Ýolagçy gatnawlary üçin düzgünnamalar.

Çagalary gatnatmak

Halkara gatnawlarda 2 ýaşyna ýetmedik çagalar ene-atasynyň elinde bolandygy sebäpli olara uçarda ýer berilmeýär we muňa garamazdan 2 ýaşyna ýetmedik çagalara awiabilet alynmalydyr. Her ýolagça diňe ýekeje çagany eline alyp oturmaklyga rugsat berilýär, şeýle hem her gatnawa 30 çaga çenli çäklendirme goýulan. 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalara bolsa, awiabilet alynmalydyr we uçarda olara aýratyn ýer berilýär. 2 ýaşa ýetmedik çagalar üçin

awiabilediň bahasy uly ýaşly ýolagçy nyrhynyň 10%-i we 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar üçin awiabilediň bahasy uly ýolagçy nyrhynyň 75% tölege degişli bolup durýar. Ýerli gatnawlarda 5 ýaşa çenli çagany mugt gatnatmaga rugsat edilýär we ene-atasynyň elinde bolandygy sebäpli olara uçarda ýer berilmeýär. Ikinji we ondan soňky 5 ýaşa çenli çagalary (INF) gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçyň awiabilediň nyrhyndan 50 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär. 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalary gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçyň awiabilediň nyrhyndan 50 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär.

Uçuşdan öň hasaba alynşyň we uçara münülşiň wagtlary

Halkara gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 3 sagat öň hasaba alnyşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.

Ýerli gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 2 sagat öň hasaba alynşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.

Ownuk haýwanlary we guşlary gatnatmak

Ownuk öý haýwanlary uçaryň salonynda gatnadylyp bilner. Haýwanlar ýöriteleşdirilen kapasada gatnadylmaly we bu kapasa ýolagçynyň öňünde ýerleşen oturgyjyň aşagynda ýerleşdirilmelidir. Öý haýwanyň kapasa bilen birlikde agramy 8 kg-dan geçen halatynda, uçaryň ýük bölüminde ýerleşdirilýär.

Bagažy we el-goşlary gatnatmak

Ýolagça ýany bilen uçaryň salonyna bir şahsy zadyny (portfel, noutbuk, zenan sumkasy) we bir el-goşuny almaga rugsat berilýär. El-goşuň agramy 5kg-dan we göwrümi 50×40×20 sm-dan artyk bolmaly däl. Ýerli gatnawda 20 kg tölegsiz bagaž gatnatmaga rugsat berilýär we muňa 5 kg el-goş hem degişli.

Ýükleriň sany çäklendirilmedik, ýöne olaryň her biriniň agramy 32 kg dan we göwrümi 100×50×50 sm-den geçmeli däldir. Görkezilen çäklendirmelerden geçen halatynda, tölegsiz geçirilýän bagažyň kadasyna laýyk gelmeýär.

Halkara ugurlarda “piece concept” ulanylýar, biznes klasda jemi 40kg/2=her 1 ýer 20kg rugsat berilýär, ekonom klasda 1 ýer 25 kg çenli tölegsiz bagažyň agramy içine girýär we muňa 5 kg el-goş hem degişli. Ýükleriň sany çäklendirilýär we 2-nji ýerine töleg alynýar.

Ýöne olaryň her biriniň agramy 32 kg dan we göwrümi 100×50×50 sm-den geçmeli däldir. Görkezilen çäklendirmelerden geçen halatynda, tölegsiz geçirilýän ýükleriň kadasyna laýyk gelmeýär.