Ýerli gatnawlaryň düzgünleri

 

Ýerli gatnawlaryň düzgünleri

1 Bölüm. Adalgalar. Kesgitlemeler.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ (daşaýjy) – bellenilen töleg boýunça ýolagçylaryň, bagažyň, ýükleriň we poçtanyň howa arkaly daşaýyşlaryny amala aşyrýan raýat «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ. Awiasiýa kärhanalaryna awiakompaniýalar we raýat awiasiýasynyň özbaşdak howa menzililary girýär.

Daşaýjynyň wekili (agenti) – daşaýjy üçin ýa-da başga bir adam (gurama) üçin, şeýle hem olaryň adyndan hereket etmeklige ygtyýarlygy bolan adam (gurama).

 Howa menzili – uçýan we gelýän ýolagçylaryň hyzmat edilmegi üçin niýetlenen desgalar toplumy.

Howa menzili – howa gämilerini kabul etmek we ugratmak üçin we  howa arkaly daşaýyşlara hyzmat etmek üçin niýetlenen we bu maksatlar üçin aerodromy, howa menzili, beýleki ýerüsti desgalary we zerur enjamlary bolan desgalar toplumy.

Esasy howa menzili (nokat) – «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň ýerleşýän howa menziliy (nokady).

Başlangyç howa menzili (nokat) – tertip (uçuşlaryň meýilnamasy)  boýunça  uçuşlaryň başlanýan howa menziliy (nokady).

Ahyrky howa menzili (nokat) - tertip (uçuşlaryň meýilnamasy)  boýunça  uçuşlaryň tamamlanýan howa menziliy (nokady).

Barylýan howa menzili (nokat) – howa arkaly daşaýyşlar şertnamasyna laýyklykda daşaýjynyň ýolagçylary, bagažy, ýüki we poçtany eltip bermeli howa menziliy (nokady).

Yzyna uçulýan howa menzili (nokady) – gaýdyşyn awiabileti  bolan ýolagçynyň yzyna gaýdýan ahyrky howa menziliy (nokady).

Ugradylýan howa menzili (nokady) – daşaýyş resminama laýyklykda howa arkaly daşaýyşyň başlanýan ýa-da dowam edýän howa menziliy (nokady).

Aralyk howa menzili (nokady) – uçuşyň ugrunda ýerleşen we tertip boýunça howa gämisiniň gonmagy göz öňünde tutulan howa menziliy ( nokady).

Durup geçilýän howa menzili (nokady) – ýolagçynyň wagtlaýyn uçuşy kesýän aralyk howa menziliy (nokady).

Transfer howa menzili (nokady) – daşaýyşyň ugry boýunça uçuşy dowam etdirmek üçin ýolagçynyň düşülip geçilýän, şeýle hem bir gatnawyň howa gämisinden beýleki gatnawyň howa gämisine ýükleriň düşürilip geçirilýän we awiabiletde we bagaž töleg hatynda, ýük ýanhatynda bellenilen howa menzili (nokat).

Bagaž – daşaýjy bilen ylalaşyk esasynda howa gämisinde daşalýan ýolagçylaryň hususy goşlary. Bagaž bellige alnan ýa-da bellige alynmadyk görnüşinde bolup biler.

Bellige alnan bagaž– «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan öz jogapkärçiliginde daşamak üçin kabul eden we bagaž töleg hatyny we bagaž birkasyny beren ýolagçynyň bagažy.

Talap edilmedik bagaž – bagaž birkasynda görkezilen barylmaly howa menziliuna (nokadyna) baran we ýolagçy tarapyndan alynmadyk bagaž.

Bellige alynmadyk bagaž – bellige alnan bagaždan başga, şol sanda belgisiz birkalar bilen belgilenýän, howa gämisinde daşalýan we onuň bagažlar bölümine ýerleşdirilýän ýolagçylaryň bagažy. Howa gämisine ýolagçylaryň özleri tarapyndan borta eltilýär. Ýolagçynyň bagažy öz ýanynda ýerleşen ýagdaýlardan başga halatlarda daşaýjynyň gözegçiliginde we jogapkärçiligine  daşalýar.

Ýany bilen äkidilmeýän bagaž – ýolagçylara we ekipaža degişli bagažyň olaryň uçýan howa gämisinden başga howa gämisinde daşalýan bagaž.

Tölegli bagaž – daşaýjy tarapyndan bagažy mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary bolan bagažyň agramynyň bir bölegi.

Bagaž birkasy – bellige alnan bagažy tanamak üçin  daşaýjy tarapyndan berilýän resminama.

Bagaž töleg haty – bagažy daşamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan awiabiletiň bölegi.

Awiabilet – ýolagçyny we bagažy howa arkaly daşaýyş şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklaýan we öz içine bagaž töleg hatyny alýan resminama.

Toparlaýyn awiabilet – bir kärhananyň, guramanyň ýa-da edaranyň buýurmasy esasynda «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ ýa-da onuň wekili tarapyndan berlen we resminama bilen tassyklanan bir maksat boýunça uçýan ýolagçylar toparynyň bir daşaýyş resminamasy boýunça howa arkaly daşaýyş şertnamanyň baglaşylandygyny tassyklaýan awiabilet.

Kepillendirilen seneli awiabilet – ugradylýan, barylýan howa menziliy, gatnawyň belgisi, senesi, howa gämisiniň  uçýan wagty görkezilen, şeýle hem öňünden bellenilendigi barada degişli belgisi bolan awiabilet.

Açyk seneli awiabilet -  - ugradylýan, barylýan howa menziliy görkezilen, emma gatnawyň belgisi we howa gämisiniň uçýan wagty görkezilmedik awiabilet.

“Kabinanyň içine” birkasy – öz ýany bilen daşalýan zatlaryň bellenilen sanawnamasyna goşulmadyk, howa gämisiniň salonynda zatlaryny  öz ýanynda saklamak üçin ýolagça rugsat berýän resminama.

“El goşy” birkasy – salonda ýa-da howa gämisiniň bagaž bölüminde bellige alynmadyk bagažy daşamak üçin rugsat berýän resminama.

Öňünden bellemek – belli bir gatnawda  we wagtda howa gämisinde  ýolagça ýeri öňünden bellemek ýa-da howa gämisinde  bagažy, ýüki daşamak üçin möçberi we tonnažy öňünden bellemek.

Hemişelik bron – howa ýollary agentligi tarapyndan üstaşyr (yzyna) awiabiletleri satmak üçin  başga bir agentligiň ygtyýarlygyna bölünip berilýän bron.

Aralyk bron – howa gämileriniň aralyk gonuş nokatlarynda ýerleşen agentlik (howa menzili) tarapyndan berilýän bron.

Pul jemlerini yzyna gaýtaryp bermek – ýolagça ýa-da ýüki iberijä, ýa-da ygtyýarly edilen adama olaryň tölän, ýöne peýdalanmadyk daşaýyşyň ýa-da hyzmatyň bahasynyň bir bölegini ýa-da tutuş bahasyny tölemek.

Howa liniýasy (zolagy) – yzygider howa arkaly daşaýyşlaryň amala aşyrylýan nokatlary kesgitleýän bellenilen çyzyk.

Ýolagçylary, bagažy we  ýüki (daşaýyşy) howa arkaly daşamak – «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan howa gämilerinde bellenilen baha boýunça, şeýle hem daşaýjynyň ýerüsti ulag serişdeleri bilen ýerine ýetirilýän ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň daşaýyşlary.

Howa gämisi – ýerden serpigýän howa bilen onuň özara täsiriniň hasabyna atmosferada saklanýan uçujy gural.

«Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ – Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny dolandyrýan döwlet edarasy.

Ýük – bagaždan we poçtadan başga,  howa gämisinde daşamak üçin kabul edilen we daşalýan emläk. Ýük ýanhaty bilen resmileşdirilen öz ýany bilen äkidilmeýän bagaž şeýle-de ýük hasaplanylýar.

Resminamasyz ýük – howa menzilia ýük ýanhatsyz we beýleki zerur resminamasyz gelen ýük ýa-da ammarda bolan we resminamasy bolmadyk ýük.

Eýesiz ýük – aeroprta gelip gowşan gününden başlap 6 aýyň dowamynda eýesi kesgitlenilmedik ýük.

Agramy ýeňil ýük – 1 kg brutto 0,008m3 ýokary göwrümli ýük.

Talap edilmedik ýük – ýüki alyjy habar edilendigini tassyklaýan  resminamaly 30 günüň dowamynda alynmadyk ýük.

Uly gabaraly bolmadyk ýük – bir  ornunyň ölçegleri  daşaýyş ýerine ýetirilmeli ýolagçy howa gämileriniň ýükleýji gözlerinden (lýuk) we ýük saklanylýan bölümlerinden gabara ölçegleri boýunça ýokary bolan ýük.  

Howply ýük – howa gämilerinde daşalýan wagty ýolagçylaryň saglygyna we janyna, uçuşuň howpsuzlygyna we emlägiň abatlylygyna uly howp döredip biljek önümler we maddalar.

Tiz zaýalanýan ýük – ösümlik we haýwan gelip çykyşly önümler, olardan gaýtadan işlenilen önümler, diri ösümlikler, balyk ekiji material we saklamak we daşamak üçin  aýratyn şertleri talap edýän beýleki ýükler (iň amatly temperatura, çyglylyk we ş.m.).

Üstaşyr ýük – ýük ýanhatyna laýyklykda aralyk howa menziliyna  (nokada) eltilen we şol bir gatnawda daşaýyşy dowam etdirilen ýük.

Transferli ýük – ýük ýanhatyna laýyklykda bir uçuş bilen transfer howa menziliuna (nokadyna) eltilen, soňra bolsa şol ýa-da başga daşaýjynyň başga gatnawy bilen daşalýan ýük.

Agramy agyr ýük – aýry ornunyň agramy 80 kg we ondan hem köp bolan ýük.

Ýük ýanhaty – ýüküň howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň baglaşylandygyny, onuň şertlerini we ýüki daşamaklyga kabul edilendigini tassyklaýan resminama.

Ýüki ugratma – daşaýjynyň bir iberijiden bir wagtda kabul eden we bir alyjynyň salgysyna bir ýük ýanhaty boýunça eltilýän ýüküň bir ýa-da birnäçe orny.

Ýükli topar – birnäçe ýük ýanhaty boýunça bir ýa-da birnäçe alyjynyň salgysyna bir iberijiden daşamak üçin kabul edilen ýük.

Günler – doly senenama, şol sanda dynç günler we resmi baýramçylyk günleri. Daşaýyş resminamalaryň, ykrarnamalaryň we beýleki resminamalaryň hakyky möhletlerini kesgitlemek üçin, şeýle hem daşaýyşyň tamamlanma möhletlerini, arz-şikaýatlar berlende möhletiň gijikdirilmegini  kesgitlemek üçin hasap hadysanyň bolan ýa-da hereket amala aşyrylan günüň ertesi 00 sagatdan başlap ýöredilýär, bu ýerde bu günüň galan sagatlary hasaba goşulmaýar. Eger-de öň görkezilen haýsy-da bolsa bir möhletiň tamamlanmagy baýramçylyk ýa-da dynç günlerine düşse, möhletiň tamamlanýan güni indiki gelýän gün hasaplanylýar.

Buýrulan gatnaw şertnamasy (çarter şertnamasy) -    daşaýjynyň (frahta  beriji) we buýrujy (frahta alyjy)  arasyndaky ylalaşyk, onuň netijesinde daşaýjy buýruja töleg esasynda ýolagçylary, bagažy, ýükleri, poçtany daşamak üçin ýa-da başga maksatlarda bir ýa-da birnäçe gatnawda bir ýa-da birnäçe howa gämileriniň bütin sygymyny ýa-da bir bölegini bermeklige borçlanýar.

Gözden geçiriş – raýat awiasiýasy işgärleri we polisiýa işgärleri tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, partlaýjy maddalary we beýleki howply ýükleriň we zatlaryň geçirilmegini öňüni almak maksadynda geçirilýän barlag gözden geçirişi.

Tölegli  bagažyň töleg haty – mugt daşamagyň ölçeginden ýokary bolan bagažy ýa-da hökmany tölege degişli zatlary daşamak üçin tölegi, şeýle hem bagažyň yglan edilen gymmaty üçin ýygymlaryň tölenendigini tassyklaýan resminama.

Raýat awiasiýasynyň müşderileri – howa ulaglarynyň  hyzmatlaryndan peýdalanýan ministrlikler, döwlet komitetleri, edaralar, kärhanalar, guramalar, gulluklar we raýatlar.

Daşaýyşyň ugry – awiabiletde görkezilen (ýük daşalandan ýük ýanhatynda) belli bir yzygiderlikde ýerleşen ugralýan, transfer, düşülip geçilýän we barmaly  howa menzililary (nokatlar).

Daşaýyşyň näsazlygy – howply netijelere getiren ýa-da getirip biljek howa gämisinde bellenilen işleriň tertibiniň islendik bozulmalary (bagažlary we ýükleri ibermek, agramy ýa-da sany boýunça orunlaryň ýetmezçiligi, resminamalaryň we ýükleriň bozulmagy, ýitmegi, bölünmegi, daşama resminamalaryň nädogry resmileşdirilmegi).

Duralga (durmak) – ýolagçynyň daşaýjy bilen ylalaşylan ugralýan we barylýan nokatlarynyň arasynda haýsy-da bolsa bir nokatda daşaýyşyň wagtlaýyn kesilmegi.

Iberiji – «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ bilen ýüki  howa arkaly daşaýyş şertnama baglaşan we ýüki iberiji hökmünde  ýük ýanhatynda görkezilen gurama ýa-da adam.

Ýolagçy -  ekipaž agzalaryndan  başga howa arkaly daşaýyş şertnama laýyklykda howa gämisinde  daşalýan ýa-da daşalmaly adam.

Üstaşyr ýolagçy – howa arkaly daşaýyş şertnama laýyklykda aralyk howa menzilia (nokada) gelen gatnawy bilen soň hem şol gatnaw bilen gidýän ýolagçy.

Transfer ýolagçy – howa arkaly daşaýyş şertnama laýyklykda bir gatnaw bilen transfer howa menziliyna (nokadyna) gelen we başga gatnaw bilen ýoluny dowam edýän ýolagçy.

Her çalşyk üçin daşaýyşlar (daşaýyşyň wahta-ekspedisiýa usuly) – ýaşaýan ýerinden iş ýerlerine we yzyna işçiler we gullukçylar toparlaryny howa gämilerinde daşamak, şeýle hem olara degişli bagažy we olaryň ýany bilen gidýän ýüki daşamak.

Toparlaýyn daşaýyş – resminama bilen tassyklanan bir maksatda gidýän, onuň toparlaýyn awiabilet ýa-da her bir ýolagçy üçin aýry awiabilet bilen resmileşdirilendigine garamazdan topary (10 we ondan hem köp adam) daşamak.

“ol ýere” daşaýyş – uçuş we gonuş nokadyň arasynda bir ugurda daşaýyş (aralyk howa menzilida howa gämisiniň gonma ýeriniň bolandygyna, ýolagçylary başga howa gämisine mündürilendigine ýa-da ýük gaýtadan ýüklenendigine garamazdan).

“ol ýere” we “gaýdyşyn” daşaýyş – “ol ýere” we “gaýdyşyn” uçuş üçin satylan awiabiletler boýunça barmaly nokadyna we yzyna ýolagçylary daşamak.

Göni garyşyk gatnaw bilen daşaýyş – howa ulagyň gatnaşmagynda bir resminama boýunça  ulagyň dürli görnüşleri bilen daşaýjylar taarapyndan amala aşyrylýan daşaýyş.

Daşaýyşyň döwri:

  • ýolagçynyň howa gämisine münmek üçin howa menziliuň perronyna girýän pursatyndan we daşaýjynyň ygtyýarly adamlarynyň gözegçiliginde  ýolagçynyň perrony taşlap gidýän pursatyna çenli wagt aralygyny öz içine alýan ýolagçynyň howa arkaly daşaýyş;
  • daşamak üçin bagažy kabul edilen pursatyndan we alyja berilýän pursatyna ýa-da beýleki guramanyň bellenilen kadalaryna laýyklykda onuň geçirilýän pursatyna çenli wagt aralygyny öz içine alýan bagažy howa arkaly daşaýyş;
  • daşamak üçin ýük kabul edilen pursatyndan we alyja berilýän pursatyna ýa-da beýleki guramanyň bellenilen kadalaryna laýyklykda onuň geçirilýän pursatyna çenli wagt aralygyny öz içine alýan ýüki howa arkaly daşaýyş.

Perron – ýolagçylary mündürmek we düşürmek, bagažy, ýükleri we poçtany ýüklemek we düşürmek maksatlarynda  howa gämilerini ýerleşdirmek, şeýle hem hyzmatyň beýleki görnüşleri üçin niýetlenen raýat aerodromyň uçuş meýdanynyň bir bölegi.

Bagaža, ýüke zeper ýetirilmegi – daşaýyş wagtynda bagažy, ýüki ýaramsyz ýagdaýa getirilmegi netijesinde olar özüniň ilkibaşdaky niýetlenilişi (öz gymmatlygyny ýitirdi) boýunça peýdalanyp bilinmezligi.

Arz-şikaýat (nägilelik) – raýat awiasiýasynyň müşderileri tarapyndan howa arkaly daşaýyşyň netijesinde ýüze çykan zeleliň öwezini dolmak barada awiasiýa kärhasyna berlen talapnama.

Gatnaw– uguryň başlangyç nokadyndan ahyrky nokadyna çenli ýerine ýetirilýän howa gämisiniň uçuşy (tertip boýunça ýa-da tertipden daşary).

Goşmaça gatnaw –yzygider gatnawlary amala aşyrylýan ugur boýunça tertibe goşmaça ýerine ýetirilýän gatnaw.  

Buýrulan gatnaw (çarter) – buýrujy tarapyndan ýolagçylary, ýüki we poçtany eltmek boýunça baglaşylan buýrulan gatnaw (çarter şertnamasy) şertnamasynyň şertlerinde ýerine ýetirilýän gatnaw.

Kesilen gatnaw – aralyk ýa-da başga bir howa menzilida (nokatda) kesilen gatnaw.

Ýygym – «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bellenilen  howa arkaly daşaýyşdan ýa-da brondan ýüz öwürilmegi  üçin bölekleýin zeleliň öwezini dolmak üçin töleg.

Hyzmatlar üçin ýygym – daşaýjy ýa-da beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan howa arkaly daşaýyş bilen baglanyşykly ýörite we goşmaça hyzmat üçin bellenilýän töleg.

Nyrh – bellenilen tertipde tassyklanan we daşaýjy tarapyndan ýolagçylary daşamak  ýa-da bagažyň, ýükleriň, poçtanyň agram we göwrüm birligini daşamak üçin alynýan pul jemi.

Bagažyň, ýüküň ýitmegi – ýüküň ýitmegi, ogurlanmagy, aralyk howa menziliuna iberilmegi ýa-da ýalňyşlyk bilen berilmegi sebapli bolandygyna garamazdan,  daşaýjynyň eltip bermegiň möhleti tamamlanandan soň ygtyýarly adama daşamak üçin kabul eden bagažy bermek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda döreýän daşaýyşyň näsazlygy.

 

2 BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

2.1 Kadalaryň ulanylyşy

2.1.1. Şu Kadalar «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň awiakompaniýalary we howa menzililary tarapyndan amala aşyrylýan ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň daşaýyşlaryny düzgünleşdirýär.

Kadalar «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň, şeýle hem howa ulaglaryndan peýdalanýan beýleki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we raýatlaryň borçlaryny, hukuklaryny we jogapkärçiligini kesgitleýär we olar üçin hökmany bolup durýar.

2.1.2. Bellenilen töleg boýunça ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň howa arkaly daşaýyşlary «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň awiakompaniýalary we howa menzilleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Howa gämileri bolan beýleki ministrlikler, edaralar we guramalar öz hajatlaryny üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda, ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň daşaýyşlaryny amala aşyryp bilerler. Şeýle daşaýyşlar şu Kadalaryň täsirine düşmeýär.

2.1.3. Şu Kadalar, şeýle hem olary ösdürmek üçin çykarylan gözükdirijiler we daşaýyşlary düzgünleşdirýän beýleki  resminamalar  deslapdan duýdurmazdan «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan üýtgedilip bilner. Emma eger daşaýyş ýerine ýetirilýän ýa-da ýerine ýetirilen bolsa, onda şeýle üýtgetmeler bu daşaýyş babatda ulanylmaýar.

«Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň wezipeli adamlary, agentleri we wekilleri şu Kadalaryň talaplaryny we olary ösdürmek üçin çykarylan gözükdirijileri we  daşaýyşlary düzgünleşdirýän beýleki resminamalary  ýatyrmaga ýa-da üýtgetmäge hukugy ýokdur.

Şu Kadalara garşy gelýän howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň şertleri hakyky däl hasaplanylýar.

2.1.4. Ýolagçylar we bagaž daşalanda awiabiletde we bagaž töleg hatynda görkezlen başlangyç howa menzilinden  ýolagçylaryň ugran gününde hereket edýän kadalar, nyrhlar we ýygymlar ulanylýar. Ýükler daşalanda iberijä ýük ýanhaty berlen gününde hereket edýän kadalar, nyrhlar we ýygymlar ulanylýar.

2.1.5. Ýolagçylaryň we ýükleriň daşaýyşlary üçin nyrhlar, şeýle hem bellenilen ýygymlar «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň howa ýollarynda nyrhlary ulanmagyň Kadalaryna” laýyklykda  ulanylýar we alynýar.

2.1.6. Buýrulan gatnaw (çarter) şertnamasy  boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň, şeýle hem wahta-ekspedision usuly arkaly «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň  howa gämilerinde  howa arkaly daşaýyşlary «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň şu Kadalaryna we aýratyn gözükdirijilerine laýyklykda amala aşyryrlýar.

2.1.7. «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-den  kärendä alnan howa gämilerinde  ýerine ýetirilýän ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň howa arkaly  daşaýyşlary şu Kadalar we howa gämisini kärendä almak şertnamasynyň şertleri bilen düzgünleşdirilýär.

2.1.8. Harby howa arkaly daşaýyşlary we ýörite ýükleriň daşaýjylary şu Kadalar, şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ-nyň ýörite gözükdirijileri bilen düzgünleşdirilýär.

2.1.9. Ýaraglary, ok-därileri, partlaýjy, zäherleýji, ýeňil ot alýan, radioaktiw we beýleki howply maddalaryň we zatlaryň, kinodüşüriji we surat alyjy apparatlaryň, radioenjamlaryň we beýlekileriň  daşalyş şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän  ýörite kadalary bilen kesgitlenilýär.

2.1.10. Tiz zaýalanýan ýükleriň howa arkaly daşaýyşlary şu Kadalar we «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň ýörite gözükdirijileri bilen düzgünleşdirilýär.

2.1.11. Howa ulaglarynyň gatnaşmagynda bir resminama boýunça (göni garyşyk gatnaw)  ulaglaryň dürli görnüşleriniň daşaýjylary  bilen amala aşyrylýan ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň daşaýyşlary şeýle daşaýyşlar barada Türkmensitanyň kanunçylygy, «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ degişli ulag ministrlikleri we edaralary bilen bilelikde  tassyklan kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

2.1.12. Ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň howa arkaly gulluk daşaýyşlary şu Kadalar, şeýle hem «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň ýörite gözükdirijileri bilen düzgünleşdirilýär.

2.1.13. Şu Kadalar bilen düzgünleşdirilýän ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň   daşaýyşlary Türkmenistanyň Howa kodeksiniň, şeýle hem Prezidentiň beýleki kanunlary, namalary, «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynyň   buýruklarynyň we gözükdirijileriniň täsirine düşýär.

2.1.14. Şu kadalary ulanmaklyga degişli we ýolagçylaryň, iberijileriň, alyjylaryň arasyndaky özaragatnaşygynda we «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň wezipeli adamlarynyň we agentleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagty ýüze çykýan ähli soraglar  şeýle çözülýär: howa menzililarda – «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň serkerdesi, howa menziliuň başlygy ýa-da daşaýyşlary gurnaýan gullugyň başlygy tarapyndan; agentliklerde – agentligiň başlygy; uçuş wagtynda – howa gämisiniň serkerdesi tarapyndan.

Ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň howa arkaly daşaýyş  şertnamasyndan gelip çykýan arz-şikaýatlary we hak isleýişleri bermegiň we garamagyň tertibi şu Kadalaryň 9 böl. bilen  kesgitlenilýär.

2.1.15. Howa menzililarda, şäher agentliklerinde (howa menzillerinde) we howa gämisiniň bortunda bellikler we arz-şikaýatlar kitaby bolmaly. Arz-şikaýatlar we bellikler kitaby onda ýazgy etmek isleýän adamlaryň birinji talaby boýunça berilmeli. Türkmenistanyň 14.01.1999ý. “Raýatlaryň ýüz tutmalary we olara garamagyň tertibi hakyndaky” Kanunyna laýyklykda raýatlaryň ýüz tutmalary gelip gowşan gününden başlap bir aýyň dowamynda garalýar, goşmaça barlaga degişli bolýanlar bolsa – gijikdirmän, gelip gowşan gününden 15 günüň dowamynda.  Ýüz tutmany çözmek üçin ýörite barlagy geçirmek ýa-da uly göwrümli materialy öwrenmek zerurlygy ýüze çykanda, degişli edaranyň, kärhananyň, guramanyň ýolbaşçysy ýa-da onuň orunbasary oňa garamagyň zerur möhletini belleýär, bu barada ýüz tutma bilen ýüz tutan adama habar berilýär. Bu ýerde garamagyň umumy möhleti kyrk bäş günden köp bolmaly däl. Arzaçy onuň belliklerine we tekliplerine garalmagynyň netijeleri barada habar edilmeli. Bellikler we teklipler kitabyndaky ýazgylar şu kadalarda görkezilen arz-şikaýatlary berme mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

2.1.16. Ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň halkara howa arkaly daşaýyşlary «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň tassyklaýan halkara howa  arkaly daşaýyşlaryň kadalary tarapyndan düzgünleşdirilýär.

2.1.17. Poçtanyň howa arkaly daşaýyşlary «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ  we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan tassyklanylýan poçtany daşamak Kadalary bilen düzgünleşdirilýär.

 

2.2 Howa arkaly daşaýyş şertnamasy

2.2.1. Ýolagçylaryň howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça awiasiýa kärhasy awiabiletde görkezilen gatnawy ýerine ýetirýän howa gämisinde  ýolagça orun berip, barmaly nokadyna ony we onuň  bagažyny daşamaklyga, ýolagçynyň bagažyny tabşyran ýagdaýynda barmaly nokadyna çenli bagažyny eltmeklige we bagažy almaklyga ygtyýar edilen  adama bermeklige borçlanýar. Ýolagçy daşaýyş üçin  bellenilen nyrh boýunça, bellenilen möçberden ýokary agramly bagaž tabşyranda bolsa bu bagažyň daşalmagy üçin töleg geçirmäge borçludyr.

2.2.2. Ýükleriň howa arkaly daşaýyş şertnamasy boýunça daşaýjy iberiji tarapyndan oňa ynanylan ýüki barmaly nokadyna çenli eltmeklige we ýüki almaklyga ygtyýarly edilen adama bermeklige, iberiji bolsa bellenilen nyrh boýunça ýükleriň daşalmagy üçin töleg geçirmeklige borçlanýar.

2.2.3. Howa arkaly daşaýyşyň her bir şertnamasy we onuň şertleri «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-ne  onuň ygtyýarly guramalary ýa-da adamlary (agentleri) tarapyndan berilýän daşaýyş resminamasy bilen tassyklanylýar.

Daşaýyş resminamalaryna girýärler:

ýolagçylaryň daşaýyşlarynda – awiabilet;

bagaž hökmünde ýolagçylaryň zatlary daşalanda – bagaž töleg haty;

el goşlary daşalanda – el goşlar.

Daşaýyş resminamalaryň galyplary we olary ulanmagyň kadalary «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bellenilýär.

2.2.4. Daşaýjy ýolagçynyň, iberijiniň ýa-da alyjynyň şu Kadalarynda kesgitlenen ýagdaýlarda tölemeli bolýan goşmaça pul jemlerini tassyklamak üçin berýär:

dürli ýygymlaryň töleg hatyny – howa arkaly daşaýyş şertnamasynyň üýtgedilmegi, hyzmatlar, şeýle hem jerimeleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly ýolagçy, iberiji ýa-da alyjy tarapyndan ýygymlar we tölegler tölenende;

tölegli bagažyň töleg haty – mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary bagažy daşamak üçin ýolagçy tarapyndan  tölenende;

tölegleriň edilendigi barada gaýry resminamalar.

Töleg resminamalaryň galyplary we olary ulanmak boýunça gözükdirijiler  «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bellenilýär.

2.2.5. Birnäçe «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bir daşaýyş resminamasy boýunça (şol sanda onuň bilen bile berlen goşmaça daşaýyş resminamasy) ugradylýan howa menzilinden barmaly howa menziliuna çenli ýerine ýetirilýän ýolagçylaryň, bagažyň we ýükleriň daşaýyşlary düşürilip geçirilendigine, ýüklenendigine  ýa-da daşaýyşda arakesme edilendigine garamazdan bir bütewi daşaýyş şertnamasy hökmünde garalýar.

2.2.6. “Ol ýere” we “yzyna” ugurlarda ýolagçylary daşamaklyk iki aýry daşaýyş şertnamasy hökmünde garalýar.

 

2.3. Tertip

2.3.1. Ýolagçylaryň, bagažyň  we ýükleriň yzygider daşaýyşlary bellenilen tertibe laýyklykda howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýär.

Daşaýjy «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bellenilen tertipde ýolagçylara we iberijilere deslapdan duýduryş bermän tertibe üýtgetmeleri girizmeklige hukugy bardyr. Tertip bilen bellenilen gatnawa awiabiletler satylan ýagdaýynda howa gämisiniň ugrama wagty daşaýjydan bagly bolmadyk sebäplere görä diňe şu Kadalaryň 3.13. bendiniň talaplaryny berjaý edilip üýtgedilip bilner.

2.3.2. Täze awiaýollaryň açylmagy, täze görnüşli howa gämileriniň ulanyşa girizilmegi, gatnawlaryň sany köpeldilmegi, hyzmatlaryň täze görnüşleri, ýolagçylara hyzmat ediş galyplarynyň girizilmegi barada ilata, kärhanalara, guramalara we edaralara maglumat bermek üçin daşaýjy ýolagçylary we ýükleri çekmeklige gönükdirilen maglumat beriş we mahabat çäreleri geçirmeklige borçly.

 

2.4. Daşaýyşlaryň ugurlary

Ýolagçylaryň,  bagažyň we ýükleriň daşaýyşlary daşaýyş üçin  tölenen  nyrha laýyk gelýän daşaýyşyň ugry boýunça ýerine ýetirilýär. Daşaýyş resminamasynda görkezilen ugur  şu Kadalaryň 2.5. bendinde görkezilen ýagdaýlardan başgasynda, daşaýjynyň, ýolagçynyň, ýüki iberijiniň (alyjynyň) arasynda ylalaşmak esasynda üýtgedilip bilner.

 

2.5. Daşaýjynyň aýratyn hukuklary

2.5.1. Daşaýjy duýdurman  şu ýagdaýlarda howa gämisiniň uçuşyny gadagan etmeklige, saklamaklyga ýa-da başga wagta geçirmeklige, daşaýyşyň tertibinde  göz öňünde tutulan ugury üýtgetmeklige, şeýle hem gonuş nokady üýtgetmeklige, eger şu aşakdaky ýagdaýlarda haklydyr:

tebigy betbagtçylyklar, uçuş, gonuş howa menzililarynda ýa-da daşaýyşyň ugry boýunça amatsyz meteorologik şertlerinde, şeýle hem uçuşyň howpsuzlygyna täsir edýän beýleki hadysalarda;

döwlet edaralary talap edende.

2.5.2. Daşaýjy bir görnüşli howa gämisini beýleki görnüşine çalyşmaklyga haklydyr. Başga görnüşli howa gämisinde ýolagçy gitmekden ýüz öwürýän ýagdaýynda daşaýjy ýolagçyny indiki gatnawlarda ugratmaklyga ýa-da ýerine ýetirilmedik daşaýyş üçin puluny we Nyrhlary ulanmagyň kadalaryna laýyklykda ýygymlary gaýtaryp bermeklige borçlanýar.

2.5.3. Daşaýjy “ol ýere” we “yzyna” ugurlarda awiabiletleri satmaklygy wagtlaýyn bes edip ýa-da çäklendirip, şeýle hem daşamak üçin ýükleri kabul etmän biler. Şeýle çäklendirmeler barada daşaýjy degişli howa menzililarda we agentliklerde ähli adamlar üçin maglumaty yglan etmeklige borçlanýar.

2.5.4. Daşaýjy şu ýagdaýlarda ýolagçyny daşamakdan ýüz öwürmek hukugy bardyr:

howa gämisiniň uçuşynyň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy ýüze çykanda;

döwlet edaralarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek zerurlygy ýüze çykanda;

ýolagçynyň näsaglygy ýolagçynyň özüne ýa-da töweregindäki adamlar üçin  howp döredýän bolmasa;

ýolagçynyň howa ulagyny peýdalanmagyň bellenilen kadalaryny bozmagy ýa-da howa gämisiniň serkerdesiniň «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň beýleki wezipeli adamlarynyň görkezmesine boýun bolmazlygy;

ýolagçynyň serhoş ýagdaýda bolmagy;

ýolagçynyň jemgyýetçilik tertibini bozmagy;

ýolagçynyň hereketleri uçuşyň howpsuzlygyna ýa-da howa gämisiniň bortunda bolan ýolagçylaryň ýa-da ekipažyň janyna göni wehim salanda.

Daşaýjy tarapyndan bu bentlerde göz öňünde tutulan sebäplere görä daşaýyşdan boýun gaçyrylanda «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan bellenilen görnüşde ykrarnamalar düzülýär.

2.5.5. Daşaýjy isendik wagtda howa gämisinde ýolagça berlen ornunyň gymmaty boýunça deň bolan başga ýere, eger bu uçuşyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadynda zerur bolsa, geçirmeklige haklydyr.

2.5.6. Haçan-da  ýolagça bagly bolan sebäplere görä daşaýyşyň şertleri üýtgedilende we ýolagçy göz öňünde tutulan nyrhlar boýunça daşaýyş üçin ýa-da tölegli hyzmatlary berlendigi üçin goşmaça pul jemlerini tölemeli bolanda, daşaýjy eger ýolagçy degişli pul jemini tölemedik ýagdaýynda,  ýolagçyny daşamakdan ýüz öwürmeklige haklydyr. Bu ýerde nyrhlary ulanmagyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmedik daşaýyş üçin pullar gaýtarylyp berilýär. Ýolagça gaýtarylyp berilýän pul jeminden daşaýjy şu Kadalaryň 3.16  bendinde bellenilen oňa degişli pul jemlerini, şol sanda ýygymlary tutup almaklyga haklydyr.   

2.5.7. Daşaýjy  ýüküň abatlygyny saklamak ýa-da onuň ýüze çykarylan näsazlyklaryna göz ýetirmek zerurlygy ýüze çykanda ýüki iberijiniň ýa-da ýüki alyjynyň bar bolmagynda, şeýle hem ýok bolmagynda ýüküň gabyny açmaklyga haklydyr.

Ýüküň gaby şu ýagdaýlarda açylýar:

gaplamanyň ýa-da ýüküň bozulmagynda;

ýük ýanhatynda görkezilen agramdan agram boýunça ýetmezçilik ýüze çykarylanda (abat gaplamada we iberijiniň abat plombalary bilen gelen ýüklerden başga);

resminamasyz ýüküň häsiýetini we ýagdaýyny kesgitlemek zerurlygynda;

daşaýjyda ýüküň ady ýa-da iberijiniň ýüküň alamatlary we häsiýeti barada beren maglumatynyň dogrulygynda şübhe dörände;

ygtyýarly döwlet edaralarynyň, şeýle hem bilermenleriň we barlagçylaryň talaplary.

Ýüküň gaplamasy «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň daşaýyşlary gurnaýan gullugyň başlygy tarapyndan bellenilýän topar tarapyndan açylýar. Olar açylandan soň ýüküň ýeri gaýtadan gaplanylmaly we ýüki açan howa menziliuň plombasy bilen plombalanmaly. Ýüküň açylmagy barada ykrarnama düzülip, bir nusgasy iberijiniň ýanhatyna goşulýar.

 

2.6. Kadalaryň ulanylmaýan aýratyn ýagdaýlary

«Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ  degişli ministrlikler, gulluklar, kärhanalar, edaralar, guramalar (iberijileri ýa-da alyjylar) bilen ylalaşykda aýratyn ýagdaýlarda, haçan-da bu ýagdaýlar sebäpli şu Kadalar esasynda ýükleriň daşaýyşy amala aşyrylmadyk ýagdaýynda, şu Kadalarda göz öňünde tutulmadyk aýratyn ýagdaýlarda onuň daşalyş tertibini belläp biler.

 

3 BÖLÜM. ÝOLAGÇYLARY DAŞAMAK

3.1 Ýolagçy awiabileti

3.1.1. Her bir ýolagçynyň bellenilen görnüşdäki awiabiletiniň bolmagy hökmanydyr. Başga adama awiabileti satmak ýa-da geçirmek gadagan edilýär. Satylma ýa-da geçirilme fakty bellenen ýagdaýynda awiabilet ýatyrylýar we onuň gymmaty gaýtarylyp berilmeýär.

Awiabiletini bermedik ýolagçy daşaýyşa goýberilmeýär. Ýitirilen awiabiletler dikeldilmeýär, dublikatlary berilmeýär we awiabilet üçin tölenilen pullar gaýtarylyp berilmeýär.

3.1.2. Awiabilet ýolagçynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň esasynda berilýär:

pasport ýa-da onuň ornuny tutýan resminama.

3.1.3. Awiabilet bellenilen nyrh boýunça töleg geçirilenden soň berilýär. Daşaýyş nagt däl hasaplaşyk boýunça ýa-da karzyna resmileşdirilende, şeýle hem ýeňillikli daşaýyş boýunça awiabilet awiabileti almak üçin esas bolup durýan resminama berlenden soň berilýär.

3.1.4. Ýolagçy awiabileti daşaýyş tamamlanýança, nagilelik ýüze çykan ýagdaýynda ol çözülýänçä saklamaklyga borçludyr. Awiabilet «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň, «Türkmenistan  «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň wezipeli adamlarynyň, daşaýyş resminamalaryň barlagyny geçirmeklige ygtyýarly edilen agentleriň ilkinji gezek talap etmeginde  görkezilmelidir.

3.1.5. Awiabilet awiabiletde görkezilen  uçuş we gonuş howa menzililarynyň arasynda we transfer, duralga edilýän howa menzililarynyň arasynda ýerine ýetirilýän uçuşa hukuk berýär.

3.1.6. Pulhanalarda awiabiletler nobatlylyk tertibinde satylýar. Nobatsyz awiabiletleri almak hukugy bar:

  • Türkmenistanyň Halk wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň gahrymanlary we Prezidentiň ýyldyzy ordeni, Edermenlik, Gaýrat medallary bilen sylaglanan adamlar, Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary, Sosialistik zähmetiniň Gahrymanlary, we 3 derejeli Zähmet şöhraty, SSSR we Türkmenistanyň Harby Güýçlerinde Watana Gulluk üçin  ordenleri bilen sylaglanan adamlar;
  • betbagtçylykly hadysa bilen baglanyşykly tassyklanan telegraf çagyryşy boýunça ýolagçy bolan adamlar;
  • ç) Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň tiz kömek bölüminiň we meýilnamalaýyn-maslahat beriş lukmançylyk kömeginiň işgärleri;
  • özi üçin we ýany bilen gidýän adamlar (maýybyň saglyk ýagdaýyna baglylykda bir ýa-da iki) üçin awiabiletleri alýan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, 1 we 2 topar zähmet maýyplary;
  • internasional borjy ýerine ýetirmek bilen bagly maýyplygy bellenen harby gullukçylar, internasionalist-harby gullukçylary;
  • 5 ýaşa çenli we şypahana bejergisini almak üçin ýolawiabiletleri bolan 16 ýaşa çenli çagaly, şeýle hem 12 ýaşa çenli iki we ondan hem köp çagaly adamlar;
  • Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ-nyň işgärleri;
  • başga uçarlara mündürilýän nokatlaryna wagtynda eltilmedik transfer ýolagçylary;
  • açyk seneli awiabiletler boýunça hereket edýän ýolagçylar (gulluk awiabiletlerini bermek üçin talapnama boýunça  we mugt daşaýyşa hukugy bolan ýa-da ulanylýan nyrhdan 50% indirimli talon boýunça ýazylan);
  • döwlet ähmiýetli personal pensionerler, Türkmenistanyň öňünde aýratyn hyzmaty görkezen pensionerler;
  • Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri gulluk maksatlarynda;
  • Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleri gulluk maksatlarynda;
  • Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri gulluk maksatlarynda;
  • Harby gullukçylar gulluk saprlaryna, harby gullugynyň täze ýerlerine, şeýle hem dynç alyş ýerlerine we yzyna hereket edenlerinde;
  • Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň işgärleri gulluk maksatlarynda;
  • Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň işgärleri gulluk maksatlarynda.

 

3.1.7. Hereket etme ýolunyň ugrunda gonuşlar ýerine ýetirilýän gatnawa awiabilet satylanda awiabileti almak artykmaç hukugyna ahyrky howa menzilia çenli gidýän ýolagçy eýe bolýar. Daşaýjy howa gämisiniň aralyk gonuş nokadyna çenli awiabileti ýolagça satmakdan ýüz öwürmeklige haklydyr.

3.1.8. “ol ýere” ugurda daşaýyş üçindiňe uçulýan howa menzilinden uçuşyň kepillendirilen seneli awiabiletleri satylýar. Ýolagçynyň hereket etme ugrunda başga uçara münmek, duralgaly, şeýle hem “yzyna” ugurda daşaýyşlara awiabiletler transfer, durulýanýa-da yzyna gaýdylýan howa menzililaryndankepillendirilen, şeýle hem açyk seneli awiabiletler satylýar.

Howa gämisiniň ugramazyndan öňýüze çykarylan boş ýerlerde ýolagçylary ugratmak üçin “goşmaça mündürmek üçin” açyk seneli awiabiletleri satmak rugsat edilýär. Şeýle awiabiletler diňe howa menzilida satylýar.

Yzyna we başga howa menzilidan uçmak üçin awiabiletleri ýolagçynyň şol howa menzilia çenli uçmak üçin awiabilet alýandygyna ýa-da almaýandygyna garamazdan satmak rugsat berilýär.

Awiabiletleri satmagyň tertibi«Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan tassyklanylýan, “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa ýollaryna awiabiletleri satmak we orunlary öňünden bellemek (bronlamak) işlerini gurnamak boýunça Gollanma” bilen kesgitlenilýär.

3.1.9. Daşaýjy awiabileti hakyky däl diýip yglan etmeklige haklydyr, eger:

awiabiletiň haýsy-da bolsa bir bölegi bozulan ýa-da gyşaran bolsa;

awiabiletde ony beren pulhananyň ştampy bolmadyk ýagdaýynda (awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly resmileşdirilen awiabiletlerden başga);

awiabiletiň ýerine ýetirilen daşaýyşa gözegçilik talonyň ýa-da onuň bir böleginiňbolmazlygy;

awiabiletiň pully torunyň nädogry resmileşdirilende (awtomatlaşdyrylan ulgam arkaly resmileşdirilen awiabiletlerden başga).

Daşaýja bagly bolan sebäplere görä hakyky däl diýip yglan edilen awiabiletler zerur bolanda çalşyrmaklyga degişli. Daşaýja bagly bolmadyk sebäplere görä hakyky däl diýip yglan edilen awiabiletler alynýar we çalşyrylmaýar. Ähli şeýle ýagdaýlarda daşaýjy tarapyndan ykrarnama düzülýär.

3.1.10. Howa gämisiniň bortunda awiabiletsiz ýa-da daşaýjy tarapyndan hakyky däl diýip yglan edilen awiabiletli ýolagçy ýüze çykarylanda, ol ilkinji gonuş howa menzilinde düşürilýär. Ýolagçynyň ýa-da çaga awiabileti bolmaly çaganyň awiabiletsiz uçmagy üçin, doly ýolagçy nyrh boýunça tölegli awiabileti bolmaly 12 ýaşdan uly çaganyňçaga awiabileti boýunça daşalmagy üçin, şeýle hem degişli resminamasyz ýeňillikli (gulluk)awiabilet bilen uçmagy üçin nyrhlary ulanmagyň kadalarynda göz öňünde tutulanjerime alynýar.

Jerimäniň tölenilmegi ýolagçynyň degişli topary üçin bellenilen nyrh boýunça howa gämisinde hakyky ýerine ýetirilen daşaýyş üçingatnawyň bahasynyň töleginden boşadylmaýar.

 

3.2. Awiabiletleriň ýaramlylyk möhleti.

3.2.1. Awiabiletiň ýaramlylyk möhleti öz içine şulary alýar:

umumy ýaramlylyk möhleti;

uçuş üçin ýaramlylyk möhleti.

Umumy ýaramlylyk möhleti ýolagça şu Kadalarynda göz öňünde tutulan ähli amallar üçin, şol sanda belli bir gatnawda we senedeorun almak üçin, doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilmedik daşaýyş we şu Kadalarda bellenilen beýleki hasaplaşyklar üçin awiabileti ulanmaga hukuk berýär.

Awiabiletiň umumy ýaramlylyk möhleti ýolagça awiabiletiň berlen pursatyndan we peýdalanylmadyk awiabilet boýunça puly almak üçin berilýän möhlet tamamlanýança döwür aralygyny öz içine alýar.

3.2.2. Kepillendirilen seneli awiabilet onda görkezilen başlangyç howa menzilidan, transfer howa menziliuna, gonulýan ýa-da yzyna gaýdylýan howa menzilinden diňe ondan görkezilen senede we gatnawda uçmaklyga hukuk berýär.

Açyk seneli awiabilet degişli howa menzilidan diňe oňa daşaýjy tarapyndan gatnawyň senesi we belgisi, orny görkezilenden soň uçmaklyga hukuk berýär.

3.2.3. Awiabilet şu möhletleriň dowamynda uçmak üçin ýaramly:

kepillendirilen seneli uçuşyň awiabileti – awiabiletde görkezilen uçuş bilen daşaýyşyň ähli möhletiniň dowamynda;

“gaýdyşyn” ugurda açyk seneli awiabilet, şeýle hem başga şäherde satylan açyk seneli awiabilet - awiabiletiň satylan gününden 6 aýyň dowamynda;

“goşmaça mündürmek üçin” açyk seneli awiabilet – onuň berlen gününden 2 günüň dowamynda.

3.2.4. Ýeňillikli nyrhlar boýunça satylan awiabiletler bellenilen ýaramlylyk möhletiniň dowamynda, ýöne ýeňillikli nyrhlaryň girizilen möhletleriň çäklerinde uçuş üçin hakyky hasaplanylýar.

3.2.5. Daşaýjy ýolagçylary barmaly nokadyna daşamak üçin zerur bolan wagtda uçmagy üçin awiabiletiň ýaramlylyk möhletini uzaltmaklyga borçly, eger-de awiabiletşularyň netijesinde bellenilen ýaramlylyk möhletiniň dowamynda peýdalanylmadyk bolsa:

awiabiletde görkezilen gatnaw ýatyrylan ýa-da saklanan bolsa;

howa gämisiniň awiabiletde görkezilen howa menzilinde gonmadyk bolsa;

ýolagçyny awiabiletde görkezilen gatnawda we senede oňa orun bermek mümkinçiligi bolmandygy sebäpli, ony ugradyp bolmadyk ýagdaýynda;

gatnawy ýerine ýetirmedik howa gämisiniň uçulan howa menziliuna gaýdyp gelmegi;

howa gämisiniň gijä galmagy ýa-da ýolagçynyň düşülip geçirilýän howa menziliuna barmaly gatnawyň ýatyrylanlygy sebäpli, onuň awiabiletinde görkezilen gatnaw bilen düşülip geçilýän howa menzilinden ýolagçynyň ugradylmazlygy;

tertipde görkezilen howa gämisiniň görnüşiniň çalşyrylmagy;

howa gämisiniň mejbury gonmagy sebäpli uçuşyň kesilmegi;

howa gämisindäki ýolagçynyň ýa-da onuň bilen gidýän maşgala agzasynyň ýarawsyzlygy;

daşaýjynyň awiabileti nädogry resmileşdirmegi.

Daşaýjy başga sebäplere görä, eger ol olary esasly hasaplasa, awiabiletiň ýaramlylyk möhletini uzaldyp biler, ýöne borçly däl. Daşaýjy awiabiletde onuň ýaramlylyk möhletiniň uzaldylmagy barada bellik etmeklige borçlanýar.

3.2.6. Awiabilet doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilmedik daşaýyş üçinpul jeminiň gaýtarylyp berilmegi üçin daşaýja berlip bilner:

daşaýyş başlamazdan öň:

uçuş üçin awiabiletiň tutuş ýaramlylyk möhletiniň dowamynda;

uçuş üçin awiabiletiň ýaramlylyk möhleti tamamlanan gününden 10 günüň dowamynda – nagt pul hasaplaşyk ýa-da harby daşaýyş resminamalary boýunça awiabiletleri alýan raýatlar we guramalar tarapyndan;

awiabiletiň ýaramlylyk möhleti tamamlanandan soň 30 günüň dowamynda – nagt däl pul hasaplaşygyny geçiren ýa-da karzyna awiabiletleri alýan kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan.

Peýdalanylmadyk awiabiletler boýunça pul jemleri nyrhlary ulanmagyň kadalarynyň talaplary berjaý edilip gaýtarylyp berilmeli.

3.2.7. Şu bentde görkezilen awiabiletiň ýaramlylyk möhletiniň tamamlanmagy ýolagçynyň Türkmenistanyň Howa kodeksiniň we şu Kadalaryň talaplaryny berjaý edip, daşaýja arz-şikaýatlary we hak isleglerini bermek hukugyndan mahrum etmeýär.

 

3.3. Çagalary daşamak

3.3.1. Türkmenistanyň ýerli howa ýollarynda çagalar uly ýaşly ýolagçylaryň ýany bilen gitmegi ýa-da gitmezligi bilen daşalyp bilnerler. Ýany bilen gitmezden (ene-atasyz, garyndaşsyz, hossarsyz we ýolagçylaryň birine ynanylman) howa gämisinde 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar daşalyp bilner. Ýany bilen gidilmeýän çagalar ene-atasy (garyndaşy, hossary) tarapyndan ýany bilen gidilmeýän çagany daşamak barada arza we daşamak üçin ähli zerur maglumatlary görkezmek bilen ene-atasyn