Hormatly ýolagçylar üns beriň!

Aşgabat halkara howa menzili Aşgabat şäheriniň Häkiminiň 02.11.2020ý. seneden çykaran №1738 Kararyna laýyklykda, etrap häkimliklerinde döredilen toparlar tarapyndan Aşgabat şäherinden welaýatlara gitmäge isleg bildirýän raýatlaryň yüzlenmelerine seredilip, degişli toparyň rugsatnamasy esasynda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan COVID-19 keseliniň ýokdygy barada lukmançylyk kepilnamasy bolan ýagdaýynda uçuşlara goýberilýändigi barada habar beryär.

Aşgabat şäheriniň çäginden welaýatlara gidip-gelmek üçin adamlara şu aşakdaky ýagdaýlarda rugsat berilýär:

  • Merhumy jaýlamak we belli günleri bilen baglanşykly däp-dessurlaryny ýerine ýetirmek;
  • Gaýragoýulmasyz ýarawsyzlyk ýägdaýlarynda;
  • Ýakyn dogan-garyndaşlarynyň toý dabaralaryna gatnaşmak (toý edilýäinligi barada degişli döwlet edarasy tarapyndan berilen tassyklayjy resminamasy bolmaly);
  • Gulluk zerurlygy sebäpli iş saparyna gitmek (degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy tarapyndan berilen tassyklanan gulluk iş saparynyň resminamasy bolmaly);
  • Bagşa gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda;
Yza