Gizlinlik düzgünleri

 

Gizlinlik düzgünleri

Gizlinlik syýasaty.

«Türkmenistan «awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, mundan soň Awiakompaniýa diýlip atlandyrylýan, öz müşderileri hakyndaky maglunatlaryň gizlin saklanylmagyny üpjün etmekligi borçlanýar.

Biz öz saýtymyz arkaly Siziň Awiakompaniýa ýollaýan maglumatlaryňyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we diňe kanuny maksatlar bilen ulanylmagynyň berjaý edilmegi bilen, gizlin saklanmagy hakynda alada edýäris.

Biz, Siziň talapnamaňyzyň işlenmegi üçin ulanylmagyndan başga ýagdaýlarda, Sizden öňünden rugsat almazdan ýa-da kanuny borjumyz bolmazdan, hiç haçan Siziň şahsy maglumatlaryňyzy bilkastlaýyn üçünji şahslara geçirmeris.

Siz bize ýollan maglumatlaryňyzy, biziň bilen habarlaşyp, hemişe barlap bilersiňiz.

Maglumatlaryň goralyşy

Biz maglumatlaryňyzyň kanundan daşary girilmeginden, üýtgedilmeginden, açylmagyndan ýa-da ýok edilmeginden goralmagy üçin zerur bolan çäreleri görýäris. Bu çäreler maglumatlaryň ýygnalyşynyň, saklanylyşynyň we işlenilişiniň we howpsuzlyk çäreleriniň içerki barlaglaryny, şeýle-de, biziň şahsy maglumatlary goraýan ulgamlarymyza bikanun girilmeginiň öňüni almak üçin, maglumatlaryň fiziki howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri öz içine alýar.

Biz müşderileriň şahsy maglumatlaryna girmek mümkinçiligini diňe bu maglumatlar olaryň işi, biziň hyzmatlarymyzyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin zerur bolan Awiakompaniýanyň işgärlerine, satyjylaryna we agentlerine berýäris. Bu şahslar görkezilen maglumatlaryň gizlinligini şertnamalaýyn esasda saklamaga borçludyrlar.

Howpsuzlyk syýasaty

www.turkmenistanairlines.tm saýtynda gatnaw bronlananda Siziň şahsy maglumatlaryňyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin, Siziň maglumatlaryňyzyň howpsuz geçirilmegi maksady bilen, howpsuz birleşmeleriň şifrlemegiň 128 bit SSL (Secure Sockets Layer) protokolyny ulanyň. Bu birleşme Siziň şahsy maglumatlaryňyzy, Internet arkaly geçirilen wagty okamak mümkin bolmaz ýaly, kredit/debit kartaňyzyň belgisini hem öz içine almak bilen şifrleýär.

Siziň internet-brauzeriňiziň SSL goldamaýan ýagdaýynda, geçirilýän tranzaksiýalaryňyzyň howpsuzlyk derejesini artdyrmagyňyz üçin, biz brauzeriňiziň häzirki görnüşini (wersiýa) iň soňkusyna täzelemegiňizi Size maslahat berýäris. Eger şeýle etmeseňiz, Siziň iberýän şahsy maglumatlaryňyz ýeterlik goralman bilner we bu ýagdaýda Awiakompaniýa ähli jogapkärçiligi öz üstünden aýyrýar.

Elektron hat iberilmegi

Awiakompaniýanyň elektron hat iberilmegi ýaly hyzmatyna ýazylmak bilen, Siz maglumat býulletenlerini hem-de, soragnamalar we ýörite teklipler ýaly, başga habarlary ugratmak üçin öz elektron poçta salgyňyzy ulanmaklyga rugsat berýärsiňiz. Elektron hat iberilmegi hyzmatyna Siz ýygy-ýygydan uçýan ýolagçylar üçin niýetlenen Lachyn Miles programmasynyň çäklerinde ýa-da www.turkmenistanairlines.tm saýtynyň «Ýazylyş» bölüminde ýazylyp bilersiňiz. Eger-de Siz mundan soň Awiakompaniýanyň iberýän hatlaryny almak islemeýän bolsaňyz, elektron hatynyň soňundaky «Ýazylyşdan ýüz öwürmek» salgysyna basmak bilen, islän wagtyňyz bu hyzmatdan ýüz öwrüp bilersiňiz.

Cookie-faýllaryň ulanylyşy babatynda syýasat

Cookie (kuki) – bu saýtdan geçirilýän we ulanyjynyň brauzerinde wagtlaýynça saklanýan maglumatlaryň uly bolmadyk bölegidir. Degişli saýtyň sahypasyny açmaklyga indiki gezek synanyşylanda, brauzer cookie-ni yzyna web-serwere ýollaýar. Cookie-faýllar Siziň web-saýta girişiňizi şahsylaşdyrmaklyga we saýta gaýtadan girilende, ulanyjylyk tejribesini kämilleşdirmeklige mümkinçilik berýär.

www.turkmenistanairlines.tm saýty ulanyjylaryň sayt ulanyşlary barada maglumatlary toplamak, ulanyjylaryň ileri tutýan ugurlaryny ýatda saklamak (meselem: ýurt, dil) we saýta girýänleriň retargenting üçin profillerini döretmek maksady bilen, cookie-faýllary ulanýar. Yzarlamak anonim görnüşde amala aşyrylýar we Siz barada hiç hili şahsy maglumatlary öz içine almaýar. www.turkmenistanairlines.tm saýtyna girmek bilen, Siz «Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ cookie-faýllaryny Siziň enjamyňyzda ýerleşdirýändigi bilen razylaşýarsyňyz.

Aragatnaşyk

Öz şahsy maglumatlaryňyzyň goragy baradaky soraglaryňyzy we şikaýatlaryňyzy Awiakompaniýanyň info@turkmenistanairlines.tm salgysyna ýollap bilersiňiz. Biz Size mümkin boldugyndan ir jogap bereris.

Öz şahsy maglumatlaryňyzy gözden geçirmek ýa-da üýtgetmek üçin, şeýle-de öz şahsy maglumatlaryňyzyň Awiakompaniýa tarapyndan ulanylyşy babatynda şikaýatlaryňyzy bildirmek üçin, Siz degişli ýazuwly soragnamany we Siziň şahsyýetiňizi tassyklaýan resminamaňyzyň nusgasyny şu aşakdaky salga ýollap bilersiňiz:

«Türkmenistan «awiakompaniýasy» AGPJ
Aşgabat 744008
Türkmenistan
Telefon : +99 312 391893
E-poçta : info@turkmenistanairlines.tm