ÝOLAGÇY BILEN AWIAKOMPANIÝANYŇ WEB SAHYPASYNYŇ ARASYNDAKY DÜZGÜNNAMA WE YLALAŞYK.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň turkmenistanairlines.tm we mobile goşundylary barada online awiabilet satuw saýtynyň ýolagçy bilen awiakompaniýanyň web sahypasynyň düzgünnamasy we ylalaşygy (mundan beýläk – “Ylalaşyk” diýip atlandyrylýar bu bolsa, ýolagçy bilen awiabilet alanynda awiakompaniýanyň şertleri bilen ylalaşýandygyny we awiakompaniýanyň düzgünnamasy bolup durýar) “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk – “Awiakompaniýa” diýip atlandyrylýar) howa gatnawlaryna onlaýn arkaly awiabiletleri resmileşdirmek we başgada awiakompaniýa bilen bagly goşmaça hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de ýolagçy bilen ylalaşygy baglaşmak üçin hukugy bolan islendik ýolagça hereket edýär we online awiabilet resmileşdirmek we goşmaça internet-banking (booking) hyzmatlaryny ulanmak üçin resmi web sahypasy bolup durýar.
“Ýolagçy bilen awiakompaniýanyň web sahypasynyň arasyndaky düzgünnamasy we ylalaşygy” bilen, awiabilet resmileşdirýän ýolagçy tarapyndan web sahypada şu ylalaşygy bilen tanşyp ylalaşýandygy barada ýörite düwmä basmak bilen ähli bikanun hereketleri ýerine ýetiren ýagdaýynda gaýry edaralaryň öňünde ýolagçynyň özi jogapkärçilik çekýär we awiakompaniýa tarapyndan resmi ýagdaýda web sahypada duýrurylyp ýolagçynyň özi “Ylalaşýaryn” düwmesine basyp awiabilet resmileşdirilenden soňra awiakompaniýa ýolagçynyň eden bikanun hereketlerine hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
Şeýle hem, awiakompaniýanyň düzgünlerini bozulýandygy anyklanylan ýagdaýynda we gaýry edaralar tarapyndan bikanun hereketlerini ýerine ýetirýändigi anyklanylyp awiakompaniýa habar berilen ýagdaýynda, awiakompaniýa degişli bolan çäreleri geçirjekdigi barada duýdurýar.
Ylalaşygyň şertleri awiakompaniýanyň adalgalarynyň kesgitlemelerine we hereket edýän düzgünlerine hiç hili üýtgeşme girizmesiz teklip edilýär.
1. Adalgalar we kesgitlemeler:
1.1. Ýolagçy – awiakompaniýanyň saýtynda görkezilen awiabiletleri üpjün etmek, resmileşdirmek we bikanun telekeçilik we awiakompaniýa zyýan ýetiriji işi bilen baglanyşykly bolmaly däl, diňe öz şahsy maşgala agzalary üçin ulanyş maksady bilen awiabileti resmileşdirmek we goşmaça awiakompaniýanyň hyzmatlary bilen baglanyşykly bolan müňkinçilikleri ulanmak üçin doly hukukly (18 ýaşy dolan) fiziki şahs bolmalydygy barada habar berýäris. (Eger ýolagçy ýa-da başgada üçünji taraplar tarapyndan görkezilen bellige garamazdan bikanun işleri ýerine ýetirendigi anyklanylan ýagdaýynda awiakompaniýa bikanun işlerine, düzgün bozulmalaryna jogapkärçilik çekmeýär we bu ugurda düzgüne laýyk degişli çäreleri geçiriljekdigi barada duýdurýarys.)
1.2. Elektron awiabilet (mundan beýläk – awiabilet diýip atlandyrylýar) – uçýan ýolagçynyň awiakompaniýanyň awiabiledi ulanyş şertleri, düzgünnamalary, içerki resminamalary esasynda, ýany bilen alyp biljek ýüki we el goşlary barada maglumatlaryny elektron ýa-da ýazuw görnüşinde görkeziler, awiakompaniýa tarapyndan uçup barýan ýolagçynyň arasynda baglaşylan şertnama bolup howa gämisinde uçmak üçin şertnamasyny tassyklaýan resminama bolup durýar.
1.3. Uçuş ugrunyň awiabiledini – howa gämisinde uçmak baradaky maglumaty, ýolagçynyň uçýan ugry, ýolagçynyň uçýan howa gämisiniň görnüşi, online awiabilet almagyň identifikatory we ş.m. baradaky doly maglumaty öz içinde jemleýän awiabilediň elektron ýa-da ýazuw görnüşinde görkezilen. Zerur bolan ýagdaýynda ýolagça, elektron awiabilediniň satyn alnandygyny tassyklaýan resminama hökmünde, şeýle-de ony habardar etmek üçin, elektron görnüşinde ýollanýar we ýolagçynyň öz şahsy otaga registrirleme işlerini geçireninden soňra öz awiabiletleri bilen tanşyp bilýär hem-de şahsy otagynyň kömegi bilen ýükläp alyp biler ýa-da ähli awiabilet satuw nokatlarynda kagyz görnüşinde alyp biler.
1.4. Elektron awiabilet üpjün etmek üçin saýty we mobile goşundylary – awiakompaniýa tarapyndan tassyklanylýan içerki resminalary, buýruklary, görkezmeleri esasynda uçuşlarynyň rejesine laýyklykda açyk satuwa çykarylýar, howa gatnawlaryna ýerleriň barlygyna ýa-da ýoklugyna, nyrhlar we olaryň ulanylyşynyň düzgünlerine, şeýle-de awiakompaniýa tarapyndan teklip edilýän hyzmatlaryň gaýry şertlerine degişli bolan maglumatlaryny öz içine alýan elektron awiabilet üpjün etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy.
1.5. Awiakompaniýanyň degişli hünärmeni/işgäri – ýolagçylara hyzmat edilmegine gönüden-göni kömek edýär we ýolagçynyň awiabiledi boýunça zerur bolan tehniki ýa-da degişli bolan buýruklar, düzgünnamalar, resminalar esasynda amallary ýerine ýetirýän awiakompaniýanyň işgäri/hünärmeni bolup durýandyr.
1.6. Töleg ulgamlary – Bank tarapyndan online hyzmatlary üçin döredilen awiakompaniýanyň elektron hasabyna online awiabilet we goşmaça hyzmatlar üçin töleg amallaryny kabul edýär, töleg pursatynda şeýle tölegleri almak barada awiakompaniýa bilen baglaşylan, hereket edýän şertnamasy bar bolan gaýry guramalar “Bank online töleg hyzmatlary” bolup durýar we ähli online töleg amallary bankyň öz töleg ulgamlarynda amala aşyrylýar. (Bank tarapyndan geçirilýän tölegleriň maglumatlary we goraglylygy her bir bankyň öz online töleg ulgamyna degişlidir we şol ýerde amala aşyrylýar.)
1.7. Ýolagçy – Şu şertnamanyň şertlerinden, düzgünlerinden ugur alyp awiakompanýanyň düzgünleri bilen ylalaşýar hem-de awiabiledi satyn almaga hukugy bolan, fiziki şahs bolup durmalydyr we ähli jogapkärçilikleri awiabilet üpjün edeninden soňra ýolagçy öz üstüne alýar.
1.8. Awiabilet – saýtda we mobile goşundylarynda saýlanyp alnan ugry we awiakompaniýanyň nyrhyndan hem-de hereket edýän düzgünlerine laýyklykda, elekron awiabiledi satyn almak bilen baglanyşykly bolan hyzmatlaryň berilmegine ýolagçy tarapyndan özi şahsy maglumatlary esasynda resmileşdirilýär. (Eger ýolagçynyň şahsy maglumatlary ters (ýalňyş maglumat) girizen ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär we ters (ýalňyş maglumat) girizilen maglumatlary düzetmek üçin awiakompaniýa awiabilediniň ulanyş şertleri we düzgünleri esasynda mümkinçilikleri bolan ýagdaýynda degişli işleri geçiriler).
1.9. Düzgünnamalar, Buýruklar, Görkezmeler, Içerki resminamalar, Gaýry kadalaşdyryjy resminamalar – awiakompaniýa tarapyndan ýa-da başgada gaýry edaralar tarapyndan tassyklanylýar we ýolagçy bilen awiakompaniýanyň arasynda gönüden göni hereket edýär.
1.10. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary – awiakompaniýanyň resmi saýty www.turkmenistanairlines.tm we Appstore, PlayMarket platformalarynda ýerleşdirilen turkmenistanairlines mobile goşundylary şol sanda ýolagçynyň awiakompaniýanyň düzgünleri bilen tanyşmagyny aňsatlaşdyrmak, şeýle-de elektron awiabiledi islendik internet ulgamy bolan ýerden ýolagçynyň özi awiabiledini üpjün etmek we yzyna gaýtarmak hem-de awiakompaniýanyň online rejesinde hereket edýän hyzmatlaryny peýdalanmak üçin işlenip taýýarlanylan web saýty we mobile goşundylary bolup durýar.
1.11 Tölegler – Resmileşdirilen awiabilet üçin geçirilen töleg baradaky jikme-jik maglumatlary öz içine alýar we awiabilediň nyrhy tölenenden soň, ýolagçy tarapyndan awiabilet üpjün etmek üçin zerur bolan registrirleme işlerini geçirip, onuň şahsy otagynda awiabilediň maglumatlary görkeziler we elektron görnüşinde awiabiledi üpjün edeninden soňra şahsy otagyň kömegi awiabiledi bilen tanşyp biler, elektron görnüşinden ýükläp alyp biler, hem-de online görşinde yzyna gaýtaryp bilýär.
2. UMUMY DÜZGÜNLER.
2.1. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary uçuş üçin saýlanyp alnan ugry, awiakompaniýanyň gatnawlary boýunça maglumatlary gözlemek we awiakompaniýanyň düzgünleri bilen tanyşmak, şeýle-hem, online awiabilet üpjün etmek üçin döredildi. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary diňe şu aşakdakylara laýyklykda hereket edýär:
- Türkmenistanyň hereket edýän Kanunlaryna we Kadalaşdyryjy namalaryna.
- Awiakompaniýanyň tassyklanan Düzgünlerine, gözükdirijilerine, buýruklaryna we gaýry kadalaşdyryjy resminalaryna.
2.2. Şu “Ylalaşyk” awiakompaniýanyň awiabiletleriniň we hereket edýän nyrhlardan internet arkaly online awiabilet resmileşdirmek, goşmaça hyzmatlary girizmek boýunça hyzmatlary bermek baradaky ylalaşyklary baglaşmak boýunça awiakompaniýanyň resmi mobile goşundylary we online awiabilet satuw saýty turkmenistanairlines.tm we turkmenistanairlines atly mobile goşundylary bolup durýar.
2.3. Ýolagçy www.turkmenistanairlines.tm saýtynda berilýän hyzmatlary resmileşdirmek üçin awiakompaniýanyň saýtyndan peýdalanýar, şu online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy hakyky we jedelsiz tassyklaýandygy (ýagny online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň kabul edilendigi hakyndaky tassyklaýjy resminama bolup durýar).
2.4. Beýan edilen şertleri ýolagçy awiabilet üpjün edip ylalaşan ýagdaýynda, ýolagçy bilen awikompaniýanyň web sahypasynyň arasyndaky düzgünnamasy we ylalaşygy kabul edýän fiziki şahs bolýar we şu online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy ähli düzgünleri bilen razylygyny bildirýär. (online awiabilediň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň kabul edilmegi online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasynyň beýan edilen şertlerde ylalaşygy baglaşmak bilen deň güýçlüdir).
2.5. Awiakompaniýanyň saýtynda ýolagçylar üçin düzgünnamalar, uçuş rejeleri, we başgada awiakompaniýa tarapyndan maglumatlary ýolagçylara okap tanyşmak, ylalaşmak üçin ýerleşdirilýär.
2.6. Online awiabilet üpjün edýän ýolagçylar, özleri üçin hem-de öz maşgala agzalaryna awiabilet üpjün edip biler. (Üçünji taraplar ýa-da bikanun hereketleri ýerine ýetirýän raýatlaryň ýüze çykýan meselelerine awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär sebäbi ähli awiabilet satuw amallary awiakompaniýa tarapyndan ähli ýolagçylar üçin açyk ýagdaýda ýerleşdirilýär we duýdurylýar.)
2.7. Online awiabilet alan ýolagçynyň özi töleg amala aşyrman dürli sebäplere görä başga üçünji taraplardan awiabilet alynan bolsa, awiakompaniýa tarapyndan awiabilet alan ýolagçynyň pul serişdelerini gaýtarmak üçin tassyklaýjy/subut ediji resminamalaryny talap ediler, emma awiabilet alynan ýolagçynyň hem-de awiabilet alyp beren adamyň arasynda jedeller ýüze çykan ýagdaýynda awiakompaniýa tarapyndan degişli işleri geçiriler we awiabilet satyn alynan şahsy otaga giriş ygtyýarnamasy bolan telefon belgisi, IP salgysy doly ýagdaýda awiabilet almak mümkinçilikleri ýatyrylar.
2.8 Eger online arkaly birnäçe awiabilet üpjün edip berýän ýolagçy/müşderi/üçünji taraplar anyklanylan ýagdaýynda doly şahsy otaga awiabilet almak üçin girizilen telefon belgileri doly ýagdaýda ýatyrylar. (arza şikaýatlaryň, ýa-da awiabilet üpjün edip berýän müşderiniň birnäçe awiabilet üpjün edip berýändigi anyklanylan ýagdaýynda.)
2.9 Ýolagçy tarapyndan “UMUMY DÜZGÜNLERIŇ” “2.6” “2.7” “2.8” belliklerini bozan ýagdaýynda we awiakompaniýa tarapyndan pul serişdelerini gaýtarmak üçin degişli resmilalar bolman bikanun hereketlerini ýerine ýetirýän ýolagçynyň serişdeleri gaýtarylmasa ýolagçy/müşderi/üçünji taraplaryň we hakyky awiabilet alyp berilen ýolagçynyň arasynda ähli ýüze çykan jedellere awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
2.10. Online awiabilet üpjün edýän ýolagçy online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy tassyklamasyna degişli bolan hereketleri amala aşyrmak bilen, ýolagçy özüniň 18 ýaşynyň dolandygyny kepillendirýär, şeýle-de öz hukuk ukyplylygyny we kämillik ukyplylygyny tassyklaýar.
2.11. “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň turkmenistanairlines.tm saýty arkaly arkaly alan awiabilediňiziň uçuş wagty üýtgese ýa-da ýatyrylan ýagdaýynda, awiakompaniýa tarapyndan ýolagçyny kanagatlandyrmak maksady bilen, awiabilediňizi pul serişdeleri awiakompaniýanyň degişli resminamalary esasynda yzyna gaýtarylar.
2.12 Ýa-da başga senä we başga uçuş ugruna resminama esasynda ýolagçynyň razylygy bilen geçiriler, şunuň bilen baglylykda eger ýolagçy hat üsti bilen, elektron görnüşinde, razylaşan ýagdaýynda awiabilet tassyklanylan we doly ýagdaýda yzyna gaýtarylanda, tutumy awiakompaniýada hereket edýän awiabilediň ulanyş şertine laýyklykda gaýtarylar.
3. TURKMENISTANAIRLINES.TM WEB SAHYPASYNYŇ ULANYLYŞY.
3.1. Elektron awiabilediň tölegi Türkmenistanyň milli pulunda – Manatda ýa-da daşary ýurt pulunda hem-de awiakompaniýanyň nyrhlarynyň ulanylyşynyň hereket edýän düzgünlerine, buýruklaryna başgada awiakompaniýa degişli bolan resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
3.2. Resmileşdirilen awiabilediniň tölegi elektron bank kartalary we awiakompaniýanyň online awiabilet satuw saýty, mobile goşundylary tarapyndan kabul edilýän bank töleg ulgamlary arkaly amala aşyrylýar. Şonda, resmileşdirilen awiabilediň töleginiň geçirilmeginiň şertleriniň berjaý edilmegi we onuň nyrhynyň tölegi üçin ulanylýan töleg kartlary boýunça jogapkärçilik ýolagçynyň özi tarapyndan ulanylýandygy sebäpli doly ýolagçy/töleg geçiriji jogapkärçilik çekýär. (Online awiabilet üçin tölegler, awiakompaniýa tarapyndan amala aşyrylmaýar).
3.3. Ýolagçy tarapyndan online arkaly üpjün edilen awiabilediň hakykylygyny awiakompaniýanyň www.turkmenistanairlines.tm saýtynda ýa-da awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutyp, telefon arkaly, ýolagçynyň öz şahsy otagynda hem-de elektron awiabilet üpjün edilende ýükläp alynan awiabilediň ýüzünde QR kod arkaly awiabiledini barlap bolýar.
3.4. Awiakompaniýa web sahypasynda ýolagçy tarapyndan awiabilet resmileşdirilende ýolagçynyň elektron görnüşinde görkezen maglumatlaryň takyklygyny we dogrulygy üçin awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. (Ýagny awiabilet üpjün edilende ähli zerur bolan maglumatlary ýolagçynyň özi doldurýar, awiakompaniýa tarapyndan maglumatlary girizilmeýär.)
3.5. Awiakompaniýanyň online awiabilet satuw saýtynda we mobile goşundylarynda awiabilet ýolagçy tarapyndan resmileşdirilende, ýolagçy awiakompaniýanyň düzgünnamasy bilen ylalaşýandygyny we razylaşýandygy barada okap tanşyp bilýär we ylalaşýandygy barada düwmä basmak bilen awiabilet resmileşdirilýär.
4. ELEKTRON AWIABILEDI ÜPJÜN ETMEGIŇ WE ÝOLAGÇY GATNAWYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNYŇ DÜZGÜNI.
4.1. Ýolagçynyň saýlap alan uçýan ugrunyň nyrhy, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen nyrhlardan/ nyrhlaryň sazlaşygyndan/ şertlerinden we ýygymlaryndan düzülýär. Elektron awiabilet awtomatlaşdyrylan ulgamynda elektron görnüşinde resmileşdirilýär, olar bilen awiakompaniýanyň saýtynda açyk ýagdaýda okap, tanyşyp bolýar.
4.2. Elektron awiabilet resmileşdirmekden başlamazdan öň, ýolagçy awiakompaniýanyň saýtynda awiabilediň şertleri, nyrhnamalary, düzgünnamalary we umumy düzgünlerini, şu online awiabilediň ýolagçy bilen online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy we gaýry resminamalary öz içine alýan maglumatlar bilen tanyşmaga zerurdyr. Soňra ýolagçy awiabilet üpjün etmek üçin şahsy otaga registrirleme işlerini ýagny telefon belgisi, ady familýasy, elektron poçtasy, açar sözi ýaly maglumatlary dolduryp awiakompaniýanyň 0804 “ýa-da başga nomera üýtgedilen ýagdaýynda” gysga telefon belgisinden gelen sms kody tassyklap bellige alynmagy zerur bolup durýar. Awiakompaniýanyň saýtynda “Düzgünler bilen tanyşmak” bölüminde ýerleşdirilen resminamalar şu köpçülikleýin online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Awiabilediniň islendik görnüşde resmileşdirilmegi Şu şertnamanyň şertleri, awiabiletleri onlaýn awiabilet resmileşdirmegiň we töleg geçirmegiň Düzgünleri, Nyrhlaryň ulanylyşynyň Düzgünleri, Gizlinlik syýasaty, awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça Gözükdiriji, awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň Gözükdirijisi, Halkara howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri we Türkmenistanyň ýerli howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri bilen ýolagçy tanyşandygyny hem-de ähli şertleri kabul edýändigini tassyklaýar.
4.3. Online awiabilediň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň Düzgünleri, teksti, daşalmagyň bahasy we nyrhlaryny ulanmagyň şertleri bilen tanşyp, Ýolagçy Awiabiledi özbaşdak düzýär. Awiabilediniň ähli şertleri bilen ýolagçy awiabilet almaka hem-de awiabilet üçin töleg amala aşyrmak öz wagtynda tanşyp bilýär.
4.4. Elektron görnüşinde resmileşdirilýän awiabilet, awiakompaniýa tarapyndan ýerler saklynylyp durmazlygy üçin awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenilen belli bir wagt (time limit) ulgamda girizilýär ýolagçynyň awiabilet barada maglumatlary doldurylmagy üçin we ýolagçynyň töleg amala aşyrmak üçin bank hyzmatlary hem tarapyndan belli bir wagtyň dowamynda ýolagçy tarapyndan tölenmelidir.
4.5. Ýolagçy töleg bank ulgamynyň saýtynda çap edilen Ylalaşygyň hem-de gözükdirijileriň şertlerine laýyklykda, tölegi özbaşdak amala aşyrýar. Awiabilediniň bahasynyň tölegi töleg bankynyň goragly sahypasyna gaýtadan salgylandyrylmagy arkaly geçirilýär.
4.6. Online awiabilet üpjün etmek bäş tapgyrdan ybaratdyr:
- Birinji tapgyr ýolagçy awiabilet resmileşdirmek üçin öz telefon belgisi arkaly şahsy otaga bellige alynmagy zerur bolup durýar, ýagny şahsy otagyň dürli müňkinçilikleri arkaly ýolagçy islendik wagt öz awiabiletleriň taryhy, awiabiledyny yzyna gaýtarmak, we goşmaça dürli müňkinçilikleri içinde görip biler.
- Ikinji tapgyr ýolagçy üçin iň amatly uçuş ugrunyň saýlanyp alynmagyndan, şu Ylalaşygyň şertleri, awiakompaniýanyň düzgünlerini, ýolagçy gatnawynyň düzgünleriny we nyrhlaryň ulanyş şertleri bilen tanyşylmagyndan ybaratdyr.
- Üçünji tapgyr ýolagçynyň saýlap alan gatnawyna awiabilet resmileşdirmek ybaratdyr. awiabilet resmileşdirilende, ýolagçy saýtda we mobile goşundyda öz uçýan ugruny saýlap alanyndan soňra zerur bolan awiabiletde ýolagçynyň maglumatlaryny doly we ähli görkezilen boşluklarynda doldurmaklygy zerurdyr. (Awiakompaniýa ýa-da awiabilet satuw nokatlary tarapyndan doldurylmaýar, diňe ýolagçynyň özi şahsy maglumatlaryny doly we dogry doldurmaly, şahsy maglumatlary ters ýazylan ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär).
- Dördünji tapgyrda ýolagçy awiabiledyň tölegini online arkaly geçirýär we düzülen awiabiledyň saýtda açyk ýagdaýda görkezilen möçberdäki pul serişdelerini geçirýär.
- Bäşinji tapgyrda, awiabiletda ýolagçy tarapyndan elektron görnüşinde görkezen maglumatlary we bank töleg ulgamy arkaly ýolagçynyň pul serişdeleri awiabilet üçin tölenendigi tassyklanylandan soňra awiabilediň awtomatiki usulda resmileşdirilmegi amala aşyrylýar.
4.7. Awiabiletler resmileşdirilen wagty ýolagçy tarapyndan goýberilen ýalňyşlaryň we takyksyzlyklaryň ýüze çykarylan ýagdaýynda, awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär we ýolagçy awiabilediň maglumatlary barada elektron awiabiledy alandan soň, awiakompaniýanyň işgäri bilen saýtda görkezilen telefon belgileri ýa-da elektron poçta arkaly habarlaşmagy we ýolagçydan alnan maglumatlary barlamagy we takyklamagy zerur bolup durýar. Ýolagçynyň awiakompaniýanyň işgäri bilen habarlaşmadyk ýagdaýynda, resmileşdirmekde goýberilen ýalňyşlar, ýolagçynyň ýitgileri, saparlaryň başa barmazlygy we ş.m. boýunça ýolagçynyň hiç hili şikaýatlaryna awiakompaniýa jogäpkärçilik çekmeýär.
4.8. Awiabilet boýunça töleg geçirilenden soň, ýolagçy 24 sagadyň dowamynda awiabiledi alandygyna we girizen maglumatlarynyň doly we dogry ýazylandygy barada göz ýetirmeli. Ýolagçy awiabilet üpjün edeninden soňra awiabilet ýükläp almak düwmesine basyp alyp bilýär hem-de ýolagçynyň şahsy otagynda taryhda bellige alnyp galýar we ýolagçy islendik wagty görüp biler. Ýolagçynyň awiabiledi alynmadyk ýagdaýynda, awiabiletiň resmileşdirilendigini tassyklamak üçin awiakompaniýanyň elektron salgysyna tassyklaýjy resminamary ugratmagy we habarlaşmagy zerurdyr ýa-da ýolagçynyň özi şahsy otagynyň kömegi bilen awiabiletleri bilen tanşyp biler.
4.9. Islendik ýolagçynyň ýa-da ýolagçylaryň resmileşdirilen awiabiletynda familiýasy we ady, doglan senesi ýaly şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi awiabiletynyň ýatyrylmagyna awiabiletde ylalaşylan nyrhlaryň güýjüni ýitirmegine getirýär, sebäbi ýolagçynyň bu maglumatlarynyň awiabiletde üýtgedilmegi üçin, onuň ýatyrylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi zerurdyr. Ýolagçynyň awiabilediň töleginiň geçirilen we ol boýunça awiabiletleriň çykarylan ýagdaýynda, pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmegi awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda hem-de awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň saklanyp galynmagy bilen amala aşyrylýar. Şeýlelikde, ýolagçynyň ýalňyş goýbermegi, şahsy maglumatlaryny bermekdäki takyksyzlyklary bilen bagly hereketleri üçin mümkin bolan ähli täjirçilik töwekgelçilikleri (täze awiabiletynyň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/ gaýtarylmazlygy we ş.m.) ýolagçy öz üstüne alýar.
4.10. Howa gatnawy üçin senesini ýolagçy saýlap alanda, ýolagçynyň maglumatlary ýalňyş goýberen ýagdaýynda, awiabilediň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň saklanyp galynmagy bilen amala aşyrylýar.
4.11. Elektron awiabilet üçin tölegiň geçirilenden soň, ýolagçy howa gatnawy bilen bagly bolan ähli şertler, borçnamalar we çäklendirmeler bilen ylalaşýar. ( awiabilet alan wagtynda saýtda we mobile goşundylarynda ýolagçy tanyşmaklygy üçin maglumatlar ýerleşdirilýär we ýolagçy razylygyny bildirmek üçin ýörite düwmesi döredilen.)
4.12. Ýolagçy awiabiledini çykaranyndan soňra, awiabiledini yzyna gaýtarmak isleg bildiren ýagdaýynda turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we turkmenistanairlines atly mobile goşundylarynda birnäçe böleklerden ýolagçy awiabiledini gaýtaryp biler ýagny;
Birinji ýolagçy online awiabilet almak üçin şahsy otaga registrirleme işlerini doly talaba laýyk sms arkaly tassyklanyndan soňra ýolagçynyň özi şahsy otag arkaly öz awiabiledyny degişli bolan tassyklaýjy bellikleri, düwmejiklari dolduryp awiabiledyny özi gaýtaryp biler.
Ikinji eger ýolagçynyň töleg amala aşyran kartynda bank hyzmatlary, ýa-da tehniki taýdan bökdençlikler dörän ýagdaýynda ýolagçy, “awiabileti yzyna gaýtarmak” bölüminde beýan edilen hereketleri ýerine ýetirmek bilen, awiabileti yzyna gaýtarmak prosedurasyny amala aşyryp biler.
Üçünji eger ýolagça başga biri tarapyndan (üçünji taraplar) töleg amala aşyryp olaryň arasynda ýüze çykýan jeddeller ýa-da başga sebäplerine, awiakompaniýa jogäpkärçilik çekmeýär we online awiabilet gaýtarylanda gönüden göni töleg amala aşyrylan kartyna pul serişdeleri geçýär.
4.13. Birnäçe ýa-da gaýry şahslar/ýolagçylar üçin awiabilet üpjün edýän ýolagçy gatnawyň ähli şertlerini we başga maglumatlary bu gatnawa gatnaşýan ähli ýolagçylaryň dykgatyna ýetirmeklige borçludyr. Ýolagçylaryň şertleriniň öz dykgatlaryna ýetirilmezligi we zerur bolan gaýry maglumatlary almazlyk meseleleri boýunça awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
4.14. Bir ýolagçynyň adyna uçuşlaryň birmeňzeş ugurlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe awiabilet alynmaly däldir. Uçuşlaryň birmeňzeş ugurlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe awiabiletlaryň bir wagtda bolmagyna “gaýtalanýan online awiabilet” diýlip atlandyrylýar. Gaýtalanýan online awiabiledyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, awiakompaniýanyň ähli gaýtalanýan awiabiletlary, şol sanda eýýäm çykarylan awiabiletleri hem, öňünden habar bermezden, ýatyrmaklyga haky bardyr. Bu ýagdaýda pul möçberleriniň gaýtarylyp berilmegi awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleri saklap galmak bilen amala aşyrylýar. (Gaýtalanýan online awiabilet, howa gämisinde ýerleri saklap doňdurýandygy aňladýar.) Şeýlelikde, ýolagçylaryň islendigine “gaýtalanýan online awiabilet” döretmek boýunça özüniň hereketleri bilen bagly ähli mümkin bolan täjirçilik töwekgelçilikleri (täze awiabiletiniň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/gaýtarylmazlygy we ş.m.) müşderi/ýolagçy öz üstüne alýar.
4.15. Ýolagçy tarapyndan awiabilediniň düzülen wagty ähli uçuşlaryň awiabiletde görkezilen görnüşindäki berk yzygiderlilikde ýerine ýetirilmelidigini ýolagçynyň göz öňünde tutmagy zerurdyr. Müşderiniň/ýolagçylaryň gatnawlaryň haýsydyr birine gelmezligi ähli beýleki gatnawlaryň (uçuşyň segmentiniň) ýatyrylmagyna getirýär. Yzyna gaýtarylmagy nyrhlaryň ulanylmagynyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
4.16. Uçuşyň ugry saýlanyp alnanda, howa gatnawynda serhedi geçilýän ýurtlaryň wiza düzgünlerini we talaplaryny ýolagçynyň özbaşdak anyklamaldygy we degişli edara kärhanalara ýüz tutmagy zerurdyr. Şeýle-de ýolagçyny el goşlary, ýük, janly zatlar, we s.m. zatlar bilen uçýan ýagdaýynda, ol üstaşyr nokatlarda goşuň rugsat berlenden artygynyň düzgünlerini özbaşdak howa menzillerine we başgada gaýry edaralardan özbaşdak anyklamak zerur bolup durýar. (Anyklamak üçin degişli bolan edaralara ýüz tutmagyňyz zerur bolup durýar.)
4.17. Uçuşyň saýlanyp alnan ugrunda awiabilediň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi düzgünleri ýolagça gyzyklandyran ýagdaýynda, bu maglumatlary awiabilet satyn alan wagtynda açyk ýagdaýda görkezilýär we goşmaça awiabiledy nyrhlary ulanyş şertleri web sahypanyň içinde ýerleşdiriler.
4.18. Ýolagçy awiabilet alanda özi doldurýandy sebäpli, girizilen maglumatlaryň we şahsy maglumatlaryň dogrulygy üçin jogapkärçiligi ýolagçy öz üstüne alýar. Ýolagçylaryň familiýalary we atlary ýolagçy tarapyndan awiabiletynyň görnüşine, eger hasaba alnyşykda pasport görkeziljek bolsa, pasportda ýazylany bilen berk laýyklykda girizilmelidirler. Eýýäm bar bolan awiabiletdaky atlara we familiýalara üýtgeşmeler girizmek tehniki taýdan mümkin däldir we awiabiletiň yzyna gaýtarylmagyna we howa gatnawynyň şertnamasynyň ýatyrylmagyna hem-de müşderiniň täze awiabilet resmileşdirmeginiň zerurlygyna getirer. Awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy, awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň we çykdajylaryň saklanmagy bilen amala aşyrylýar. Awiakompaniýa ýa-da ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we gulluklary tarapyndan gatnawdan çetleşdirilmegine getiren ýalňyş maglumatlaryň we şahsy maglumatlaryň ýalňyş girizilen ýagdaýynda, awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
4.19. Ýolagçynyň aýratyn goşy (meselem: haýwanlar, sport enjamlary, gabarasyz ýük we ş.m.) alyp gitmek meýilleşdirýän ýagdaýynda, şeýle goşy geçirmeklige rugsatnamanyň alynmagyna talapnama ýolagçy tarapyndan awiabilet tölenmezden öň iberilmelidir. Şeýle goşuň daşalmagynyň mümkinçiligi barada tassyknama awiakompaniýadan howa gatnawynyň resminamalaryň resmileşdirilmeginden öň alynmalydyr, çünki bu goşuň daşalmagyna rugsat berilmän hem bilner.
4.20. Ýolagçynyň aýratyn ýagdaýlardaky şahslar bolan ýagdaýynda, ýa-da olara degişlilikde ýolagçy gatnawynyň öz boluşly şertleriniň ulanylmagynyň zerur bolan ýagdaýynda (göwreli zenanlar, çäklendirilen hereketli ýa-da aýratyn lukmançylyk ünsüni talap edýän we ş.m. ýolagçylar), daşalma aýratynlyklaryny elektron awiabilet ulgamyndan talapnama ýollamak arkaly awiakompaniýa bilen ylalaşmagy zerurdyr.
4.21. 4.19 we 4.20-nji maddalarda görkezilen ýagdaýlarda ýolagçy awiabiletleri awiakompaniýanyň saýtynda elektron awiabilet resmileşdirilmegi başlanmazdan öň, ýolagçynyň ýagdaýynyň aýratynlyklaryny we ýolagçynyň daşalmagynyň öz boluşly talaplary, şeýle-de olarda aýratyn goşuň barlygy hakynda awiakompaniýa habar bermeklige borçludyr. Awiabilediň täzeden alynmagy we onuň bahasynyň töleginiň geçirilmegi diňe, şeýle ýolagçy gatnawynyň mümkinligi hakynda awiakompaniýa tarapyndan tassyknama berilenden soň, amala aşyrylmalydyr, çünki talapnama ret edilip bilner.
4.22. Ýolagçy, tutuş uçuşyň dowamynda özi ýa-da ýolagçylar bilen gaýra goýulmasyz ýagdaýlarda habarlaşyp bolar ýaly aragatnaşyk belgilerini awiabilet üçin maglumatlaryny dolduranda doly ýagdaýda girizmekligi borçludyr. (Eger girizilen maglumatlar awiakompiýa tarapyndan, ýolagça ýüze çykan meseleleri habar bermek üçin ýüz tutulan ýagdaýynda ýolagçynyň girizen maglumatlary doly däl ýa-da ulanylmaýandygy we ş.m. ýüze çykanynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.)
4.23. Tölegi geçirilen awiabiletdäki her bir uçuşyň awiabiletiniň hakykylygyny ýolagçy “Şahsy otagyň” içinde ýerleşýän awiabilediň taryhy diýen böleginde tassyklap biler. Uçuşdan öň uçuş we gonuş wagtyny, gatnawyň belgisini, ugraýyş we geliş terminallaryny anyklamaklygy maslahat berýäris, çünki olaryň awiakompaniýa tarapyndan, habar bermezden, üýtgedilmegi mümkindir.
5.24. Eger ýolagçy online awiabilet üpjün edende gidiş ugry we gaýdyş ugruny bile üpjün edip birinji “Kupon” gidiş ugruny ulanman, ikinji “Kupon” gaýdyş ugruny ulanan ýagdaýynda, ýolagçynyň birinji ulanmadyk awiabiledi yzyna gaýtarylmaýar.
5. ONLINE AWIABILEDIŇ TÖLENIŞI.
5.1. Onlaýn awiabilediň nyrhy turkmenistanairlines.tm saýtda, mobile goşundylarda we ýolagça görkezilýän elektron awiabiletde goşmaça ähli bölekleri bilen birlikde görkezilýär. Awiabilediň nyrhy gutarnykly däldir we awiakompaniýa, awiabiletde görkezilen teklibiň barlygyny tassyklamak bilen, awiabiledi çykarýança kepillendirilmeýär.
5.2. Ýolagçy awiabilediň nyrhyny bank kartasy bilen ýa-da saýtda görkezilen başga töleg ulgamy arkaly töleýär.
5.3. Online awiabilediň bank kartalary arkaly tölenmegi:
5.3.1. Awiakompaniýa töleg Bank prowaýderiniň elektron tölegleriniň ulgamy arkaly tölegi bank kartalary arkaly kabul edýär. Ýolagça bank kartasynyň maglumatlaryny girizmeklik, onuň awtorizasiýasyny tassyklamak teklip edilýär. Gerek bolan halatynda, SMS habar berme ulgamy, identifikasion kod ýazylan SMS ibermek arkaly, awtorizasiýanyň netijeleri hakynda ýolagça habar berýär. Pul serişdeleri diňe awiabiledi resmileşdirmek üçin kartdan alynýar. Awiakompaniýa töleg prowaýderiniň hereketi/hereketsizligi, şeýle-de elektron tölegler we internet ulgamlary arkaly töleg geçirmek bilen bagly bolan müşderiniň islendik ýitgileri we töwekgelçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär. (Bank hyzmatlary üçin tölegleri, awiakompaniýa tarapyndan alynmaýar.)
5.3.2. Awiabilediň bahasynyň bank kartasy arkaly tölenmegi gönüden-göni ýolagçy– kartanyň eýesi tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Ýolagçynyň bank kartasyny töleg amala aşyrmak üçin bilkastlaýyn ýa-da bilkastlaýyn däl başga şahsa beren ýagdaýynda, munuň bilen bagly bolan töwekgelçilikleri Ýolagçy öz üstüne alýar we bu ýagdaýda awiabilet ýolagçy tarapyndan tölenen diýip hasap ediljekdigi bilen ylalaşýar. Şunda awiakompaniýa jogapkärçilikden boşadylýar.
5.3.3. Bank kartalary arkaly töleg geçirmekligiň tertibi saýtda beýan edilendir.
5.3.4. Maglumatlaryň elektron tölegleriň ulgamyna geçirilmegi ähli howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. Awiakompaniýa ýolagçynyň goralýan kanal arkaly awtorizirlenen serwere gaýtadan salgylandyrýar. Maglumat şifrlenen görnüşinde berilýär we Töleg prowaýderiniň töleg ulgamynyň diňe ýöriteleşdirilen serwerinde saklanýar.
5.3.5. Amallaryň bank kartalary boýunça awtorizasiýasy töleg prowaýderiniň töleg ulgamynyň saýtynda amala aşyrylýar. Töleg prowaýderiniň amalyň hile gurma alamatlary bar diýip hasaplamagyna esasy bolan ýagdaýynda, onuň bu amaly, amala aşyrmakdan boýun gaçyrmaklyga haky bardyr. Awiakompaniýa töleg prowaýderiniň hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.
5.3.6. Tölegiň dowamynda bank kartalarynyň her dürli kanuna garşy ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, saýtda resmileşdirilen we töleg geçirilmäge degişli bolan ýa-da eýýäm bank karty arkaly töleg geçirilen ähli awiabiletler barlanylyp bilner. Bank kartasynyň eýesiniň şahsyýetini we onuň kartyny ulanmaklyga hakynyň barlygyny barlamak maksady bilen, şeýle awiabiletny resmileşdiren şahs, Töleg prowaýderiniň talap etmegi boýunça, bank kartasynyň eýesiniň pasportynyň degişli sahypasynyň – Ýolagçynyň fotosuraty bolan goşa sahypasynyň nusgasyny, şeýle-de bank kartasynyň nusgasyny faks arkaly, ýa-da skanerlenen nusgalaryny elektron poçta arkaly ýollamaklyga borçludyr. Talap edilen resminamalaryň ýolagçy tarapyndan berilmedik ýa-da olaryň hakykylygynyň şübhe döreden ýagdaýynda, awiakompaniýa awiabiledi, sebäplerini habar bermezden, ýatyrmak hukugyny özünde galdyrýar. Bu ýagdaýda awiabilediniň nyrhy tölenen bolsa, ýolagçynyň kartyna yzyna gaýtarylýar. Zerur bolan ýagdaýynda, awiakompaniýa awiabilediniň resmileşdirilmegi, onuň ýatyrylmagy, ýolagçy bilen hat aragatnaşygynyň saklanmagy we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy üçin goşmaça ýygymy ýolagçydan saklap alyp biler.
5.3.7. Ýolagçynyň awiabiledini özi üçin ýa-da öz maşgala agzalary üçin elektron awiabilet üpjün edeninde, öz bank kartasyndan töleg amala aşyran ýagdaýynda, Ýolagçy aşakda beýan edilenleri tanyşmaly we olar bilen razylaşýar;
- Başga üçünji taraplar tarapyndan belli bir ýolagçynyň adyna resmileşdirilen awiabiletiň yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, awiakompaniýanyň, hereket edýän kanunlara laýyklykda, ýolagça awiabiletiň yzyna gaýtarylmagyndan/gaýtadan resmileşdirilmeginden ýüz öwürmeklige haky ýokdur.
- bu ýagdaýda pul serişdeleri ýolagça yzyna gaýtarylyp bilinmeýär, sebäbi, ol tölegi amala aşyran şahs bolup durmaýar, emma degişli böleginde (ähli zerur bolan jerimeler we ýygymlar aýrylandan soň galan ýolagçynyň awiabiletiniň bahasy), awiabiletynyň bahasyny tölän şahs hökmünde, müşderiniň bank kartasyna yzyna gaýtarylar;
- bu ýagdaýda awiakompaniýa awiabiletynyň töleginiň böleginiň yzyna gaýtarylmagynyň sebäpleri hakynda ýolagça goşmaça habar bermeýär;
- Ýolagçyýolagçylar bilen özara hasaplaşyk meselelerini, şeýle-de bu ýagdaý bilen baglylykda emele gelen meseleleri ýolagçylar özbaşdak çözýär we üçünji şahslar üçin awiabilediň bahasyny tölemek maksady bilen bank kartasyny ulanandygy üçin doly jogapkärçilik çekýär.
5.3.8. Ýolagçynyň awiabiledi alan üçünji şahslaryň awiabiletlerini yzyna tabşyrmaklyga/gaýtadan resmileşdirmeklige isleg bildiren ýagdaýynda we bu islegleriň hakykylygy babatynda awiakompaniýada şübhe dörän ýagdaýynda, awiakompaniýanyň ýolagçylardan olaryň awiabilet barada niýeti hakynda soramaklyga, we jogap gelip gowuşýança, ýolagçylaryň hakyky erk-islegleri hakynda subutnama alýança, hiç hili hereketleri ýerine ýetirmezlige haky bardyr .
5.3.9. Bank kartasy bilen töleg geçirilen ýagdaýynda, pul serişdeleri ähli ýagdaýlarda ýolagça, şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, diňe ýolagçynyň töleg geçiren bank kartasyna yzyna gelip gowuşýar.
6. AWIABILETLERIŇ YZYNA GAÝTARYLMAGY WE GAÝTADAN RESMILEŞDIRILMEGI.
6.1. Ýolagçy awiabiledini şahsy otagynyň kömegi bilen yzyna gaýtaryp bilýär we ýolagçy awiabiledini yzyna gaýtaranyndan soňra awiakompaniýa pul serişdelerini talaba laýyk gaýtaranyndan soňra şu ylalaşyk ýatyrylýandygy barada duýdurýarys.
6.2. Ýolagçy töleg amala aşyran awiabiledyny gaýtaran ýagdaýynda, ol öz awiabilet alanda şahsy otaga registrirleme işlerini geçiren telefon belgisine baglanylýar we ýolagçynyň özi şahsy otagynyň kömegi bilen awiabiledini gaýtaryp biler, emma ýolagçy awiabiledini gaýtaranda dürli sebäplere görä tehniki kemçilikleri ýüze çykan ýagdaýynda ýolagçy bank rekwezitlerini we goşmaça zerur bolan maglumatlary habar bermek bilen awiakompaniýanyň saýtynda “awiabilediň yzyna gaýtarylmagy” bölüminde, awiabiletden ýüz öwürmekligi resmileşdirmeli maglumatlary dolduryp, görkezilen maglumatlara görä degişli işleri ýerine ýetirmeli.
6.3. Çykarylan awiabiletden ýüz öwürmek ýolagçynyň şahsy otagynyň we awiakompaniýanyň saýtynyň “awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy” bölüminde ýerleşdirilen görkezmelere laýyklykda, yzyna gaýtarmak boýunça degişli tapgyrma-tapgyr geçmek arkaly ýolagçy tarapyndan amala aşyrylýar.
6.4. Ýolagçynyň awiabiletden yzyna gaýtarmak boýunça degişli ähli tapgyrlaryny geçmekligi bu Ylalaşygyň taraplar tarapyndan ýatyrylandygyny aňladýar.
6.5. Ýolagçy awiabilet üçin degişli bolan pul serişdelerini yzyna gaýtarmagy, ýolagçynyň gatnawynyň şertnamasy ýatyrylandan soňra, saýtda görkezilen tertipde, awiakompaniýa tarapyndan hasaplanan möçberde, yzyna gaýtarmagyň wagtyny, awiakompaniýanyň jerimelerini, degişli ýygymlaryň tutulyp galynmagyny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
6.6. Pul serişdeleriniň ýolagçynyň yzyna gaýtarmagy nagt däl tertipde, onuň yzyna gaýtarmak hakyndaky arzasynda görkezilen bank kartasyna ýa-da bank hasabyna amala aşyrylýar. (Awiakompaniýa tarapyndan pul serişdeleri gaýtarylanda barlag işleri geçirilip ýolagçynyň töleg amala aşyran kartyna geçiriler ýa-da töleg kartyň wagty dolup ýa-da başga hasaby açylan ýagdaýynda bank tarapyndan tassyklaýjy resmimalary kabul edilenden soň gaýtarylar.)
6.7. Howa gatnawynyň şertnamasyndan ýüz öwürmek (awiabiledi yzyna gaýtarmak) hakyndaky arza diňe Ýolagçynyň – töleg geçiren bank kartasyny kabul edilip bilner. Howa gatnawynyň şertnamasyndan ýüz öwrülende (awiabileti yzyna gaýtarmak), pul serişdeleriniň ýolagça yzyna gaýtarylmagy amala aşyrylmaýar. Pul serişdeleri, awiabilediniň bahasyny tölän we bank kartasyny saklaýjy hökmünde ýolagçynyň töleg geçiren karty yzyna gaýtarylýar. Üçünji taraplar tarapyndan alynan awiabilet bilen ýolagçynyň arasyndaky maliýe hasaplamalarynyň awiakompaniýa dahyly ýokdur, awiakompaniýanyň özüne pul serişdelerini tölemändigi hakyndaky ýolagçynyň şikaýatlary kabul edilmeýär. Ýolagçy– bank kartasyny saklaýjy Ylalaşygyň bu şertini ýolagça habar bermeklige borçludyr.
6.8. Awiabilediň şertleri we awiakompaniýanyň düzgünleri bilen ýolagçy elektron awiabilet üpjün edýän wagtyň dowamynda tanyşýar. Awiabilediniň haýsy-da bolsa bir şertiniň, şol sanda ýüz öwürmek, yzyna gaýtarmak, resmileşdirilen awiabilet islendik üýtgeşmeleri girizmek şertleriniň müşderä düşnükli bolmadyk ýagdaýynda, Ýolagçy özüne zerur bolan maglumaty Awiakompaniýadan takyklamaklyga borçludyr.
6.9. Ýolagçynyň tölenen awiabiledi yzyna gaýtaran ýagdaýynda, yzyna gaýtarylmaga degişli bolan baha, degişli ýygymlaryň möçberleriniň tutulyp galynmagy we awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen düzgünleriniň hasaba alynmagy bilen, ýolagçynyň görkezen hasabyna/bank kartasyna ýolagça geçirilýär.
6.10. Şu görkezilen usul bilen tölenen awiabiletleriň ýolagçy tarapyndan yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe ýolagçy tarapyndan görkezilen rekwizitler boýunça bank geçirimi arkaly mümkindir.
6.11. Şu maddada görkezilen usul bilen tölenen awiabiletleriň ýolagçy tarapyndan yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, şu Ylalaşygyň 5.3-nji belligi bilen kesgitlenen düzgünler we çäklendirmeler ulanylýar.
7. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI.
7.1. Şu ýolagçy bilen düzgünnama we ylalaşyk boýunça öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirilmezligi we talap edilýän görnüşinde ýerine ýetirilmezligi üçin taraplar, şu köpçülikleýin online awiabilediň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen kesgitlenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
7.2. Uçuşlaryň rejesi, gatnawlara ýerleriň barlygyna, nyrhlara we olaryň ulanylyş şertlerine, şeýle-de teklip edilýän hyzmatlaryň berilmeginiň beýleki şertlerine degişli bolan ähli maglumatlar, bu hyzmatlary gönüden-göni berijiler we olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleri tarapyndan awiabilet satuw online ulgamlarynda berlen maglumatlar bilen edil birmeňzeş görnüşinde, awiakompaniýanyň saýtynda doly göwrüminde ýerleşdirilýär. Awiakompaniýanyň hyzmatlary tarapyndan berilýän maglumatlaryň garaşsyz barlagyny amala aşyrmaklyga mümkinçiligi ýokdur we onda takyksyzlyklaryň ýoklugyny kepillendirip bilmeýär, munuň bilen baglylykda, hyzmatlar babatda islendik ýalňyş maglumatlar we şonuň ýaly-da, maglumatda ýalňyşlaryň barlygy sebäpli, ýolagçynyň öňünde ýetirilen zyýan ýa-da ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
7.3. Awiakompaniýa, öz ygtyýarlaryna girmeýän hadysalaryň we ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykan ters ýagdaýlar we ýitgiler, şeýle-de üçünji şahslaryň bikanun hereketleri (hereketsizligi) üçin jogapkärçilik çekmeýär, hususan-da:
- öz üstüne alan jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekligiň, ýolagçy tarapyndan berlen maglumatlaryň we resminamalaryň ýeterliksizligi we wagtynda üpjün edilmezligi, ýa-da şu ylalaşygyň şertleriniň ýa-da resminamalardan edilýän talaplarynyň ýolagçy tarapyndan bozulmagy netijesinde mümkin bolmadyk ýagdaýynda;
- Awiakompaniýanyň hereketleri (gatnawlaryň üýtgedilmegi, ýatyrylmagy, geçirilmegi, gijä galdyrylmagy), tutuş uçuşyň dowamynda ýolagçynyň we ýolagçylaryň goşlarynyň, ýükleriniň we resminamalarynyň tükelligi, ýitmegi ýa-da zeper ýetirilmegi üçin. Bu ýagdaýlarda, kesgitlenen düzgünlere we Türkmenistanda hereket edýän kanunlara laýyklykda, awiakompaniýa ýolagçynyň öňünde jogapkärçilik çekýär.
- Ýolagçynyň we ýolagçylaryň Türkmenistana gelmegine/gitmegine hukuklarynyň Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan edaralary tarapyndan çäklendirilmeginiň netijesinde;
- gümrükhana we serhet talaplarynyň, sapar wizalary we goş geçirme düzgünleriniň, şeýle-de üstaşyr we barýan ýurdunda özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň ýolagçy we ýolagçylar tarapyndan bozulmagynyň netijeleri üçin awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär;
- Awiakompaniýa tarapyndan resmileşdirilen ýol resminamalarynyň ýolagçy we ýolagçylarda ýoklugy üçin;
- Ýolagçynyň we ýolagçylaryň gatnawyň hasaba alnyşyna, uçaryň ugraýan ýerine gelmändigi ýa-da giç gelendigi üçin;
- uçaryň bortunda özüňi alyp barmagyň awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen düzgünleriniň ýolagçy we ýolagçylar tarapyndan berjaý edilmändigi üçin;
- uçuşyň başlanan pursatynda ýolagçy we ýolagçylaryň resmileşdirilen pasportlarynyň, gatnawa hasaba alynmagy üçin gerek bolan degişli resminamalaryň ýoklugy üçin;
- resminamalaryň hakyky we dogry resmileşdirilmegi üçin (olardaky maglumatlaryň hakykylygy we dolulygy);
- Ýolagçynyň aragatnaşyk liniýalarynyň işiniň bozulandygy, enjamlarynyň hatardan çykanlygy we ş.m. sebäpli, ýolagçy tarapyndan awiabiletynyň resmileşdirilmeginiň (we awiabiledi yzyna gaýtarmagyň) mümkin dälligi üçin.
7.4. Ýolagçy şu aşakdakylar bilen tanyşandygyny we razylaşýandygyny tassyklaýar we kepillendirýär:
- Awiakompaniýanyň howa gatnawynyň düzgünleri we nyrhlaryny ulanmaklygyň şertleri, şol sanda, awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň we täzeden resmileşdirmegiň şertleri;
- pasportlardan we gaýry resminamalardan edilýän talaplar, şol sanda pasportyň güýjüniň barlygy we onuň möhleti;
- gümrükhana we serhet düzgünlerini berjaý etmek jogapkärçilikleri;
- pasportlaryň serhetden geçilmegi üçin zerur bolan güýjüniň barlygy, bu resminamalardaky maglumatlaryň hakykylygy üçin ýolagçynyň doly özbaşdak jogapkärçilik çekýändigi;
- howa gatnawynyň resminamalarynda görkezilen ýurtlardan zerur bolan üstaşyr howa menzillerde wizalaryň resmileşdirilmegi we barlygyndan edilýän talaplar bilen ýolagçynyň özbaşdak tanyşýanlygy;
- güýji bolmadyk giriş ýa-da çykyş resminamalary bolan ýolagçynyň deportasiýasynyň diňe ýolagçynyň hasabyna amala aşyrylýandygy, ýolagçy degişli ýurduň konsullygyndan zerur bolan maglumatlary özbaşdak almaklyga borçludyr;
- sapar üçin ähli zerur bolan resminamalary taýýarlamakda ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar;
- ýolagçy gidip barýan ýurdunyň ähli talaplary, şol sanda, ýurtdan çykanda, wiza ýa-da çagalary, haýwanlary çykarmak üçin gaýry resminamalar resmileşdirilende, ýaragyň, çeperçilik gymmatlyklarynyň çykarylmagyna rugsatnamalaryň we beýleki rugsatnamalaryň we ylalaşyklaryň resmileşdirilmegi üçin zerur bolan resminamalary resmileşdirmek bilen bagly bolan talaplar bilen tanyşmaly we berjaý etmelidir. Awiakompaniýa ýolagçynyň bu talaplary bilmeýänligi we berjaý etmeýänligi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
- Ýolagçynyň üçünji taraparlar bilen hem-de gaýry edaralar bilen ýüze çykan meseleleri bikanun eden hereketlerine awiakompaniýa getiren zyýany üçin awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
8. GIZLINLIK.
8.1. Ýolagçy tarapyndan maglumatlaryň berilmegi:
Saýt arkaly elektron awiabilet üpjün edilýän wagtyň dowamynda ýolagçy şu aşakdaky maglumatlary berýär:
- Şahsy maglumatlary;
- Aragatnaşyk telefon belgileri;
- Elektron poçtasynyň salgysy;
- Goşmaça töleg ulgamy Bank/töleg hyzmatlarynyň öz sahypalarynda amala aşyrylýar.
8.2. Elektron awiabilet üpjün edilýän wagtyň dowamynda saýtda öz şahsy maglumatlaryny bermek bilen, ýolagçy olaryň awtomatiki usulda doldurmagyna razylyk berýär.
8.3. Awiakompaniýa şu aşakdaky maksatlar üçin maglumatlary ulanýar:
- özüniň ýolagçynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin;
- saýtyň we mobile goşundylaryň işine baha bermek we seljermek üçin.
8.4. Awiakompaniýa tarapyndan alnan maglumatlaryň aýan edilmegi:
8.4.1. Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuknamalarda göz öňünde tutulan halatlardan başga, maglumatlaryň aýan edilmegi gadagandyr.
8.4.2. Awiakompaniýa ýolagçy tarapyndan saýtda we mobile goşundylarynda umumy elýeterli görnüşde berlen maglumatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
9. FORS-MAŽOR.
9.1. Taraplar şu ylalaşyk we düzgünnama esasynda borçlaryny bölekleýin ýa-da doly ýerine ýetirmändikleri üçin, Taraplaryň öňünden görüp bilmejek ýa-da öňüni alyp bilmejek adatdan daşary hadysalarynyň netijesinde, ylalaşyk baglaşylandan soň ýüze çykan, ýeňip bolmajak güýç ýagdaýynyň netijesi bolan bolsa, jogapkärçilikden boşadylýarlar. Ýeňip bolmajak güýç ýagdaýlary diýlip şu aşakdakylara düşünýärler: sil, ýangyn, ýer titreme, (hususan-da daşary ýurt pulundaky amallara çäklendirmeleri öz içine almak bilen), epidemiýa we gaýry tebigy hadysalar, uruş ýa-da harby hereketler we ş.m.
9.2. Ylalaşygyň 9.1.-nji maddasynda görkezilen hadysalaryň ýüze çykan ýagdaýynda, taraplaryň her biri 5 (bäş) senenama gününiň dowamynda bu barada beýleki tarapa ýazuwly habar bermelidir. Ýeňip bolmajak güýç hadysalaryna salgylanýan tarap, bu hadysalaryň barlygyny tassyklaýan we mümkin boldugyça, tarapyň şu ylalaşyk boýunça borçlaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligine edýän täsirine baha berýän, ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen resminamalary beýleki tarapa gaýra goýulmasyz ibermelidir.
9.3. Ýeňip bolmajak güýç hadysasy barada habar berilmezligi (9.2.-nji madda laýyklykda) tarapyň borçlaryny ýerine ýetirmezligine ýa-da talap edilýän görnüşde ýerine ýetirmezligine esas hökmünde bu ýagdaýlara salgylanmak hukugyndan mahrum edýär .
9.4. 9.1.-nji maddada sanalyp geçilen hadysalaryň we olaryň netijeleri 2 (iki) yzygiderli aýyň dowamynda dowam edýän bolsa, Taraplar, Ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň başga amatly usullaryny ýüze çykarmak üçin, goşmaça gepleşikler geçirip biler.
9.5. Fors-mažor hadysalarynyň 6 (alty) yzygiderli aýdan artyk wagtyň dowamynda dowam edýän ýagdaýynda, Taraplaryň her biriniň şu Ylalaşygy, Ylalaşygyň ýerine ýetirilmedik bölegine degişlilikde, ýatyrmaklyga haky bardyr. Şonda şu madda laýyklykda ýatyrylmagynyň netijesinde, Taraplar beýleki Tarapyň öňünde hiç hili jogäpkärçilik çekmeýär.
10. KADALAŞDYRMA HUKUGY WE JEDELLERIŇ ÇÖZÜLMEGI.
10.1. Şu Ylalaşykdan ýüze çykyp biljek ähli jedeller we düşünişmezlikler Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda çözülmelidir.
10.2. Şu Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi, üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen baglanyşykly, taraplaryň arasynda ýüze çykýan ähli jedeller gepleşikleriň geçirilmegi arkaly çözülmelidir. Jedelleriň gepleşikler geçirmek arkaly çözülmedik ýagdaýynda, jedel Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde çözülmelidir.
10.3. Kazyýetiň çözgüdi gutarnyklydyr we taraplar üçin hökmanydyr.
10.4. Şu ylalaşygyň haýsy hem bolsa bir düzgüniniň kazyýet tarapyndan güýjüni ýitiren hasap edilmegi galan düzgünleriniň güýjüni ýitirmegine getirmeýär.
11. GAÝRY ŞERTLER.
11.1. Ýolagçy, köpçülikleýin online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny kabul etmek / tassyklamak bilen, onuň şertleri bilen doly razylaşýar we ähli salgytlary we ýygymlary öz içine almak bilen, awiabilediniň doly göwrümde tölegini kepillendirýär.
11.2. Taraplar şu köpçülikleýin online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi we talap edilýän görnişde ýerine ýetirmezligi üçin, online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen kesgitlenen tertipde we şertlerde jogapkärçilik çekýärler.
11.3. Ýolagçynyň aragatnaşyk liniýalarynyň işiniň bozulandygy, enjamlarynyň hatardan çykanlygy we ş.m. sebäpli, ýolagçy tarapyndan awiabiletynyň resmileşdirilmeginiň (we awiabiledi yzyna gaýtarmagyň) mümkin däldigi üçin awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
11.4. Awiakompaniýa, öz ygtyýaryna girmeýän, mümkin bolan bozulmalar we hereketler, hususan-da, üçünji taraplaryň talaplary bozmalary we hereketleri üçin ýolagçynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
11.5. Ýolagçy, berilýän hyzmatdan we howa gatnawyndan peýdalanmak üçin ähli zerur bolan resminamalaryň hakykylygy üçin jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Ýolagçy bolýan ýurdunyň çykyşynda we girişinde zerur bolan resminamalary resmileşdirmeklige, şeýle hem üstaşyr gatnatmada tutuş ugur boýunça hereket etmek üçin degişli bolan ähli talaplar, wizalaryň zerurlygy we resmileşdirilmeginiň şertleri, pasportlaryň, ynanç hatlarynyň we gaýry resminamalaryň güýjüniň bardygy bilen tanyşmaly we berjaý etmeli.
Hormatly ýolagçy ýokarda beýan edilenleri okamagyňyzy we tanyşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris! Awiabilet alanyňyzdan soňra tanyşandygyňyzy we ylalaşýandygyňyzy Subut edýär.