Onlaýn sargytlaryň düzgünleri

 

Onlaýn sargytlaryň düzgünleri

Awiabiletleri onlaýn bronlamagyň we töleg geçirmegiň düzgünleri.

«Türkmenistan «awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk – Awiakompaniýa) şu Düzgünler bilen göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde Awiakompaniýanyň gatnawlarynda ýerleri internet arkaly bronlamak we internet arkaly töleg geçirmek (mundan beýläk – “Bronlamak”, “Töleg”) boýunça öz hyzmatlaryny berýär. Hyzmatlardan peýdalanmazdan öň, her bir Ulanyjynyň (mundan beýläk – Müşderi) şu Düzgünler bilen tanyşmagy zerur. Awiakompaniýa, Müşderä öňünden habar bermezden, Düzgünleri üýtgetmek hukugyny özünde galdyrýar. Täze düzgünler, Awiakompaniýanyň (www.turkmenistanairlines.tm) saýtynda ýerleşdirilen pursatyndan başlap, güýje girýär.

Bronlama prosedurasy 3 sany tapgyrdan ybaratdyr:

Birinji tapgyr amatly uçuş ugrunyň saýlanyp alynmagyndan, şu Düzgünleriň şertleri, Oferta şertnamasy, Nyrhlaryň ulanylyşynyň Düzgünleri, Gizlinlik syýasaty, Awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça Gözükme, Awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň Gözükmesi, Halkara howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri we Türkmenistanyň ýerli howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri bilen Müşderiniň tanyşandygyny hem-de ähli şertleri kabul edýändigini tassyklaýar. Uçuşy, gatnatmanyň görnüşine we aýratynlyklaryna laýyklykda, ugruň opsiýalaryny ulanmak arkaly meýilnamalaşdyrmak maslahat berilýär: halkara ýa-da içerki, Türkmenistanyň raýatlary/raýat dälleri, bir ugra ýa-da gidiş-geliş, ýolagçylaryň kategoriýasyny we sanyny hem-de uçuşyň senesini bellemek bilen. “Gatnawy Tapmak” komandasyny berip, indiki elektron sahypasyna geçmeli.

Ikinji tapgyr, amatly bolan nyrhy, onuň düzülişiniň we awiabiletiň klasynyň jikme-jik düşündirilişi bilen saýlap almakdan ybarat, şeýle-de saýlanyp alnan gatnawa ýerleriň/awiabiletleriň bronlanmagyny hem öz içine alýar.

Üçünji tapgyr, saýlanylyp alnan nyrhy hasaba almak bilen, Awiabiletiň sargytnamasy resmileşdirilýär we onuň tölegi geçirilýär. Sargytnama resmileşdirilende, hökmany doldurylmaly diýlip görkezilen boşluklaryň ählisini doldyrmak, tölegiň görnüşini doldurmak we düzülen Sargytnamada görkezilen möçberdäki pul serişdelerini geçirmek zerur bolup durýar.

Müşderi tarapyndan Awiakompaniýanyň saýtynda sargytnamanyň resmileşdirilmegi islendik ýagdaýda Oferta şertnamsyny baglaşandygyny we gol çekendigini aňladýar we şertnamada göz öňünde tutulan borçnamalary Müşderiniň üstüne ýükleýär.

Sargytnamada görkezilen awiagatnatmanyň bahasynyň töleginiň tassyklanan ýagdaýynda, Awiabiletiň resmileşdirilmegi amala aşyrylýar. Müşderi tarapyndan tölegi geçirilen Awiagatnatma barada doly maglumatlary öz içine alýan we sargytnama resmileşdirilende Müşderiniň görkezen elektron salgysyna gelip gowşan her bir ýolagçy üçin Ugur kwitansiýasy - Awiabiletiň satyn alnandygynyň tassyknamasy bolup durýar. Müşderi tarapyndan resmileşdirilen sargytnamalar gutarnykly häsiýete eýedir. Sargytnama boýunça töleg geçirilenden soň, Müşderiniň elektron salgysyna Ugur kwitansiýasynyň gelip gowşandygyna göz ýetirmegi zerurdyr.

Müşderi tarapyndan Sargytnama düzülen wagtynda berilýän maglumatlaryň takyklygy we dogrulygy üçin Awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. Müşderi tarapyndan gatnaw we/ýa-da gatnatma senesi saýlanylyp alnanda ýalňyşlyk goýberen ýagdaýynda, Awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi, awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň tutulmagy bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem, şahsy maglumatlar girizilende ýalňyşlaryň, takyksyzlyklaryň goýberilmegi bilen baglanyşykly mümkin bolan ähli täjirçilik töwekgelçiliklerini (täze sargytnamanyň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/gaýtarylmazlygy we ş.m.) Müşderi öz üstüne alýar.

Awiabilet saýt arkaly satyn alnanda, howa gatnatmasy barada Awiakompaniýa bilen ýolagçynyň arasynda gatnatma şertnamasy baglaşylýar, bu şertnama laýyklykda, ähli şertnamalaýyn borçnamalar (gatnatma üçin tölegi ýolagçynyň özüniň töländigine ýa-da tölegiň başga şahs tarapyndan amala aşyrylandygyna bagly bolmazdan) gönüden-göni görkezilen taraplaryň arasynda ýüze çykýar.

Birnäçe Awiabilet ýa-da gaýry şahslar/ýolaçylar üçin Awiabilet bronlaýan Müşderi gatnatmanyň ähli şertlerini we beýleki zerur bolan maglumatlary bu uçuşa gatnaşýan ähli ýolagçylaryň dykgatyna ýetirmeklige borçludyr. Gatnatmanyň şertleri barada olara habar berilmändigi we olaryň gaýry zerur bolan maglumatlarynyň alynmandygy babatynda Ýolagçylaryň we Müşderiniň şikaýatlary kabul edilmeýär.

Bir Müşderiniň/ýolagçynyň adyna saparlaryň uçuşlaryň birmeňzeş meýdanlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe bronlamalar (sargytnamalar) döredilmeli däldir. Uçuşlaryň birmeňzeş meýdanlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe sargytnamalaryň bir wagtda bolmagyna “iki bronlama” diýlip at berilýär. Iki bronlamagyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, awiakompaniýanyň ähli gaýtalanýan sargytnamalary, şol sanda eýýäm Awiabiletler çykarylan sargytnamalary hem, öňünden habar bermezden, ýatyrmaklyga haky bardyr. Bu ýagdaýda pul möçberleriniň gaýtarylyp berilmegi Awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, Awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleri saklap galmak bilen amala aşyrylýar. Müşderi ýolagçylaryň islendigine “iki bronlama” döretmek boýunça hereketleri bilen bagly ähli mümkin bolan täjirçilik töwekgelçilikleri (täze sargytnamanyň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/gaýtarylmazlygy we ş.m.) öz üstüne alýar.

Müşderi tarapyndan sargytnamanyň düzülen wagty ähli uçuşlaryň bronlamakda görkezilen görnüşindäki berk yzygiderlilikde ýerine ýetirilmelidigini göz öňünde tutmagy zerurdyr. Müşderiniň/ýolagçylaryň gatnawlaryň haýsydyr birine gelmezligi ähli beýleki gatnawlaryň (uçuşyň segmentiniň) ýatyrylmagyna getirýär. Awiakompaniýalaryň hereket edýän düzgünlerine laýyklykda, gatnawyň uçmaly wagtyndan öň Awiakompaniýa tarapyndan görkezilen wagtyň dowamynda gatnatmadan ýüz öwürmeklik hem gatnawa gelmezlik (NO SHOW) diýlip hasap edilip bilner.

Uçuşyň ugry saýlanyp alnanda, Gatnatmada serhedi geçilýän ýurtlaryň wiza düzgünlerini we talaplaryny Müşderiniň/ýolagçynyň özi berjaý etmelidir. Şeýle hem Müşderiniň/ýolagçynyň goş bilen uçýan ýagdaýynda, ol üstaşyr nokatlarda goşuň rugsat berlenden artygynyň düzgünlerini özbaşdak anyklaýar.

Awiabileti bronlamak we tölegini geçirmek, gatnawyň uçýan wagtyndan 24 sagat öňünden gijä galmazdan, mümkindir.

Müşderi Awiakompaniýanyň saýtynda satyn alnan awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça gözükme bilen tanşyp biler.

Bank kartalaryny ulanmak bilen Awiabilet satyn alnanda, Müşderiniň pul serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek we üçünji şahslar tarapyndan bidüzgünçilikleriň öňüni almak maksady bilen, bank kartalarynyň ulanylmagy bilen Awiabilet satyn alnan wagtynda, Müşderiniň pul serişdelerine degişlilikde üçünji şahlaryň düzgün bozujy hereketlerinden gorap biljek käbir peýdaly maslahatlar bilen tanyşmaklygy teklip edilýär.

Tanamaýan adamlaryna Müşderi öz bank kartynyň maglumatlaryny (PIN-kod, bank kartasynyň belgisi, kartanyň ýörite kody, kod sözüni we beýleki parollary), şahsy maglumatlary, pasport maglumatlary aýtmaly däldir. Bu maglumatlar Müşderiniň bank karty boýunça düzgün bozma amallarynyň amala aşyrylmagy üçin ulanylyp bilner. Şeýle-de, öz şahsy maglumatlaryny, kimiň talap edýändigine garamazdan, telefon ýa-da elektron poçta arkaly bermeli däldir.

Müşderi öz şahsy maglumatlaryny aýawly saklamaga borçlanýar.

Müşderiniň şahsy maglumatlaryny öz içine alýan resminamalary köpçülik ýerlerinde: şol sanda, ofisde, myhmanhanada, aeroportda gözegçiliksiz goýup gitmeli däldir. Şeýle-de, şahsy maglumatlary, bank kartalarynyň belgilerini, PIN-kodlaryny we parollaryny öz kompýuterlerinde ýa-da mobil telefonlarynda saklamazlyga çalyşmaly. Bu maglumatlar elektron tor arkaly ýa-da Müşderiniň emlägini ýöne ogurlamak arkaly jenaýatçy şahslar üçin elýeter bolup biler. Müşderi haýsydyr bolsa, bir tölegleri amala aşyrmak üçin öz plastik kartasyny başga şahslara bermeli däldir. Müşderiniň adyna çykarylan plastik karta boýunça diňe Müşderiniň amallary amala aşyrmaklyga hukugynyň bardygyny ýatda saklamak zerur.

Müşderi hemişe öz bank amallarynyň gözegçiligini amala aşyrmaly. Diňe Müşderiniň amala aşyrylan amallar boýunça tölegleriniň tutulandygyna göz ýetirmek üçin, sargytnamalaryň tassyknamalaryny we bank hasaplaryndan göçürmeleri gelen dessine barlamagy zerur. Islendik gabat gelmezlikler barada Müşderi öz bankyna gaýragoýulmasyz habar bermeli.

Ýolagçynyň baryş nokady bolan ýurduna girmekligi ýa-da hereket ediş nokady bolan ýurdundan çykmaklygy üçin zerur bolan resminamalarynyň ýoklugy üçin Awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. Awiakompaniýa zerur bolan resminamalary bolmadyk ýolagçyny gatnatmagy ret etmek hakyny özünde galdyrýar.

Awiabiletiň eýýäm bölekleýin ulanylan ýagdaýynda, ret etmegiň resmileşdirilişi nyrhy ulanmak şertleri bilen kadalaşdyrylar.