Aşgabat Halkara Howa Menziliniň ýük terminaly
YzaHowa-ýük daşamak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň esasy görnüşleriniň biridir. Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminaly sebitdäki iň uly logistika merkezine öwrülmäge ähli mümkinçilikleri bar. Ýük terminaly ýylda 200 tonna ýük daşamaga ukyplydyr. Ol howa menziliniň günbatar tarapynda ýerleşip, ýük awtoulaglaryna we işgärlerine has çalt we aňsat girişi üpjün etmek üçin öz giriş ýoly bar.
Terminalyň umumy meýdany 17174 m2. Onuň çäginde bäş sany howa gämisi üçin duralga bolan ýük howa rampasy, eksport-import zolagy, iki sowadyjy otag, dürli görnüşli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Türkmenpoçta" döwlet kompaniýasynyň poçta paýlaýyş merkezi bar. Poçta merkezi poçta gaýtadan işlemek we sortlamak otaglaryny, inžener we beýleki hyzmat bermek üçin otaglaryny öz içine alýar. Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminalynda ýük daşamak hyzmatlary, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Weterinariýa gullugynyň edaralary bar.
Ýük terminalynyň döwrebaplaşdyrylmagy
Howa ýüklerini dolandyrýan desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy milli raýat awiasiýasynyň pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminalynda işewürlik-ykdysady taýdan ösüşleri ýola goýmak boýunça birnäçe innowasion tehnologik çözgütler kabul edildi.
Olaryň biri hem LTV-sistema (Liftwating Transfer Vehicle), ýükleri dolandyrmak ulgamy bolup, ol terminalda we rampada ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin elektron platformalary öz içine alýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar barada aýdylanda bolsa, ýük uçary terminalyň duralgasynda saklanýar.
Ýüklemek/düşürmek boýunça işler palletleriň we ýörite ýerüsti dolandyryş enjamlarynyň kömegi bilen geçirilýär.
Ýüklenen ýük terminala daşalýar we bu ýerde operator ýük birliklerinde ştrih-kodly ýazgylary gözden geçirýär we maglumatlar elektron merkeze geçirilýär.
Soňra paletdaky ýük terminala iberilýär we görnüşine laýyklykda ammarlara bölünýär. Zerur bolanda operator talap edilýän zady awtomatiki usulda alýar: ETV-sistema onuň saklanylýan ýerini kesgitleýär we ony ýükleýiş duralgasyna eltýär.
Ýük terminalyň import bölüminde 4 sany ýükleniş meýdançasy bar. Eksport ýükleri bölüminde rentgen we skaner barlagyndan soň, ýükler ýük daşaýjylar ýa-da platformalar tarapyndan ýüklenilýän meýdançasyna eltilýär. Operator paletdaky ýükleri konweýerde ETV-sistemasyna ugrukdyrýar.
Bu bölümde 4 sany ýük göteriş meýdançasy hem bar. ETV-sistemasy uçuşlaryň gün tertibine laýyklykda ýükleri eltýär. Çykarylan harytlar doly ýüklenenden soň, olaryň barkodlary skan edilip, sistemadan aýrylýar. Terminalyň ulaldylýan ULD (birlik ýüklemek enjamlary) üçin awtomatlaşdyrylan saklamak/gözlemek ulgamy bar.
Ýük terminalynyň mümkinçilikleri
Ýük terminaly ýokary zaýalanýan harytlar, gymmat bahaly, lukmançylyk, radioaktiw, oba hojalyk harytlary, mallar we ş.m. üçin ammarlar bilen üpjün edilendir. Ýokary awtomatlaşdyrylan tehnologiki prosesler, ýükleri dolandyrmak we saklamak ulgamy halkara kadalarynyň we talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär.
Şeýlelikde, Aşgabat halkara howa menziliniň ýük terminaly diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde hem iň uly we iň öňdebaryjy howa ýükleri merkezidir. Howa gatnawynyň dünýä tranzit we özboluşly ýük bazaryna has giň gatnaşygy göz öňünde tutup, ýük operasiýalarynyň ösüşi üçin uly mümkinçiligi bar. Türkmen ykdysadyýetiniň innowasiýalara esaslanýan ösüşe geçmegi, esasan, ýük daşamak boýunça hyzmatlara bolan islegiň artmagyna hem uly goşant goşýar.
RA3 sertifikaty: TM/RA3/00001-01
Döwlet: Germaniýa
3-nji ýurt: Türkmenistan
Salgy: Aşgabat halkara howa menzili
Möhlet: 02/09/2024
Işler: Ýük terminalyň ýük daşaýjy boýunça ekspeditory, Ýük bilen işlemek boýunça agent, diňe howa arkaly ýük daşamak
Eksport üçin:
Jemi meýdany 2577,15 m2;
Sowadyjy otag 3 sany, her otag 40 m2;
Haýwanlar üçin ýörite otag 1 sany, 32.20 m2;
Ösümlik üçin ýörite otag 1 sany, 32.20 m2;
Lukmançylyk otag 1 sany, 35,15 m2;
Gymmat bahaly ýükler üçin otag 1 sany, 46.99 m2;
Ýük saklamak üçin tekjeler 9 sany, her tekje 4 gatdan ybarat, ini 1,5 metr, beýikligi 1,2 metr.
Import üçin:
Jemi meýdany 4524,78 m2;
Sowadyjy 3 sany, her otag 53 m2;
Haýwanlar üçin ýörite otag 1 sany, 32.20 m2;
Ösümlikler üçin ýörite otag 1 sany, 32.20 m2;
Luklmançylyk otag 1 sany, 35,15 m2;
Gymmat bahaly ýükler üçin otag 1 sany, 46.99 m2;
Ýük saklamak üçin tekjeler 18 sany, her tekjede 4 gat, ini 1,5 metr beýikligi 1,2 metr;
Howply harytlar üçin ammar 2 sany. umumy meýdany 178,42 m2;
Ýük terminalynyň kabul edişleriniň sanawy
1. Ýükleýji - 1 sany. 7 tonna MFR. 2015 Tripel
2. Ýokary ýükleýji - 1 sany. 15 tonna MFR. 2015 Tripel
3. Hyundai Forklift - 1 sany 3 tonna MFR. 2015
4. Hyundai Forklift - 1 sany 5 tonna MFR. 2015
5. Hyundai Forklift - 1 sany 7 tonna MFR. 2015
6. Smith Detection Hiscan – 4 sany.
-Rentgen barlag enjamy “Hi Scan 100100V-2” görnüşli 2 sany;
-Rentgen barlag enjamy “Hi Scan 6040-2 model 2” görnüşli 2 sany;
7. Göçme detektory Ionscan - Ionscan 600 Smith Detection 2 sany