaryň arasynda we şol bir ýol ugry boýunça hyzmat etmek bilen daşamak üçin  «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň düzgünlerine laýyklykda düzgünleşdirilen islendik çap edilmedik nyrhlaryň öňünde artykmaçlygy bar.

5.2.2. Barabar we çap edilen nyrhyň pul möçberini ulanmak ýoly bilen düzgünleşdirilen çap edilmedik nyrhyň ülüş nyrhlarynyň we mil ulgamyny ulanmak arkaly düzgünleşdirilen nyrhyň islendik garyşygynyň öňünde artykmaçlygy bar.

 

5.3. NYRHLARY WE ÝYGYMLARY TÖLEMEGIŇ PUL BIRLIGI 

5.3.1. Nyrhlar we ýygymlar Daşaýjy we howa ulaglarynda daşamagy satmak boýunça gulluklar tarapyndan kabul edilýän islendik pulda, Türkmenistanyň we degişli ýurtlaryň walýuta amallary hakynda kanunçylygynyň we düzgünnamalarynyň berjaý edilmeginde kabul edilýär.

 5.3.2. Eger daşamagyň tölegi çap edilen nyrhyň pulundan başga pulda amala aşyrylýan bolsa, onda daşaýjy ýa-da howa ulaglarynda gatnawlary satmak boýunça gulluk tarapyndan ulanylýan puluň hereket edýän bank hümmeti ulanylýar. Halkara gatnawlary üçin nyrh tölenen mahaly pullaryň hereket edýän hümmetiniň sanawy daşaýjy ýa-da Daşaýjynyň agenti tarapyndan ýolagça görkezilmeli.

 

5.4. NYRHLARYŇ WE ÝYGYMLARYŇ TÖLENMEZLIGI SEBÄPLI DAŞAMAKDAN ÝÜZ DÖNDERMEK 

         Eger hereket edýän nyrhlara laýyklykda tölenmedik bolsa ýa-da degişli ýygymlar tölenmedik bolsa, Daşaýjy ýolagçyny ýa-da onuň goşlaryny daşamaga borçlanmaýar we şeýle daşamagy dowam etdirmekden ýüz dönderip bilýär.

         Şu ýagdaýlarda ýolagça şu Kadalaryň 11.3.2. we 11.3.3. kiçi bölümlerinde beýan edilen düzgünlere laýyklykda ozal tölenen pul möçberleri yzyna gaýtarylyp bilner.

 

  6-NJY BÖLÜM. AWIABILETDE WE DAŞAMAKDA ÜÝTGEŞMELER

6.1. ÝOLAGÇYNYŇ HAÝYŞY BOÝUNÇA AWIABILETDE ÜÝTGEŞMELER

Ýolagçynyň haýyşy boýunça awiabiletde üýtgeşmeler «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň gözükdirijilerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

6.2. DAŞAMAKDA ÜÝTGEŞMELER 

6.2.1.Eger Daşaýjy:

Gatnawy ýatyran;

Tertibi berjaý etmegi üpjün etmedik;

Howa gämisiniň bir görnüşini ýa-da hyzmat etmegiň derejesini başgasyna çalşyran;

Ýolagça öňünden bellenilen orny berip bilmedik;

Ýolagçynyň orny öňünden bellenilen gatnaw bilen deň getirip bilmedik bolsa,

onda, ýolagçynyň oýlanyşykly bähbitlerini nazara alyp, Daşaýjy:

 Ýolagçyny özüniň boş orny bolan beýleki yzygiderli gatnawynda äkitmäge ýa-da ýolagçyny Daşaýjynyň yzygiderli gatnawy bilen ýa-da daşary ýurt daşaýjysynyň yzygiderli gatnawy bilen beýleki ýol ugry boýunça bellenilen nokada äkitmegi üpjün etmäge ýa bolmasa, ýolagçyny ýerüsti ulag serişdeleri bilen äkitmegi üpjün etmäge borçly.

 Daşaýjy şeýle üýtgetmeler bilen baglylykda goşmaça nyrhlary we ýygymlary tölemegi talap etmeli däl. Emma eger üýtgedilen ýol ugry boýunça ýolagçy nyrhy we goşlary tölegsiz geçirmegiň bellenilen çäkden artyk bolan goşuň geçirilmegi üçin nyrh tölenen pul möçberden pes bolsa, onda onuň tapawudy ýolagça yzyna gaýtarylmaga degişli.

 6.2.2. Eger Daşaýjy haýsydyr-bir sebäplere görä ýolagça hyzmat etmegiň degişli derejesine laýyk gelýän salonda öňünden bellenilişine görä orun berip bilmese, onda:

eger ýolagçy ilkibaşdaky öňünden bellenişe laýyk gelýän çäkler boýunça özüne iýmitiň hem-de goşlary tölegsiz geçirmäge hukugyň berilmegi bilen başga hyzmat ediş derejeli salonda gitmäge razy bolsa. Hyzmat etmegiň derejesiniň bir we beýleki görnüşinde daşamagyň bahasynyň aratapawudy boýunça hiç hili gaýtadan hasaplaşyklar geçirilmeýär.

 Eger ýolagçy beýleki, has arzan hyzmat ediş derejeli salonda gitmekden ýüz dönderýän bolsa, daşaýjy şol ýolagçyny myhmanhanada ýerleşdirmek, iýmitlendirmek, aragatnaşyk serişdelerinden we howa menziline we howa menzilinden gatnadylanda ýerüsti ulagdan peýdalanmagyň oýlanyşykly çäklerinde, Daşaýjynyň gatnawynda ýa-da daşary ýurt daşaýjysynyň gatnawynda ilkibaşda bellenilen orna laýyk orny ýolagça berip bilende çykdajylary çekýär. 

 

7-NJI BÖLÜM. ÝOLAGÇYNY DAŞAMAKDAN ÝÜZ DÖNDERMEK 

7.1. DAŞAMAKDAN ÝÜZ DÖNDERMÄGE HUKUK

Daşaýjy şu aşakdaky maksat bilen, daşamakdan ýüz döndermäge (ilkibaşda we soňundan), ýolagçy üçin geçirilen öňünden belleýşi ýatyrmaga ýa-da ýolagçyny howa gämisiniň bortundan düşürmäge hukugy bar:

  1. howpsuz uçuşy üpjün etmek maksady bilen;
  2. çäklerine, çäklerinde we çäkleriniň üsti bilen daşamak amala aşyrylýan islendik ýurduň döwlet edaralarynyň degişli kanunlarynyň, kararlarynyň, kadalarynyň we görkezmeleriniň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen;
  3. haçanda ýolagçynyň nädogry resmileşdirilen resminamalary bolanda;
  4. haçanda ýolagçynyň özüni alyp barşy, ýaşy, psihiki ýa-da fiziki ýagdaýy:
  1. daşaýjynyň aýratyn kömegini talap edýän bolsa;
  2. tertipsizligi, oňaýsyzlyklary döredýan ýa-da beýleki ýolagçylar tarapyndan nägilelik döredýän bolsa;
  3. ýolagçynyň özi, beýleki şahslar ýa-da olaryň emlägi üçin howp ýa-da töwekgelçilik döredýän bolsa.
  1. Ýolagçynyň «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň kadalaryny, gözükdirijilerini we Daşaýjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmekden ýüz döndermeginiň netijesinde.

 

7.2. ÝOLAGÇYNYŇ DAŞAMAKDAN ÝÜZ DÖNDERILENDE HUKUGY

Eger daşaýja daşamakdan ýüz dönderilen bolsa ýa-da ol howa gämisine goýberilmedik bolsa ýa-da şu Kadalaryň 7.1. bölüminde görkezilen sebäplere görä howa gämisinden düşürilen bolsa, onuň şu Kadalaryň 11.3.2. kiçi bölümine hem-de «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň nyrhlary ulanmagyň kadalaryna laýyklykda diňe ulanylmadyk awiabilet ýa-da onuň bir bölegi üçin pul möçberini yzyna gaýtarmaga hukugy bar.

 Eger ýolagça 4ç) we 5)b.7.1 kiçi bölümlerde beýan edilen sebäplere görä daşalmagyndan ýüz döndeirlen bolsa, onda ulanylmadyk awiabilet ýa-da onuň bir bölegi üçin pul möçberi yzyna gaýtarylanda degişli ýygymlar alynýar.

 

7.3. HOWA GÄMISINIŇ TÄJIRÇILIK MAKSADYNDA ÝÜKLENMEGINDE ÇÄKLENDIRMELER

Eger uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen bellenilen çäklendirmeler howa gämisiniň ygtyýar berilýän täjirçilik çäginden ýokary bolsa, Daşaýjynyň, ýolagçylaryň haýsy biriniň we haýsy goşlaryň şol howa gämisinde daşalmaga degişli däldigi barada öz islegine görä netije çykaryp biler.

 

8-NJI BÖLÜM. ÝOLAGÇYLARYŇ KÄBIR TOPARLARYNY GATNATMAGYŇ ŞERTLERI 

 

8.1. AÝRATYN MÖHÜM ÝOLAGÇYLARY GATNATMAK

Eger degişli ýurduň döwlet edaralarynyň talaplarynda başgaça göz öňünde tutumadyk bolsa, aýratyn möhüm ýolagçylaryň toparyna «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň ýörite sanawy bilen kesgitlenilen şahslar degişli. Aýratyn möhüm ýolagçylaryň gatnadylmagy döwlet edaralarynyň talaplaryna, «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň kadalaryna we gözükdirijilerine laýyklykda geçirilýär.

 

8.2. DIPLOMATIK HATDATLARY, DIPLOMATIKI POÇTANY GATNATMAK

Diplomatik hatdatlary we diplomatik poçtany daşamak döwlet edaralarynyň talaplaryna, «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň kadalaryna we gözükdirijilerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 Diplomatik hatdatyň özüniň diplomatik goşlaryň (poçtanyň) ýany bilen barýan şahs hökmünde ýörite ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamalary bolmaly we Daşaýjynyň talap etmegine görä görkezilmeli.

 

 

 

8.3. DEPORT EDILEN ÝOLAGÇYLARY WE ÝURDA GIRMEGINDEN ÝÜZ DÖNDERILEN ÝOLAGÇYLARY GATNATMAK

         Deport edilen we ýurda girmeginden ýüz dönderilen ýolagçylary daşamak degişli döwlet edaralarynyň talaplaryna, «Türkmenistan «awiakompanýasy» AGPJ-nyň kadalaryna we gözükdirijilerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

8.4. ÇAGALARY GATNATMAK

8.4.1. Turkmenistan Airlines ýollarynda çagalary gatnatmak uly ýaşly ýolagçylaryň ýany bilen gitmeginde we gitmezliginde amala aşyrylyp bilner.

 Ýany bilen uly ýaşly adamlar gidilmeýän çagalar hökmünde 2-den 12 ýaş aralygyndaky, ene-atasyz barýan hem-de ýolagçylaryň  haýsydyr-birine ynanylmadyk çagalar gatnadylyp bilner. Bu düzgün ene-atasynyň ýa-da hossarynyň haýyşy boýunça 16 ýaşa çenli çagalar hem degişli bolup biler.

Ýany bilen gidilmeýän çagalar diňe ene-atasy ýa-da hossary tarapyndan şeýle gatnawyň ähli zerur maglumatlaryny jikme-jik görkezmek bilen degişli resminamanyň (“Gatnatmak hakynda arzanyň”) resmileşdirilmegi bilen gatnadylmaga kabul edilip bilner.

 8.4.2. 2 ýaşa çenli, aýratyn orny eýelemeýän we uly ýaşly ýolagçynyň ýany bilen gidýän bir çaganyň gatnadylmagy üçin, eger şeýle nyrhy ulanmagyň aýratyn şertleri ýok bolsa, ýany bilen gidýän uly ýaşly ýolagçynyň degişli adaty ýa-da ýörite nyrhyndan 10%-i tölenýär.

 8.4.3. Eger 2