Halkara ugurlarynyň, nyrhlarynyň ulanyş şertleri bilen tanşyp bilersiňiz.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň halkara ugurlaryny “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa gämilerinde ýerine ýetirmek boýunça gatnawlarda ýolagçy nyrhlaryň ulanyş şertleri
Ekonom klass
X - Türkmenistanyň raýatlary üçin
aňryçäk duralga 120 gün
Ugruň görnüşi – bir tarapa (OW).
Daşamak hakyndaky şertnamasynyň ýatyrylmagy (şertleriň üýtgedilmegi) boýunça tölegler:
- Uçuşa gelmedik ýagdaýynda awiabilediň tutumy 100 USD barabar (uçuşdan 60 minut öň we soň) ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl;
Uçuşdan ýüz döndirilen ýagdaýyndaky tutumlar, ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl:
- 72 sagada çenli tutum alynmaýar
- Uçuş wagtyna 72 sagatdan az galanda we 48 sagada çenli tabşyrylan ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 48 sagatdan az galanda we 24 sagada çenli tabşyrylan ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyndan ýüz öwürilen ýagdaýynda gatnawyň ýerine ýetirmegine 24 sagatdan az galanda 25% tutum tutulýar;
- Gatnaw gatnadyjy tarapyndan ýatyrylan ýagdaýynda 0 % tutum tutulmaýar (doly gaýtaryp berilmeklige degişlidir);
Uçuş wagtyny üýtgetmek üçin tutumlar:
- 72 sagada çenli tutum alynmaýar
- Uçuş wagtyna 72 sagatdan az galanda we 48 sagada çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 48 sagatdan az galanda we 24 sagada çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda gatnawyň ýerine ýetirmegine 24 sagatdan az galanda 20% tutum tutulýar;
- Gatnaw gatnadyjy tarapyndan ýatyrylan ýagdaýynda 0 % tutum tutulmaýar (doly gaýtaryp berilmeklige degişlidir);
Ýolagçynyň ýany bilen gidýän çagalar üçin ýeňillikler:
- INF kategoriýaly ýolagçylar üçin 2 ýaşa çenli 90% ýeňillik berilýär; halkara ugurlarda ata-enesi aýry milletden bolan INF kategoriýaly ýolagçylar ata-enesiniň ulanýan nyrhynyň görnüşine, ýagny, şol awiabilede baglap resmileşdirmäge degişlidir. Şeýle hem, halkara gatnawlarda ata-enesiniň haýsy hem bolsa ýeke özi iki sany ýa-da ekiz çagalary bolanda, uçuşda howpsuzlygy üpjün etmek maksady nilen, iki sany INF derejeli ýolagçynyň birini INF beýlekisini CHD derejeli ýolagçy hökmünde tşlegli resmileşdirmekligi üpjün etmeli.
- CHD kategoriýaly ýolagçylar üçin 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli 25% ýeňillik; şu agzalan ýolagçynyň derejesi üçin raýatlygyna baglylykda, aýratyn ýer bilen üpjün edilip awiabilet resmileşdirmeklige degişlidir.
- Aşgabat – AbuDabi/Dubaý – Aşgabat halkara ugurlarynda tölegli bagaž “piece concept” boýunça biznes klas mugt daşalýan bagažyň möçberi 2ýer *25kg=50kg, ekonom klasda 2ýer*20kg=40kg ( şol sanda 7kg el goşy öz içine alýar) resmileşdirmäge degişlidir we agzalmadyk beýleki ugurlarda mugt daşalýan bagažyň kadasy “piece concept” boýunça biznes klas mugt daşalýan bagažyň möçberi 2ýer*20 kg = 40kg bir ýer (şol sanda 7kg el goşy öz içine alýar) we ekonom klas mugt daşalýan bagažyň möçberi 32kg bir ýer (şol sanda 7kg el goşy öz içine alýar)
- Aşgabat – AbuDabi/Dubaý – Aşgabat ugurlarda kadadan artyk bagažyň nyrhy 50,0 ABŞ-nyň dollary möçberinde, Pekin – Aşgabat ugurlarynda 100,0 ABŞ-nyň dollary we beýleki agzalmadyk ugurlarda 80 ABŞ-nyň dollary möçberinde bellenilendir.