El goşy äkitmegiň düzgünleri

El goşy äkitmegiň düzgünleri

 

 Bagažy daşaýyşa kabul etmek

1. Ýolagçynyň goşlary bagaž hökmünde daşalýar – bellige alnan bagaž ýa-da el goşy. Bagaž, düzgün boýunça, ýolagçynyň uçýan howa gämisinde daşalýar. Aýratyn görnüşli howa gämilerinde ýolagçylaryň goşlary diňe bellige alynmadyk bagaž hökmünde daşalýar.

Goşlaryň bellige alynmadyk bagaž hökmünde  daşalýan howa gämileriniň sanawy “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan bellenilýär.

Ýolagçy howa gämisiniň salonynda ýany bilen umumy agramy 5 kg köp bolmadyk, onuň iň uly  ölçegleri 45x35x15 sm uly bolmadyk, mugt daşamagyň bellenilen möçberiniň çäginde  daşamaklyga kabul edilýän el goşuny (portfeller, keýsler, sumkalar we beýl.)  , şeýle hem aýratyn halatlarda daşaýjynyň rugsady bilen daşalanda aýratyn ätiýaçlyk çärelerini talap edýän zatlary öz jogapkärçiliginde daşaýar.

2. Ýolagçy ähli daşaýan zatlarynyň agramyny ölçemek üçin şu närselerden başgasyny bermeklige borçlanýar:

aýal sumkasy ýa-da papka;

uçuşda çaga üçin iýmit;

saýawan ýa-da hasa;

maýyp adamyň kreslo-kolýaskasy.

3. Ýolagçy howa gämisiniň salonynda  daşaýan zatlarynyň abat saklanylmagy barada özi alada etmeli.

Ýolagçy ýolda gatnaw kesilen ýagdaýynda (gijäni geçirmek üçin duralga, uzak wagtlaýyn saklanylmagy we ş.m.) salona geçiren zatlaryny howa gämisiniň bortundan alyp çykarmaga borçly.

4. Bagaž daşaýyşa şu şertlerde kabul edilýär:

ugurda düşülip-geçilmeýän, duralgasyz göni gatnaw  bilen daşalanda – awiabiletde görkezilen  ýolagçynyň barmaly nokadyna çenli;

ugurda düşülip geçilýän, duralgaly gatnaw bilen daşalanda – ýolagçynyň düşüp-münýän, duralga edýän aeroportuna çenli.

5. Bagaž daşamak üçin kabul edilmegi ýolagça bagaž töleg hatynyň berilmegi bilen tassyklanylýar. Daşamak üçin kabul edilen bagaž bagaž birkasy bilen belgilenýär, onuň ýyrtylýan talony ýolagça berilýär.  Şeýle bagaž bellige alnan hasaplanylýar.

6. Bagaž ýolagçynyň uçýan aeroportunda (şäher howa menzillerinde)  daşamak üçin kabul edilýär.

7. Bellige alnan bagažy daşamak üçin tabşyrylan pursatyndan we onuň berilýän wagtyna çenli  ýolagçy bagaža goýberilmeýär.

8.  Daşaýjy bagažyň ýolagçynyň gidýän gatnawynda ugratmak üçin çäreleri görmeli.

Ýolagçy awiabileti satyn alanda, şeýle hem transfer aeroportunda daşaýjy bilen  olara daşamak üçin mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary bolan goşlaryň agramyny ylalaşmaly.

Ýolagçynyň gidýän gatnawynda bagažy daşamak mümkinçiligi bolmadyk halatynda, daşaýjy ony iň golaý gatnaw bilen ugratmaly, ýolagçynyň ýanynda bagažy mugt daşamagyň bellenilen möçberine laýyk gelýän agramly bagažy ibermek şerti bilen. Goşmaça iberilýän bagaž bellenilen görnüşde goşmaça barlagdan geçirilmeli.

9. Bellige alynmadyk bagažy daşamak üçin resmileşdirilendigi “El goşy” birkanyň ýolagça berilmegi bilen tassyklanylýar, onda ýolagçynyň familiýasy we bagažyň agramy ýazylýar.

10. Bagaž hökmünde 20 kg köp bolmadyk agramly orunlar daşalyp bilner. Her bir ornuň ölçegi 0,5x0,5x1,0 m uly bolmaly däl. Daşaýjynyň rugsat bermegi bilen (aýratyn ýagdaýlarda) daşamaklyga uly agramly we uly gabaraly bagažyň orunlary kabul edilip bilner.

11. Howa gämisiniň doly täjirçilik ýüklenende daşaýjy mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary bolan bagažy kabul edilmegini çäklendirip ýa-da kabul etmekden ýüz dönderip biler. Daşaýjy şeýle hem ýolagçynyň goşlaryny  eger olaryň agramy, ölçegi, düzümi we gaplamasy şu kadalaryň talaplaryna jogap bermeýän bolsa olary daşamakdan ýüz dönderip biler.

 

 Bagažyň düzümine bildirilýän talaplar

1. Bagaž hökmünde daşamaklyga kabul edilmeýär:

a) ot açýan ýaraglaryň we sowuk ýaraglaryň ähli görnüşleri:

pistoletler, rewolwerler, wintowkalar, karabinler we beýleki ot açýan ýaraglar;

şaşkalar, gylyçlar, gamalar, egri gylyçlar, palaşiler, şpagalar, naýzalar, hanjarlar, kelte gamalar, stiletler, pyçaklar: harby, desant, fin, zyňýan päkili, ýapylýan gulply gama we beýl.;

b) partlaýjy maddalar we olar bilen doldurylan närseler, partladyjy serişdeler:

içlendik gapda we islendik mukdarda dürli aw  därileri;

harby oklar (şol sanda kiçi gabaraly);

aw kapsuller (pistonlar) we kapsuller-detonatorlar;

pirotehnik maddalar: signal we yşyklandyryjy raketalar, oturdyjy şaşkalar, tüsse oklary, partlaýjynyň otluçöpi, bengal otlar, demir ýol petardalary;

dinamit, tol, ammonal, trotil we beýleki partlaýjy maddalary;

ç) gysylan we suwuklandyrylan gazlar: durmuşda ulanylýan gazlar (butan-propan) we beýl.;

d) ýeňil ot alýan suwuklyklar:

aseton;

benzin;

nebit önümleriniň nusgalyklary;

mentol;

metallasetat (metil efiri);

tormoz suwuklygy;

kükrt uglerody;

efirler;

etilsellozol;

ähli beýleki ýeňil ot alýan suwuklyklar;

e) ot alýan gaty maddalar:

suw bilen galtaşanda ýylylyk we ýanyjy gazlary bölüp çykarýan maddalar, olar öz-özünden ot alyp, ýangyn döredip bilýär:kaliý, natriý, metal kalsiý we olaryň erginleri,fosfor kalsiýi we beýl.;

ak, sary, gyzyl  fosfor we ot alýan gaty maddalar toparyna girýän ähli beýleki maddalar;

organiki perekisler;

granulada we übtük görnüşindäki, gury we çyg, düzüminde  25%  az suw ýa-da erediji bolan kolloid nitrosellýuloza; bölek-bölek, çyg,  düzüminde  25%  az spirt bolan kolloid nitrosellýuloza; gury ýa-da çyg düzüminde  25%  az erediji ýa-da 20% suw  bolan nitrosellýuloza;

g) awuly we zäherleýji maddalar:

islendik awuly, güýçli täsir ediji we zäherleýji suwuk ýa-da gaty görnüşindäki, islendik gaba gaplanan maddalar:

brusin;

nikotin;

strihnin;

tetragidrofurfuril spirti;

etilenglikol;

simap;

sinil kislotasynyň ähli duzlary we sianly dermanlary;

siklon, sianplaw, myşýak angidrit we ähli beýleki güýçli täsir ediji awuly we zäherleýji maddalar;

k) iýiji we korrozion maddalar:

güýçli organiki däl kislotalar: duz, kükürt, azot we beýl.;

ftorly-wodorod (plawik) kislotasy we beýleki güýçli kislotalar we korrozion maddalar;

l) ýokarda ady agzalyp geçilen maddalaryň alamaty bolan ähli beýleki maddalar, ýükler we närseler we howpsuz daşalmagyna  şübhe döredýän we ýangyn döretmek, partlamak üçin ulanylyp bilinjek  ýa-da  howa gämisiniň ekipažynyň we ýolagçylaryň saglygyna we janyna wehim salyp biljek närseler.

2. Howa arkaly daşaýyşa bagaž hökmünde ýiti ýakymsyz ysy bolmadyk howpsuz suwuklyklar kabul edilýär. Aýna we beýleki döwülýän gaply suwuklyklary bagaž hökmünde daşamaklyga alynmaýar.

3. Uçuş wagtynda ýolagçylara ot açýan we sowuk ýaraglaryň ähli görnüşlerini ýanyň bilen almak GADAGAN EDILÝÄR.  Kadadan çykma hökmünde şahsy ýaragy ýörite ýüküň we poçtanyň ýany bilen gidýän ýolagçylar, şeýle hem gulluk saparyna gitmek barada şahadatnamasy (buýruk) bolan konwoirlenýän adamlaryň ýany bilen gidýän garawul düzümine (harby topar) girýän ýolagçylara ýany bilen götermek rugsat berilýär.

4. Saklamaklyga we götermeklige hukugy bolan beýleki ýolagçylaryň ýaragy (atyjy-türgenler,awçylar, geologlar we beýl.) gaplanan görnüşinde  bagaž üçin niýetlenen bölümlerde, aýry bagaž bölümleri bolmadyk howa gämilerinde ekipažyň agzalarynyň görkezmegi esasynda tehniki bölümlerinde daşalýar.

Ýaragy götermeklige hukugy bolan adamlar howa gämisine münenlerinde howa gämisiniň serkerdesini ýaragyň barlygy barada habardar etmeli we serkerdäniň ýa-da ikinji uçarmanyň talap etmegi boýunça ony götermeklige bolan hukugyny tassyklaýan resminamany görkezmeli.

5. Ýolagçynyň goşlary bellige alnan bagaž hökmünde daşalýan howa gämisinde aw pyçaklaryny we harby oklary diňe bagaža gaplanan görnüşinde (çemodan, gutular we beýleki gaplar)  daşamaklyga kabul edilýär; bu ýerde oklar (patronlar) adaty ölçegli (standart) gutulara gaplanan bolmaly.

Ýolagçylaryň goşlary bellige alynmadyk bagaž hökmünde daşalýan howa gämilerinde aw pyçaklary öz daşlygynda bolmaly we howa gämisine münende  uçuş wagtynda ekipažyň agzalaryna saklamak üçin tabşyrmaklyga degişli. Oklar adaty ölçegli gutulara gaplanan görnüşinde daşalýar.

6. Howa gämisiniň bortunda howa gämisiniň ulgamlarynyň we enjamlaryň uçujy-tehniki häsiýetnamalaryna ýaramaz täsir edip biljek ykjam (portatiw)-elektron enjamlary ulanmak GADAGAN EDILÝÄR. Howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda howa gämisiniň ekipažy islendik wagtda personal elektron enjamy öçürmek üçin ýüzlenip bilerler.

Şu gurluşlary islendik wagtda (çäklendirilmedik ýagdaýda) ulanyp bolýar:

  • gulak enjamlary;
  • elektron sagatlar;
  • elektrik päkiler.

Şu aşakdaky gurluşlary ulanmak mümkinçiligi howa gämilerini, enjamlary öndüriji-zawodyň maslahatlaryna, şeýle hem howa arkaly howply ýükleri howpsuz daşamak boýunça IKAO (Raýat awiasiýanyň Halkara guramasy) Tehniki gözükdirijilerine (Doc 9284 AN/905) we IATA (Howa ulaglary boýunça Halkara assosiasiýasy) howply ýükler boýunça Tehniki gözükdirjisine (kadalaryna) laýyklykda kesgitlenilýär:

  • ýüregiň işine ýardam ediji enjamlar (kardiostimulýatorlar) we beýleki implantasiýa edilen lukmançylyk gurluşlary);
  • nerw ulgamyny elektron stimulýatorlar (tijendirijiler);
  • adamyň janyny goldaýjy personal ulgamlar we peýdžerler (diňe kabul edijiler).

 

Howa gämisiniň bortunda haýsy-da bolsa güýçli emitterleri (şöhlelendirijileri) we şol sanda  şu aşakdaky gurluşlary ulanmak GADAGAN EDILÝÄR:

  • ykjam telefonlar, howa gämisiniň duralgada açyk gapyly we ýangyç bilen doldurylmaýan halatdan başga wagty;
  • ikitaraplaýyn geçirijiler (peredatçik), göçme rasiýalar, höwesjeň radio enjamy we gulluk aragatnaşygy üçin ýygylykly diapozonly radioenjamlar, milligers geçirijiler, radiogeçirijiler,  başga radioenjamlary;
  • radioýygylygyň energiýasyny belli bir ýygylyklara şöhlelendirmek üçin niýetlenen gurluşlar;
  • kompýuterler we oýunlar üçin kabel bilen birleşdirilen periferiýa gurluşlary;
  • AM/FM radioenjamlary (amplitudal/ýygylykly modulýasiýaly);
  • portatiw telewizion gurluşlar;
  • distansion-dolandyrylýan oýnawaçlar, distansion gurluşlar.

Şeýle gurluşlar daşamaklyga gaplanan görnüşinde kabul edilýär.

 

Howa gämisiniň gapysy ýapyk wagty, ýerden gidende (ruleniýe), uçanda, ilkinji beýikligi alanda, aşaklanda ýa-da gonanda, ähli portatiw elektron gurluşlar, şol sanda aşakda görkezilen enjamlar, çäksiz ulanmaklyga rugsat berlenden başgasy öçürilmeli:

  • personal kompýuterler;
  • personal kompýuterler üçin periferiýa gurluşlary;
  • oýunly personal kompýuterler;
  • örän ýokary ýygylykly kabul ediji geçirijiler- skanerler;
  • sifrli kassetaly oýnadyjy/ ses ýazyjy enjam;
  • kompakt-diskleri oýnadyjy;
  • DVD oýnadyjy (sifrli wideodisk);
  • Wideomagnitofon/ işlediji ulgamlary;
  • Kalkulýatorlar;
  • GPS ulgamlary (nawigasiýa we ýerleşýän ýeriňi kesgitleýji global hemra ulgamy).

 

Dürbiler, radioenjamlar, surat, wideo we kino enjamlary daşamaklyga gaplanan görnüşinde kabul edilýär. Ýolagçylara şeýle enjamlary ýany bilen almak we uçuş wagtynda howa gämisinde ulanmak GADAGAN EDILÝÄR. Kadadan çykma hökmünde gulluk saparlaryna barýan merkezi we etrap gazetleriniň, žurnallarynyň, radio we telewideniýe suratçylaryna uçuş wagtynda olary ulanmazdan kino-surat enjamlary ýany bile almak rugsat berilýär.

7. Gymmat şaý-sepleri, pullary we resminamalary ýolagçy bagaža tabşyrman ýany bilen almaly.

8. Daşaýyş wagtynda ätiýaçlyk  aýratyn çärelerini ýa-da abatlylygyny  (kiçi göwrümli göçme magnitofonlar, radiokabul edijiler, telewizorlar, hrustaldan edilen önümler we beýl. ) saklamak üçin aýratyn şertleri  talap edýän  port we döwlegen närseleri daşaýjy bilen ylalaşmak esasynda ýolagçy tarapyndan howa gämisiniň salonynda  olary hökmany gözden geçiriş üçin bermek şerti bilen daşalyp bilner. Bu närseler bagaž hökmünde gymmaty yglan edilenden soň daşamaklyga kabul edilýär.

9. 5 kg agramy köp bolan ir-iýmişler, gök we bakja önümleri daşamak üçin ýaramly gaba gaplanan görnüşinde bagaž hökmünde kabul edilýär.

10. Itler, kiçi öý haýwanlary, guşlar daşamak üçin diňe daşaýjy bilen deslapdan ylalaşyp, we weterinar gözegçilik edaralarynyň çykarmaklyga we salmaklyga rugsadynyň bar bolmagynda  kabul edilýär. Ýolagçylaryň salonynda daşalaýan itler geýdirilýän tumşuklyk daňylan görnüşinde saklanylmaly. Ownuk öý haýwanlary gutularda, sebetlerde ýa-da kapasalarda daşalýarlar.

Haýwanlary daşamak üçin nyrhlary ulanmagyň kadalaryna bellenen aýry töleg tutulýar. Kadadan çykma hökmünde kör adamlaryň ýany bilen gidýän iýdiji-itleri görkezmek bolar.

11. Holodilnikler, ýuwujy, aýak tikin maşynlary, motosikller, motorollerler, mopedler, welosipedler, sport we aw  gaýyklary, olaryň motorlary, awtopokryşkalar, uly göwrümli mehanizmler, enjamlar, abzallar, ätiýaç şaýlary, saz gurallary, halylar, lyžalar we ş.m., şeýle hem ölçegleri 0,5x0,5x1,0 m uly bolan  beýleki iri gabaraly zatlar (telewizorlardan, magnitofonlardan we radioenjamlardan başgasy), düzgün boýunça, ýolagçylardan daşamak üçin ýük hökmünde kabul edilýärler. Emma daşaýjy, mümkin boldugyndan, bu görkezilen   zatlary bagaž hökmünde alyp biler. Bu zatlaryň daşaýyşlary nyrhlary ulanmagyň kadalaryna laýyklykda ýolagçy tarapyndan tölenilýär.

12. Telewizorlar, magnitofonlar we radioenjamlary daşamak üçin aýry gapda bagaž hökmünde alynýar. Olar daşalanda nyrhlary ulanmagyň kadalarynda bellenilen möçberden ýokary bolan agramy bolanda, her bir ornuň hakyky agramy üçin bagaž nyrhy boýunça töleg alynýar.

13. Ýolagçy daşamak üçin gadagan edilen ýa-da şu Kadalarda bellenen daşamagyň aýratyn şertlerini berjaý etmän tabşyrylan närseleriň bagažda daşalmagy üçin jogapkärçiligi çekýär.

Bozulmalaryň ähli wakalary boýunça ykrarnamalar düzülýär. Daşamak üçin gadagan edilen zatlar degişli döwlet edaralaryna geçirilýärler we ýok edilýär.

 

 Bagažy gaplamak

1. Bagaž hökmünde daşalýan zatlar  daşamak üçin amatly bolan, tutawaçly çemodanlara, sumkalara, düwünçek we beýleki şuňa meňzeş gaplara gaplanmaly. Gutular, gapyrjaklar we sebetler  daşy daňylan bolmaly we götermek üçin ýaramly bolmaly. Gulplar gurat we ýapyk bolmaly. Gapaklar, düýpleri we diwarlary yşsyz we bir-birne jebis ýanaşyp durmaly. Ýüpler ýa-da guşaklar berk we düwülen ýerleri bolmaly däl.

Gulplary bolmadyk çemodanlar, sumkalar, portfeller, sebetler ýörite gaplanan bolmaly.

Bagaža tabşyrylýan orunlaryň gaplamasy daşaýyşda ähli amallaryň ýerine ýetirilýän  wagty adaty ýagdaýda göterilende olaryň içindäkileriň abat saklanylmagyny üpjün etmeli.

2. Bagaža tabşyrylýan her bir ornuň aýry gaplamasy bolmaly. Aýry gaplanan iki ýa-da ondan hem köp zatlary bir orunda ýerleşdirmek, şol sanda çemodanlara dolanan zatlary daňmak GADAGAN EDILÝÄR.

Hojalyk torlaryna gaplanan zatlar bellige alnan bagaž hökmünde daşamaklyga alynmaýar. Olar daşaýjy bilen ylalaşmak arkaly ýolagçy bilen salonda daşalyp bilner.

3. Gaplamasynda ýiti çykyp (çüýler, gyrasyna dakylýan metal lentalaryň uçlary, simler we ş.m.) duran zatlary bolan bagaž, şeýle hem gurat däl gaplamaly bagažy daşamaklyga GADAGAN EDILÝÄR.

 

 Mugt daşamak üçin  bagažyň möçberi

1. Bagažyň mugt daşamak üçin möçberi howa gämisiniň görnüşine baglylykda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň kadalaryna, gözükdirijilerine we buýruklaryna laýyklykda bellenilýär.

2. Bellenilen möçberleriň çäginde bagažy mugt geçirmek (daşamak)  hukugy her bir uly ýaşly ýolgça (şol sanda ýeňillikli, mugt we gulluk awiabiletleri bolan), şeýle hem  çaga awiabileti boýunça daşalýan çaga berilýär. Çagasyny mugt daşaýan ýolagçy çaganyň bagažyny mugt daşamak hukugy berilmeýär.

3. Bagažy mugt daşamak möçberi şulara ýaýramaýar:

adyna we niýetlenilişine  garamazdan gaplanan görnüşindäki ölçegleri 0,5x0,5x1,0m ýokary bolan ýolagçylaryň zatlaryna;

adyna we niýetlenilişine  garamazdan,  bir ornuň agramy 30 kg ýokary bolan ýolagçynyň zatlaryna, çemodanlaryna, sumkalara, gutulara;

güllere, ösümlik nahallaryna,  gök otlara (gök sogan, petruşka, şawel, ukrop, ysmanak, kinza, reýhan we ş.m.), guradylan ösümliklere (gapda), agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň şahalaryna, 5 kg köp agramly ir-iýmişlere, gök we bakja önümlerine;

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň feldýegerleri  ýa-da beýleki edaralarynyň işgärleriniň ýany bilen äkidýän hatlara;

haýwanlara (öý we ýabany), guşlara, diri balyklara, bal arylaryna we beýleki diri jandarlara, kör ýolagçylaryň  ýany bilen gidýän iýdiji-itlerden başgasyna; iýdiji-itler mugt daşamagyň möçberiniň hasabyna daşalýarlar.

Ýokarda sanalyp geçilen zatlaryň daşaýyşlary adyndaky “Türkmenhowaýollary” gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda olaryň hakyky agramy boýunça tölenilýär.

4. Umumy maksatda we bir howa gämisinde bir ugurda şol bir barmaly nokadyna  gidýän ýolagçylar (delegasiýa, syýahatçylar, ýolhaty bilen gidýänler, sport we beýleki toparlar we ş.m.) daşalanda(resminama bilen tassyklanan),  ýolagçylaryň talap etmegi ýa-da olaryň razyçylygy bilen bagažy mugt daşamagyň birleşdirilen möçberi berilýär, ol bu toparyň ýolagçylarynyň bagažyny mugt daşamagyň toparlaýyn möçberi bolup durýar. Bagažy daşamagyň toparlaýyn möçberi ulanylanda bagažy kabul etmek we bermek bilen baglanyşykly ähli amallar toparyň ýolbaşçysy tarapyndan resmileşdirilýär.

Bagažy mugt daşamagyň toparlaýyn möçberi maşgala agzalary daşalanda hem ulanylýar.

 

Tölegli bagaž

1. Mugt daşamagyň möçberinden ýokary bolan möçberde  ýolagçynyň goşlaryny daşamak üçin töleg bellenilen nyrh boýunjça tölenilýär.

2. Ýolagçy daşaýjy bilen ylalşyp, daşalýan bagažyň orun sanlaryny we agramyny azaltmaklyga hem-de köpeltmeklige haklydyr.

3. Ýolagçynyň ugurda daşalýan bagažyny köpeltmek islän halatynda ol mugt daşamagyň möçberinden ýokary bolan ýa-da öň tölenen daşaýyşyň agramyndan ýokary bolan agramly bagažyň daşaýyş gymmatyny (bahasyny) tölemeklige borçlanýar. Ýolagçynyň ugurda daşalýan bagažyny azaltmak islän halatynda ol daşaýja tölenen daşaýyş tölegi boýunça hiç hili gaýtadan hasaplaşyklary geçirmeýär.

4. Daşaýjy barmaly aeroprtunda ýa-da düşülip geçilýän aeroportda bagažyň agramyny barlamaga hukugy bardyr. Eger-de ýolagçynyň mugt daşamagyň bellenilen möçberinden ýokary bolan ýa-da bagaž töleg hatynda görkezilenden ýokary bolan bagažy geçirýändigi  we ony tölemändigi bellenilse, onda ol daşaýja bagažyň bu böleginiň gymmatyny tölemeklige borçly.

 

 Bagažyň gymmatyny yglan etmek

1. Bagaž daşaýyşa yglan edilen gymmaty bilen tabşyryp bilner. Yglan edilen gymmat bagažyň hakyky gymmatyndan ýokary bolmaly däl.

Ýolagçynyň daşamak üçin tabşyrýan bagažynyň gymmatyny yglan edende, daşaýjy ýolagçydan bagažyň içindäki zatlara gözden geçirmekligi talap edip biler we yglan edilen gymmatyň we bagažyň içindäki zatlaryň gymmatynyň aýdyň barabar gelmeýänligini anyklasa, onuň hakyky gymmatyny kesgitlemeklige ýa-da yglan edilen gymmatly bagažy daşamak üçin kabul etmekden ýüz öwürmeklige haklydyr.

2. Bagaž hökmünde daşamak üçin kabul edilýän ähli zatlar abat gaplamada ýerleşdirilen bolmaly.

3. Bagažyň gymmatynyň yglan edilmegi üçin nyrhlary ulanmagyň kadalarynda bellenilen ýygym tutulyp alynýar.

 

 Bagažy bermek

1. Bellige alnan bagaž bagaž töleg hatyny berýän adama bagažy kabul ediji-tabşyryja bagažyň her bir ornuna berlen  bagaž birkasynyň ýyrtylýan talonyny  tabşyranyndan soň berilýär.

2. Bellige alynmadyk bagažy ýolagçy howa gämisiniň bortundan bagažy kabul ediji-tabşyryja awiabileti berenden soň alyp biler.

3. Bagaž ony daşamak üçin kabul edilende, onuň ahyrky eltilmeli diýlip hasap edilen  aeroportunda berilýär. Emma ýolagçynyň haýyşy boýunça aralyk aeroportda berlip bilner, eger-de bu ýagdaý uçýan gäminiň giç galmagyna getirmeýän bolsa.

4. Bagaž töleg haty  ýa-da bagaž birkanyň ýyrtylýan talony ýitirilen ýa-da berilmedik ýagdaýynda,  bagažy almaklyga ymtylýan adam bu bagažy almak hukugy üçin   ýeterlik subutnama berende berilýär. Şeýle ýagdaýda bagaž ykrarnama boýunça berilýär.

5. Bagažyň ýetmezçilik eden ýa-da zeper ýetirilen ýagdaýynda, aeroport bellenilen görnüşde täjirçilik ykrarnamasyny düzýär. Ykrarnamanyň bir nusgasy ýolagça berilýär.

Resmileşdirilmedik bagaž alnanda onuň näsazlyklary bagažyň eýesiniň täjirçilik ykrarnamasy boýunça daşaýja nägilelikleri we hak isleýişleri bermek  hukugyndan mahrum etmeýär, eger awiasiýa kärhanasynyň wezipeli adamlary täjirçilik ykrarnamasyny düzmekden ýüz öwüren bolsalar we olaryň hereketleri bagažyň eýesi tarapyndan arz-şikaýat edilen bolsa.

6. Ýolagçy eger onuň ahyrky eltilmeli diýlip hasap edilen  aeroportuna gelen güni bagažy berilmedik bolsa, ol bagaž ýitirilen hasaplamaga we arz-şikaýat bermegiň esasynda onuň gymmatynyň öwezini dolunmagyny talap etmäge haklydyr.

 

Bagažy saklamak

1. Barylmaly aeroportuna gelen bagaž gelen gününi hasaba alyp, iki günüň dowamynda mugt saklanylýar. Soňky günlerde bagažy saklamak üçin nyrhlary ulanmak kadalarynda bellenen töleg alynýar.

Bagažyň eýesi tarapyndan bagaž gelen gününden başlap  30 günüň dowamynda alynmadyk ýagdaýynda talap edilmedik diýlip hasaplanylýar we ýerlenmäge degişli bolýar.

2. Resminamasyz bagaž, ýagny bagaž birkasy bolmadyk we eýesi kesgitlenilmedik bagaž  bagažyň howa gämisinden düşürilen aeroportunda eýesiniň gözleg işleri alyp barylýan, ýöne 6 aýdan köp däl wagtyň dowamynda saklanylýar. Bu möhlet tamamlanandan soň resminamasyz bagaž ýerlenilýär.

3. Eýesi gözleg işleriň netijesinde kesgitlenen resminamasyz bagaž bu bagažy alan ahyrky aeroportunda bagažyň eýesine onuň gelendigi barada ýazmaça habar berenden soň 30 günüň dowamynda saklanylýar. Görkezilen möhlet tamamlanandan soň bu bagaž talap edilmedik diýlip hasaplanylýar we ýerlenmäge degişli bolýar. 

4. Ýolagçynyň bellige alynmadyk, howa gämilerinde, aeroportlarda, şäher howa menzillerinde ýatdan çykarylan ýa-da ýitirilen bagažy we goşlary talap edilmedik bagažyň saklanyş kameralarynda 30 günüň dowamynda saklanylýar, we ondan soň bellenilen tertipde ýerlenýär.