«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diýip atlandyrylýar (mundan beýläk awiakompaniýa) we onuň garamagyndaky online awiabilet satuw saýtynyň turkmenistanairlines.tm hyzmatyny ulanýan ýolagçylaryň familiýasy we ady, doglan senesi ýaly şahsy maglumatlarynyň üýtgedilmegi sargytnamanyň ýatyrylmagyna, sargytnamada ylalaşylan nyrhlaryň güýjüniň ýitmegine getirýär, sargytnamada ýolagçynyň bu maglumatlarynyň üýtgedilmegi üçin awiabiledy ýatyryp we täze awiabilet resmileşdirilmegi zerurdyr. Sargytnama boýunça töleg geçirilen we ol boýunça awiabiletleriň çykarylan ýagdaýynda, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda we awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenilen tutumlaryň saklanmagy bilen ýolagçynyň awiabilet üçin töleg amala aşyran plastik kartyna gaýtarylýandygy we aşakdaky görkezilen maglumatlar bilen tanşyp bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.

Hormatly ýolagçylar www.turkmenistanairlines.tm web sahypasynda görkezilen maglumatlary doly we dogry doldurmagyňyzy we töleg tölenmedik ýagdaýynda, ýolagçy maglumatlary ýalňyş görkezen ýagdaýynda, bilet üçin sargyt goýlanda görkezilen möhlet gutarandan soň awtomatiki usulda ýatyrylar.

Eger şahsy maglumatlaryňyzy 3 harpdan kän nädogry doldurylan ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.

Ýolagçynyň (onuň ynanan şahsyýetiniň ýa-da kanuny wekiliniň) howa gatnawyndan awiabiledyny ýatyrmak we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarmak hakynda arzany ýazmakdan gatnaw üçiň töleg geçiren şahsyýetiň öňünde ýüz öwrendigi, netijede ýolagçy (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili) bilen gatnawy üçin töleg geçiren şahsyň arasynda ýüze çykan jedeller üçin.

Online awiabilet satuw saýtyndan Maglumat howpsuzlyk çäreleri esasynda ýolagçynyň töleg amala aşyrýan kartyňyzyň CVC belgisi web sahypada belligi alynmaýar we bankyň sahypasynda girizilýändigi barada habar berýäris.

Şahsy otaga bellige alanyňyzdan soňra ähli awiabiletleriňiz barada we goşmaça müňkinçilikler bilen tanşyp bilersiňiz.

Online awiabilet satuw saýtyndan www.turkmenistanairlines.tm satyn alnan awiabilety çalyşmak mümkin däl. Diňe degişli tertipde yzyna tabşyryp, soňra bolsa täze bilet almaklyk mümkin. Has giňişleýin maglumat üçin aragatnaşyk merkezine ýüz tutmagy maslahat berýäris.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti www.turkmenistanairlines.tm web saýtyndan başga saýtlarda satyn alnan awiabilet üçin pul serişdelerini yzyna gaýtarmaýar. Awiakompaniýanyň ýokarda görkezilen web saýtyndan satyn alynan awiabilet diňe şol saýt arkaly yzyna gaýtarylýar.