Awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça gözükdirmesi

 

Awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça gözükdirmesi

Awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça gözükme.

Resmileşdirilen sargytnamada Müşderiniň we/ýa-da ýolagçylaryň islendiginiň familiýasy we ady, doglan senesi ýaly şahsy maglumatlarynyň üýtgedilmegi sagytnamanyň ýatyrylmagyna, sargytnamada ylalaşylan nyrhlaryň güýjüniň ýitmegine getirýär, sebäbi, sargytnamada ýolagçynyň bu maglumatlarynyň üýtgedilmegi üçin onuň ýatyrylmagy we täzesiniň resmileşdirilmegi zerurdyr. Sargytnama boýunça tölegiň geçirilen we ol boýunça awiabiletleriň çykarylan ýagdaýynda, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy «Türkmenistan» «Awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (mundan beýläk – “Awiakompaniýa”) düzgünlerine laýyklykda we Awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň saklanmagy bilen amala aşyrylýar.

Müşderiniň entek awiabilet çykarylmadyk sargytnamany üýtgetmeklige ýa-da ýatyrmaklyga isleg bildiren ýagdaýynda, ol bu hereketleri amala aşyrmak üçin dessine +99 (312) 39-18-93 belgisi arkaly Awiakompaniýanyň Aragatnaşyk merkezine baglanmalydyr. Sargytnama boýunça eýýäm awiabilet çykarylan ýagdaýynda, Siz şu aşakda beýan edilen hereketleri ýerine ýetirmek bilen, biledi yzyna gaýtarmak amalyny geçirip bilersiňiz. Diňe www.turkmenistanairlines.tm internet saýtynda satyn alnan awiabiletler internet arkaly yzyna gaýtarylyp bilner.

Saýt arkaly awiabilet satyn alnanda, Awiakompaniýa bilen ýolagçynyň arasynda howa gatnatmasy şertnamasy baglaşylýar, bu şertnamanyň esasynda ähli şertnamalaýyn borçnamalar gönüden-göni taraplaryň arasynda ýüze çykýarlar (gatnatmany ýolagçynyň özüniň töländigine ýa-da başga biri tarapyndan geçirilendigine garamazdan). Howa gatnatmasy şertnamasy şu aşakdakylaryň talap etmegi boýunça:
- ýolagçy
- Awiakompaniýa
- meýletin ýa-da göwünsiz ýatyrylyp bilner.

Saýt arkaly satyn alnan bilediň we onuň pulunyň yzyna gaýtarylmagy diňe howa gatnatmasyndan ýüz öwrülýändigi we pul serişdeleriniň gaýtarylmagy hakyndaky arzanyň şu aşakdakylar tarapyndan doldurylmagynyň esasynda amala aşyrylýar:

a ýolagçynyň kämillik ýaşyna ýeten we ukyply bolan ýagdaýynda – ýolagçynyň özi ýa-da ynanç haty berilen şahsyýetiň tarapyndan;

b ýolagçynyň kämillik ýaşyna ýetmedik we/ýa-da ukyply bolmadyk ýagdaýynda – onuň kanuny wekili tarapyndan (ene-atasy, hossarlary we ş.m.).

Saýtda satyn alnan awiabiletiň we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy gatnatmanyň tölegini geçiren şahsyýetiň talap etmeginiň esasynda, diňe ýolagçy tarapyndan (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili tarapyndan) doldurylan howa gatnatmasyndan ýüz öwrülýändigi we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy baradaky arzanyň barlygynda mümkindir.

Awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär:

ýolagçynyň (onuň ynanan şahsyýetiniň ýa-da kanuny wekiliniň) howa gatnatmasyndan ýüz öwürmek we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy baradaky karary üçin;

ýolagçynyň (onuň ynanan şahsyýetiniň ýa-da kanuny wekiliniň) howa gatnatmasyndan ýüz öwurmek we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy hakynda Awiakompaniýa arza ýazmakdan gatnatma üçiň töleg geçiren şahsyýetiň öňünde ýüz öwrendigi, şeýle-de, netijede, ýolagçy (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili) bilen gatnatma üçin töleg geçiren şahsyň arasynda ýüze çykan jedeller üçin.

Ýolagçynyň (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili) diňe gönüden-göni şol ýolagçynyň adyna resmileşdirilen awiabileti yzyna gaýtarmaklyga haky bardyr.

Yzyna gaýtaryljak pul möçberi ulanylan nyrhyň düzgünlerine laýyklykda hasaplanýar, bu düzgünler bilen saýtymyzda ýa-da +993 12 39 18 93 telefon belgisinden ýardam gullugyna ýüz tutmak bilen ýa-da elektron poçta arkaly tanşyp bilersiňiz.

Yzyna gaýtarylmaga degişli bolan pul möçberi, ähli zerur bolan maglumatlar aşakda beýan edilen usul bilen alnandan soň, 20 iş gününiň dowamynda geçiriler.

Awiabiletiň gönüden-göni saýt arkaly bank kartasynyň ulanylmagy bilen tölenen ýagdaýynda yzyna gaýtarylmagy

a Howa gatnatmasy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasynyň yzyna gaýtarylmanyň amala aşyryljak hereket ediş möhleti bar bolsa, onda pul serişdeleri agzalan bank kartasyna geçiriler;

b Howa gatnatmasy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasy yzyna gaýtarylmanyň amala aşyryljak hereket ediş möhleti geçen bolsa, onda pul serişdeleriniň geçirilme usuly her bir aýratyn ýagdaýda kesgitlener.

Awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär:

Howa gatnatmasy üçin tölegiň geçirilmegi bilen ulanylan bank kartasyna pul serişdeleri yzyna gaýtarylanda, daşary ýurt pulunyň konwertasiýasynyň hasabyna we bankyň hyzmatlarynyň tölenmeginden emele gelen pul möçberleriniň tapawudy üçin (bilediň töleginiň gönüden-göni saýtdan bank kartasynyň ulanylmagy bilen geçirilen ýagdaýynda).

Saýtda satyn alnan awiabiletiň we ol boýunça pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy üçin info@turkmenistanairlines.tm elektron poçtasy arkaly aşakdaky jedwelde görkezilen resminamalary ýollamak zerurdyr.

Bilediň töleginiň gönüden-göni saýtdan bank kartasynyň ulanylmagy bilen geçirilen ýagdaýynda yzyna gaýtarylmagy.

Howa gatnatmalarynyň ret edilmegi we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi hakynda arzanyň nusgasy (arzanyň nusgasy şu ýerde);

Ýolagçynyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan islendik başga resminamasynyň nusgasy (fotosuratly sahypasy) (ýolagçynyň ýüz tutan ýagdaýynda);

Ynanan şahsyýetiniň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan islendik başga resminamasynyň nusgasy (fotosuratly sahypasy), şeýle-de ýolagçy tarapyndan berlen ynanç hatynyň nusgasy (ynanç haty berilen şahsyýetiniň ýüz tutan ýagdaýynda);

ýolagçynyň kanuny wekiliniň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan islendik başga resminamasynyň nusgasy (fotosuratly sahypasy), şeýle-de ýolagçynyň kanuny wekilidigini tassyklaýan resminama (kanuny wekiliniň ýüz tutan ýagdaýynda);

Howa gatnatmasy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasynyň güýjini ýitirendigini tassyklaýan resminama (howa gatnatmasy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasy yzyna gaýtarylmanyň amala aşyryljak hereket ediş möhleti geçen bolsa).

Awiakompaniýanyň howa gatnatmasy hakyndaky şertnamany ýatyrmak we pul serişdelerini yzyna gaýtarmak baradaky karary kabul etmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary talap etmeklige haky bardyr.