ONLINE AWIABILET SATUW ULGAMYNYŇ DÜZGÜNNAMASY.
YzaŞu köpçülikleýin online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy (mundan beýläk – “Ylalaşyk”) «Türkmenistan «awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (mundan beýläk – “awiakompaniýa” diýip atlandyrylýar) gatnawlaryna awiawiabiletleri internet ulgamynda onlaýn arkaly bronlamak, resmileşdirmek we satmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şu Ylalaşygy baglaşmak üçin hukugy bolan islendik hususy şahs ýa-da edara görnüşindäki gurama degişlilikde hereket edýän online awiabilet resmileşdirmek we goşmaça internet-banking hyzmatlaryny ulanmak üçin resmi teklibi bolup durýar.
Ylalaşygyň şertleri awiakompaniýanyň adalgalarynyň kesgitlemelerine we hereket edýän düzgünlerine hiç hili üýtgeşme girizmesiz teklip edilýär.
1.1. Müşderi – Awiakompaniýanyň saýtynda görkezilen awiabiletleri üpjün etmek, resmileşdirmek we soňra olary, telekeçilik işi bilen baglanyşykly bolmadyk, şahsy ulanyş maksady bilen satyn almak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi üçin sargytnamany ýerleşdiren doly hukukly (18 ýaşy dolan) fiziki şahsdyr.
1.2. Elektron awiabilet (mundan beýläk – awiabilet) – içindäki müşderi/ýolagçyny we goşy gatnatmak baradaky maglumaty elektron ýa-da ýazuw görnişinde görkezilen, awiakompaniýa bilen müşderi/ýolagçynyň arasynda baglaşylan şertnama bolup howa gämisinde gatnamak üçin şertnamasyny tassyklaýan resminamadyr.
1.3. Uçuş ugrunyň awiabiledy – howa gämisinde gatnamak baradaky maglumaty, ýolagçy, ugur, ýolagçy gatnawynyň görnişi, online awiabilet almagyň identifikatory we ş.m. baradaky doly maglumaty öz içinde jemleýän awiabiletiň elektron ýa-da ýazuw görnüşi. Zerur bolan ýagdaýynda ýolagça, elektron awiabiletiniň satyn alnandygyny tassyklaýan resminama hökmünde, şeýle-de ony habardar etmek üçin, elektron görnişinde ýollanýar we ýolagçynyň öz şahsy otaga registrirleme işlerini geçireninden soňra öz awiabiletleri bilen tanşyp bilýär hem-de ýükläp alyp biler.
1.4. Elektron awiabilet üpjün etmek ulgamy – Awiakompaniýanyň uçuşlarynyň rejesine, howa gatnawlaryna ýerleriň barlygyna ýa-da ýoklugyna, nyrhlara we olaryň ulanylyşynyň düzgünlerine, şeýle-de awiakompaniýa tarapyndan teklip edilýän hyzmatlaryň gaýry şertlerine degişli bolan maglumatlaryny öz içine alýan elektron awiabilet üpjün etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy. Bu maglumat online awiabilet satuw saýtynda bu hyzmatlary gönüden-göni beriji tarapyndan elektron awiabilet üpjün etmek ulgamynda bu maglumatlar ýerleşdirilýär.
1.5. Awiakompaniýanyň işgäri – ýolagçylara hyzmat edilmegine gönüden-göni gatnaşýan we/ýa-da müşderiniň sargytnamasyny işlemek boýunça zerur bolan tehnologik amallary ýerine ýetirýän awiakompaniýanyň işgäri bolyp durýar.
1.6. Töleg ulgamlary – Awiakompaniýanyň hasabyna online awiabilet we goşmaça hyzmatlar üçin kabul edýän töleg ulgamy, töleg pursatynda şeýle tölegleri almak barada awiakompaniýa bilen baglaşylan, hereket edýän şertnamasy bar bolan gaýry guramalar “Bank online töleg hyzmatlary”.
1.7. Ýolagçy – Şu şertnamanyň şertlerinden ugur alyp, awiabileti satyn almaga hukugy bolan, fiziki şahs bolup durýar.
1.8. Sargytnama – Saýtda we mobile goşundylarynda saýlanyp alnan we awiakompaniýanyň nyrhyndan hem-de hereket edýän düzgünlerine laýyklykda, elekron awiabilety satyn almak bilen baglanyşykly bolan hyzmatlaryň berilmegine müşderi tarapyndan awiabiledyň maglumatlary resmileşdirilýär.
1.9. Düzgünler – Awiakompaniýa tarapyndan tassyklanan düzgünler, gözüdirijiler, we gaýry kadalaşdyryjy resminamalar.
1.10. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary – internet ulgamy, awiakompaniýanyň resmi saýty - www.turkmenistanairlines.tm we Appstore, PlayMarket platformalarynda ýerleşdirilen turkmenistanairlines mobile goşundylary şol sanda müşderiniň awiakompaniýanyň düzgünleri bilen tanyşmagyny aňsatlaşdyrmak, şeýle-de elektron awiabiledy islendik internet ulgamy bolan ýerden ýolagçynyň özi awiabiledyny üpjün etmek we yzyna gaýtarmak hem-de awiakompaniýanyň online rejesinde edýän utgaşykly hyzmatlaryny satyn almak üçin işlenip taýýarlanylan saýt we mobile goşundylary.
1.11 Hasapnama – Resmileşdirilen sargytnama üçin geçirilen töleg baradaky jikme-jik maglumatlary öz içine alýar we awiabiletiň bahasy tölenenden soň, ýolagçy tarapyndan görkezilen elektron poçtanyň salgysyna, ýolagçyny awiabilet üpjün etmek üçin zerur bolan registrirleme işlerini geçirip onyň şahsy otagynda awiabiledyň maglumatlary görkeziler we elektron salgysyna ugradylar.
2.1. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary uçuş üçin saýlanyp alnan ugur we diňe awiakompaniýanyň gatnawlary boýunça maglumatlary gözlemek we awiakompniýanyň düzgünleri bilen tanşmak, şeýle-hem online awiabilet üpjün etmek üçin döredilen. Online awiabilet satuw saýty we mobile goşundylary diňe şu aşakdakylara laýyklykda hereket edýär:
- Türkmenistanyň hereket edýän Kanunlaryna we Kadalaşdyryjy namalaryna.
- Awiakompaniýanyň tassyklanan Düzgünlerine, gözükdirijilerine we gaýry kadalaşdyryjy namalaryna.
2.2. Şu “Ylalaşyk” awiabiletleri awiakompaniýanyň adyndan we hereket edýän nyrhlardan internet arkaly online awiabilet resmileşdirmek, goşmaça hyzmatlary satmak boýunça hyzmatlary bermek baradaky ylalaşyklary baglaşmak boýunça awiakompaniýanyň resmi mobile goşundylary we online awiabilet satuw saýty turkmenistanairlines.tm we turkmenistanairlines atly mobile goşundylary bolup durýar.
2.3. Ylalaşygyň şertleriniň we çap edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmegi boýunça hereketleriň müşderi tarapyndan amala aşyrylmagy, www.turkmenistanairlines.tm saýtynda berilýän hyzmatlary resmileşdirmek üçin awiakompaniýanyň saýtyndan peýdalanmaklyga müşderiniň meýlini görkezmek bilen, şu köpçülikleýin online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy hakyky we jedelsiz tassyklaýandygy (ýagny online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň kabul edilendigi hakyndaky jogaby) bolup durýar. Müşderiniň sargydy resmileşdirmegi tassyklaýandy hökmünde kabul edilýär.
2.4. Aşakda beýan edilen şertleri kabul eden ýagdaýynda, ýolagçy online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy kabul edýän fiziki şahs şu online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy ähli düzgünleri bilen razylygyny bildirýär we müşderi bolýar (online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň kabul edilmegi online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasynyň beýan edilen şertlerde Ylalaşygy baglaşmak bilen deň güýçlüdir).
2.5. Maglumatlary awiakompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen, görkezilen hyzmatlaryň berilmegi hakynda ylalaşyk, Türkmenistanyň kanunlaryna we hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, müşderi tarapyndan awiakompaniýa we töleg prowaýderi bilen gönüden-göni baglaşylýar.
2.6. Online awiabilet üpjün edýän ýolagçylar, özleri üçin ýa-da familýasy deň bolan maşgala agzalaryna ýa-da öz maşgala agzasydygy barada tassyklaýjy resminamalar esasynda awiabilet üpjün edip biler we howagämisine mündiriler.
2.7 Eger online awiabilet üpjün edýän ýolagçynyň başga bir üçünji adama awiabilet resmileşdirilýändigi anyklanylan ýagdaýynda awiabilet üçin geçirilen töleg yzyna gaýtarylmaýar we awiabilet üpjün edip beren ýolagçy “uçmaly ýolagçy” howa gämisine mündirilmeýär.(arza şikaýatlaryň, ýa-da awiabilet üpjün edip berýän müşderiniň birnäçe awiabilet üpjün edip berýändigi anyklanylan ýagdaýynda.)
2.8. Online awiabilet üpjün edýän ýolagçy online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy tassyklamasyna degişli bolan hereketleri amala aşyrmak bilen, müşderi özüniň 18 ýaşynyň dolandygyny kepillendirýär, şeýle-de öz hukuk ukyplylygyny we kämillik ukyplylygyny tassyklaýar.
3.1. Elektron awiabiletiň bahasynyň tölegi Türkmenistanyň milli pulunda – manatda ýa-da daşary ýurt pulunda hem-de awiakompaniýanyň nyrhlarynyň ulanylyşynyň hereket edýän düzgünlerine we şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
3.2. Resmileşdirilen sargytnamanyň bahasynyň tölegi elektron bank kartalary we awiakompaniýanyň saýty, mobile goşundylary tarapyndan kabul edilýän gaýry bank töleg ulgamlary arkaly amala aşyrylýar. Şonda, resmileşdirilen awiabiletiň töleginiň geçirilmeginiň şertleriniň berjaý edilmegi we onuň bahasynyň tölegi üçin ulanylýan töleg kartlary boýunça jogapkärçilik doly we tutuşlygyna müşderä ýüklenýär.
3.3. Üpjün edilen awiabiletiň hakykylygyny awiakompaniýanyň www.turkmenistanairlines.tm saýtynda ýa-da web sahypada elektron salgy arkaly ýa-da saýtda görkezilen telefon belgileri bilen habarlaşyp, ýolagçynyň öz şahsy otagynda hem-de elektron awiabilet üpjün edilende ýükläp alynan awiabiledyň ýüzünde QR kod arkaly awiabiledyny barlap bolýar.
3.4. Awiakompaniýa müşderi tarapyndan awiabilet resmileşdirilende ýolagçynyň elektron görnüşinde görkezen maglumatlaryň takyklygy we dogrulygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.(Ýagny awiabilet üpjün edilende ähli zerur bolan maglumatlary ýolagçynyň özi doldurýar, awiakompaniýa tarapyndan maglumatlary girizilmeýär.)
3.5. Awiakompaniýanyň online awiabilet satuw ulgamynda resmileşdirilmegi islendik ýagdaýda şu ylalaşygyň müşderi tarapyndan baglaşylandygyny we gol çekilendigini aňladýar we oňa şu ylalaşykda göz öňünde tutulan jogapkärçilikleri ýükleýär.
4.1. Awiakompaniýa elektron awiabilet we tölegi geçirilen ýolagçy gatnawynyň resmileşdirilmegini amala aşyrýar. Ýolagçy gatnawynyň bahasy (awiabilediň bahasy) awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen nyrhdan/nyrhlaryň sazlaşygyndan (kombinasiýasyndan) we ýygymlardan düzülýär we elektron awiabiledyň awtomatlaşdyrylan ulgamynda çap edilýär, olar bilen awiakompaniýanyň saýtynda tanşyp bolar.
4.2. Elektron awiabilet resmileşdirmek başlamazdan öň, müşderi awiakompaniýanyň saýtynda “Düzgünler bilen tanyşmak” bölüminde ýerleşdirilen we umuny düzgünleri, şu online awiabiledyň ýolagçy bilen online awiabilet satuw saýtyň düzgünnamasy we gaýry resminamalary öz içine alýan maglumatlar bilen tanyşmaga borçludyr. Soňra ýolagçy awiabilet üpjün etmek üçin şahsy otaga registrirleme işlerini ýagny telefon belgisi, ady familýasy, elektron poçtasy, açar sözi ýaly maglumatlary dolduryp awiakompaniýanyň 0804 “ýa-da başga nomera üýtgedilen ýagdaýynda” gysga telefon belgisinden gelen sms kody tassyklap bellige alynmagy zerur bolup durýar. Awiakompaniýanyň saýtynda “Düzgünler bilen tanyşmak” bölüminde ýerleşdirilen resminamalar şu köpçülikleýin online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Sargytnamanyň islendik görnüşde resmileşdirilmegi Şu şertnamanyň şertleri, awiabiletleri onlaýn awiabilet resmileşdirmegiň we töleg geçirmegiň Düzgünleri, Nyrhlaryň ulanylyşynyň Düzgünleri, Gizlinlik syýasaty, awiabiletleriň ýatyrylmagy we yzyna gaýtarylmagy boýunça Gözükdiriji, awiabiletleriň internet arkaly üýtgedilmeginiň Gözükdirijisi, Halkara howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri we Türkmenistanyň ýerli howa gatnawlarynda ýolagçylary, goşlary we ýükleri gatnatmagyň Düzgünleri bilen müşderiniň tanyşandygyny hem-de ähli şertleri kabul edýändigini tassyklaýar.
4.3. Şu köpçülikleýin online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasynyň Düzgünleri, teksti, daşalmagyň bahasy we nyrhlaryny ulanmagyň şertleri bilen tanşyp, Müşderi Sargytnamany özbaşdak düzýär. Sargytnamanyň ähli şertleri bilen Müşderi bronlamagyň dowamynda tanyşýar.
4.4. Elektron görnüşinde resmileşdirilýän sargytnama, awiakompaniýa tarapyndan ýerler saklynylyp durmazlygy üçin wagt (timelimit) ulgamda girizilýär ýolagçynyň awiabilet barada maglumatlary doldurylmagy üçin we ýolagçynyň töleg amala aşyrmak üçin bank hyzmatlary hem tarapyndan belli bir wagtyň dowamynda müşderi tarapyndan tölenmelidir.
4.5. Müşderi töleg bank ulgamynyň saýtynda çap edilen Ylalaşygyň hem-de gözükdirijileriň şertlerine laýyklykda, tölegi özbaşdak amala aşyrýar. Sargytnamanyň bahasynyň tölegi töleg bankynyň goragly sahypasyna gaýtadan salgylandyrylmagy arkaly geçirilýär.
4.6. Online awiabilet üpjün etmek bäş tapgyrdan ybaratdyr:
- Birinji tapgyr ýolagçy awiabilet resmileşdirmek üçin öz telefon belgisi arkaly şahsy otaga bellige alynmagy zerur bolup durýar, ýagny şahsy otagyň dürli müňkinçilikleri arkaly ýolagçy islendik wagt öz awiabiletleriň taryhy, awiabiledy gaýtarmak, we goşmaça dürli müňkinçilikleri içinde görip biler.
- Ikinji tapgyr Müşderi üçin iň amatly uçuş ugrunyň saýlanyp alynmagyndan, şu Ylalaşygyň şertleri, ýolagçy gatnawynyň düzgünleri we nyrhlaryň şertleri bilen tanyşylmagyndan ybaratdyr.
- Üçünji tapgyr Müşderiniň saýlap alnan gatnawa ýer awiabiletleri resmileşdirmek ybaratdyr. Sargytnama resmileşdirilende, Müşderi saýtda we mobile goşundyda zerur bolan ähli görkezilen boşluklary doldurmaklyga borçludyr.
- Dördünji tapgyrda Müşderi tölegiň görnüşini tassyklaýar we düzülen Sargytnamada görkezilen möçberdäki pul serişdelerini geçirýär.
- Bäşinji tapgyrda, Sargytnamada ýolagçy tarapyndan elektron görnüşinde görkezen maglumatlary we bank töleg ulgamy arkaly ýolagçynyň pul serişdeleri awiabilet üçin tölenendigi tassyklanylandan soňra awiabiletiň awtomatiki usulda resmileşdirilmegi amala aşyrylýar.
4.7. Awiabiletler resmileşdirilen wagty ýolagçy tarapyndan goýberilen ýalňyşlaryň we takyksyzlyklaryň ýüze çykarylan ýagdaýynda, awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär we Müşderi Sargytnamanyň maglumatlary barada elektron haty alandan soň, Awiakompaniýanyň işgäri bilen saýtda görkezilen telefon belgileri ýa-da elektron poçta arkaly habarlaşmagy we Müşderiden alnan maglumatlary barlamagy we takyklamagy berk maslahat berýär. Müşderiniň awiakompaniýanyň işgäri bilen habarlaşmadyk ýagdaýynda, bronlamakda goýberilen ýalňyşlar, Müşderiniň ýitgileri, saparlaryň başa barmazlygy we ş.m. boýunça Müşderiniň hiç hili şikaýatlary kabul edilmeýär.
4.8. Müşderi tarapyndan resmileşdirilen sargytnamalar gutarnykly häsiýete eýedirler. Sargytnama boýunça töleg geçirilenden soň, Müşderi 24 sagadyň dowamynda awiabiledy alandygyna göz ýetirmeli. Awiabilediň töleg geçirilen sargytnama boýunça hakykatdan hem resmileşdiriledigini Müşderi üçin tassyklaýar. Awiabilet sargytnamada görkezilen elektron poçta salgysyna iberilýär we ýolagçy awiabilet üpjün edeninden soňra awiabilet ýükläp almak düwmesine basyp alyp bilýär hem-de ýolagçynyň şahsy otagynda taryhda bellige alnyp galýar we ýolagçy islendik wagty görüp biler. Müşderiniň awiabiledy alynmadyk ýagdaýynda, awiabiletiň resmileşdirilendigini tassyklamak üçin awiakompaniýanyň elektron salgysyna tassyklaýjy resminamary ugratmagy we habarlaşmagy zerurdyr.
4.9. Islendik müşderiniň ýa-da ýolagçylaryň resmileşdirilen sargytnamasynda familiýasy we ady, doglan senesi ýaly şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi sargytnamanyň ýatyrylmagyna sargytnamada ylalaşylan nyrhlaryň güýjüni ýitirmegine getirýär, sebäbi ýolagçynyň bu maglumatlarynyň sargytnamada üýtgedilmegi üçin, onuň ýatyrylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi zerurdyr. Sargytnamanyň töleginiň geçirilen we ol boýunça awiabiletleriň çykarylan ýagdaýynda, pul serişdeleriniň gaýtarylyp berilmegi Awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda hem-de Awiakompaniýa tarapyndan kesginlenen ähli jerimeleriň saklanyp galynmagy bilen amala aşyrylýar. Şeýlelikde, müşderiniň ýalňyş goýbermegi, şahsy maglumatlaryny bermekdäki takyksyzlyklary bilen bagly hereketleri üçin mümkin bolan ähli täjirçilik töwekgelçilikleri (täze sargytnamanyň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/ gaýtarylmazlygy we ş.m.) Müşderi öz üstüne alýar.
4.10. Howa gatnawy üçin senesini saýlap alanda, Müşderiniň maglumatlary ýalňyş goýberen ýagdaýynda, awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň saklanyp galynmagy bilen amala aşyrylýar.
4.11. Elektron awiabilet üçin tölegiň geçirilenden soň, müşderi howa gatnawy bilen bagly bolan ähli şertler, borçnamalar we çäklendirmeler bilen ylalaşýar.
4.12. Sargytnama boýunça ýolagçy awiabiledyny çykaranyndan soňra, awiabiledyny yzyna gaýtarmak isleg bildiren ýagdaýynda turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we turkmenistanairlines atly mobile goşundylarynda birnäçe böleklerden ýolagçy awiabiledyny gaýtaryp biler ýagny;
Birinji ýolagçy online awiabilet almak üçin şahsy otaga registrirleme işlerini doly talaba laýyk sms arkaly tassyklanyndan soňra ýolagçynyň özi şahsy otag arkaly öz awiabiledyny degişli bolan tassyklaýjy bellikleri, düwmejiklari dolduryp awiabiledyny özi gaýtaryp biler.
Ikinji eger ýolagçynyň töleg amala aşyran kartynda bank hyzmatlary, ýa-da tehniki taýdan bökdençlikler dörän ýagdaýynda ýolagçy, “awiabileti yzyna gaýtarmak” bölüminde beýan edilen hereketleri ýerine ýetirmek bilen, awiabileti yzyna gaýtarmak prosedurasyny amala aşyryp biler.
Üçünji eger ýolagça başga bir biri töleg amala aşyryp olaryň arasynda ýüze çykýan jeddeller ýa-da başga sebäplerine awiakompaniýa jogäpkärçilik çekmeýär we online awiabilet gaýtarylanda gönüden göni töleg amala aşyrylan kartyna pul serişdeleri geçýär.
4.13. Birnäçe ýa-da gaýry şahslar/ýolagçylar üçin awiabilet üpjün edýän müşderi gatnawyň ähli şertlerini we başga maglumatlary bu gatnawa gatnaşýan ähli ýolagçylaryň dykgatyna ýetirmeklige borçludyr. Ýolagçylaryň we müşderiniň şertleriniň öz dykgatlaryna ýetirilmezligi we zerur bolan gaýry maglumatlary almazlyklary meseleleri boýunça awiakompaniýanyň adyna şikaýatlary kabul edilmeýärler.
4.14. Bir müşderiniň/ýolagçynyň adyna uçuşlaryň birmeňzeş ugurlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe awiabiletler (sargytnamalar) döredilmeli däldir. Uçuşlaryň birmeňzeş ugurlary bilen bir-birine gabat gelýän seneli birnäçe sargytnamalaryň bir wagtda bolmagyna “gaýtalanýan online awiabilet” diýlip at berilýär. Gaýtalanýan online awiabiledyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, awiakompaniýanyň ähli gaýtalanýan sargytnamalary, şol sanda eýýäm çykarylan awiabiletler sargytnamalary hem, öňünden habar bermezden, ýatyrmaklyga haky bardyr. Bu ýagdaýda pul möçberleriniň gaýtarylyp berilmegi awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleri saklap galmak bilen amala aşyrylýar. (Gaýtalanýan online awiabilet, howa gämisinde ýerleri saklap doňdurýandygy aňladýar.) Şeýlelikde, müşderi ýolagçylaryň islendigine “gaýtalanýan online awiabilet” döretmek boýunça özüniň hereketleri bilen bagly ähli mümkin bolan täjirçilik töwekgelçilikleri (täze sargytnamanyň resmileşdirilmegi, nyrhyň üýtgedilmegi, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy/gaýtarylmazlygy we ş.m.) öz üstüne alýar.
4.15. Müşderi tarapyndan sargytnamanyň düzülen wagty ähli uçuşlaryň awiabiletda görkezilen görnüşindäki berk yzygiderlilikde ýerine ýetirilmelidigini müşderiniň göz öňünde tutmagy zerurdyr. Müşderiniň/ýolagçylaryň gatnawlaryň haýsydyr birine gelmezligi ähli beýleki gatnawlaryň (uçuşyň segmentiniň) ýatyrylmagyna getirýär. Yzyna gaýtarylmagy nyrhlaryň ulanylmagynyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
4.16. Uçuşyň ugry saýlanyp alnanda, Howa gatnawynda serhedi geçilýän ýurtlaryň wiza düzgünlerini we talaplaryny müşderiniň/ýolagçynyň özbaşdak anyklaýandygyny ýatda saklamak zerurdyr. Şeýle-de müşderiniň/ýolagçynyň goş bilen uçýan ýagdaýynda, ol üstaşyr nokatlarda goşuň rugsat berlenden artygynyň düzgünlerini özbaşdak anyklaýar.
4.17. Satyn alnan awiabiletiň doly yzyna gaýtarylmagyna we gaýtadan resmileşdirilmegine nyrhlaryň ählisi rugsat bermeýärler. Uçuşyň saýlanyp alnan ugrunda awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy we gaýtadan resmileşdirilmegi düzgünleriniň müşderini gyzyklandyran ýagdaýynda, bu maglumaty awiakompaniýadan anyklamak zerurdyr.
4.18. Girizilen maglumatlaryň we şahsy maglumatlaryň dogrulygy üçin jogapkärçiligi müşderi öz üstüne alýar. Müşderiniň/ýolagçylaryň familiýalary we atlary müşderi tarapyndan sargytnamanyň görnüşine, eger hasaba alnyşykda pasport görkeziljek bolsa, pasportda ýazylany bilen berk laýyklykda girizilmelidirler. Eýýäm bar bolan sargytnamadaky atlara we familiýalara üýtgeşmeler girizmek tehniki taýdan mümkin däldir we awiabiletiň yzyna gaýtarylmagyna we howa gatnawynyň şertnamasynyň ýatyrylmagyna hem-de müşderiniň täze sargytnama resmileşdirmeginiň zerurlygyna getirer. Awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy, awiakompaniýanyň düzgünlerine laýyklykda, awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen ähli jerimeleriň we çykdajylaryň saklanmagy bilen amala aşyrylýar. Awiakompaniýa ýa-da ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we gulluklary tarapyndan gatnawdan çetleşdirilmegine getiren ýalňyş maglumatlaryň we şahsy maglumatlaryň ýalňyş girizilen ýagdaýynda, awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
4.19. Müşderiniň, ýolagçynyň aýratyn goş (meselem: haýwanlar, sport enjamlary, gabarasyz ýük we ş.m.) gatnatmagy meýilleşdirýän ýagdaýynda, şeýle goşy geçirmeklige rugsatnamanyň alynmagyna talapnama müşderi tarapyndan awiabilet tölenmezden öň iberilmelidir. Şeýle goşuň daşalmagynyň mümkinçiligi barada tassyknama awiakompaniýadan howa gatnawynyň resminamalaryň resmileşdirilmeginden öň alynmalydyr, çünki bu goşuň daşalmagyna rugsat berilmän hem bilner.
4.20. Müşderiniň ýa-da ýolagçynyň aýratyn ýagdaýlardaky şahslar bolan ýagdaýynda, ýa-da olara degişlilikde ýolagçy gatnawynyň özboluşly şertleriniň ulanylmagynyň zerur bolan ýagdaýynda (göwreli zenanlar, çäklendirilen hereketli ýa-da aýratyn lukmançylyk ünsüni talap edýän we ş.m. ýolagçylar), daşalma aýratynlyklaryny elektron awiabilet ulgamyndan talapnama ýollamak arkaly awiakompaniýa bilen ylalaşmagy zerurdyr.
4.21. 4.19 we 4.20-nji maddalarda görkezilen ýagdaýlarda müşderi awiabiletleriň awiakompaniýanyň saýtynda elektron awiabilet resmileşdirilmegi başlanmazdan oň, islendik ýol bilen, müşderiniň/ýolagçynyň ýagdaýynyň aýratynlyklary we/ýa-da müşderiniň/ýolagçynyň daşalmagynyň öz boluşly talaplary, şeýle-de olarda aýratyn goşuň barlygy hakynda awiakompaniýa habar bermeklige borçludyr. Awiabiletiň täzeden alynmagy we onuň bahasynyň töleginiň geçirilmegi diňe, şeýle ýolagçy gatnawynyň mümkinligi hakynda awiakompaniýa tarapyndan tassyknama berilenden soň, amala aşyrylmalydyr, çünki talapnama ret edilip bilner.
4.22. Müşderi, tutuş saparyň dowamynda özi ýa-da ýolagçylar bilen gaýra goýulmasyz ýagdaýlarda habarlaşyp bolar ýaly aragatnaşyk belgilerini sargytnama girizmeklige borçludyr.
4.23. Tölegi geçirilen sargytnamadaky her bir uçuşyň awiabiletiniň hakykylygyny müşderi “Şahsy otagyň” içinde ýerleşýän awiabiledyň taryhy diýen böleginde tassyklap biler. Uçuşdan öň uçuş we gonuş wagtyny, gatnawyň belgisini, ugraýyş we geliş terminallaryny anyklamaklygy maslahat berýäris, çünki olaryň awiakompaniýa tarapyndan, habar bermezden, üýtgedilmegi mümkin.
5.24. Eger ýolagçy online awiabilet üpjün edende gidiş ugry we gaýdyş ugruny bile üpjün edip birinji “ Kupon” gidiş ugruny ulanman, ikinji “Kupon” gaýdyş ugruny ulanan ýagdaýynda, ýolagçynyň birinji ulanman uçan awiabiledy yzyna gaýtarylmaýar.
5.1. Onlaýn awiabiledyň nyrhy saýtda,mobile goşundylarda we müşderä ýollanýan elektron awiabiletda sargytnamanyň bölekleri bilen birlikde görkezilýär. Sargtynamanyň nyrhy gutarnykly däldir we awiakompaniýa, Sargytnamada görkezilen teklibiň barlygyny tassyklamak bilen, awiabileti çykarýança kepillendirilmeýär.
5.2. Müşderi awiabiledyň nyrhyny bank kartasy bilen ýa-da saýtda görkezilen başga töleg ulgamy arkaly töleýär.
5.3. Online awiabiledyň bank kartalary arkaly tölenmegi:
5.3.1. Awiakompaniýa töleg prowaýderiniň elektron tölegleriniň ulgamy arkaly tölegi bank kartalary arkaly kabul edýär. Müşderä bank kartasynyň maglumatlaryny girizmeklik, onuň awtorizasiýasyny tassyklamak teklip edilýär. Gerek bolan halatynda, SMS habar berme ulgamy, identifikasion kod ýazylan SMS ibermek arkaly, awtorizasiýanyň netijeleri hakynda müşderä habar berýär. Pul serişdeleri diňe awiabileti resmileşdirmek üçin kartadan alynýar. Awiakompaniýa töleg prowaýderiniň hereketi/hereketsizligi, şeýle-de elektron tölegler we internet ulgamlary arkaly töleg geçirmek bilen bagly bolan müşderiniň islendik ýitgileri we töwekgelçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.
5.3.2. Sargytnamanyň bahasynyň bank kartasy arkaly tölenmegi gönüden-göni müşderi – kartanyň eýesi tarapyndan amala aşyrylmalydyr. Müşderiniň bank kartasyny töleg amala aşyrmak üçin bilkastlaýyn ýa-da bilkastlaýyn däl başga şahsa beren ýagdaýynda, munuň bilen bagly bolan töwekgelçilikleri Müşderi öz üstüne alýar we bu ýagdaýda sargytnama müşderi tarapyndan tölenen diýip hasap ediljekdigi bilen ylalaşýar. Şunda awiakompaniýa jogapkärçilikden boşadylýar.
5.3.3. Bank kartalary arkaly töleg geçirmekligiň tertibi saýtda “Töleg görnüşi” bölüminde beýan edilendir.
5.3.4. Maglumatlaryň elektron tölegleriň ulgamyna geçirilmegi ähli howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar. Awiakompaniýa Müşderini goralýan kanal arkaly awtorizirlenen serwere gaýtadan salgylandyrýar. Maglumat şifrlenen görnüşinde berilýär we Töleg prowaýderiniň töleg ulgamynyň diňe ýöriteleşdirilen serwerinde saklanýar.
5.3.5. Amallaryň bank kartalary boýunça awtorizasiýasy töleg prowaýderiniň töleg ulgamynyň saýtynda amala aşyrylýar. Töleg prowaýderiniň amalyň hile gurma alamatlary bar diýip hasaplamagyna esasy bolan ýagdaýynda, onuň bu amaly, amala aşyrmakdan boýun gaçyrmaklyga haky bardyr. Awiakompaniýa töleg prowaýderiniň hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.
5.3.6. Tölegiň dowamynda bank kartalarynyň her dürli kanuna garşy ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen, saýtda resmileşdirilen we töleg geçirilmäge degişli bolan ýa-da eýýäm bank kartasy arkaly töleg geçirilen ähli sargytnamalar barlanylyp bilner. Bank kartasynyň eýesiniň şahsyýetini we onuň kartyny ulanmaklyga hakynyň barlygyny barlamak maksady bilen, şeýle sargytnamany resmileşdiren şahs, Töleg prowaýderiniň talap etmegi boýunça, bank kartasynyň eýesiniň pasportynyň degişli sahypasynyň – Müşderiniň fotosuraty bolan goşa sahypasynyň nusgasyny, şeýle-de bank kartasynyň nusgasyny faks arkaly, ýa-da skanirlenen nusgalaryny elektron poçta arkaly ýollamaklyga borçludyr. Talap edilen resminamalaryň müşderi tarapyndan berilmedik ýa-da olaryň hakykylygynyň şübhe döreden ýagdaýynda, awiakompaniýa sargytnamany, sebäplerini habar bermezden, ýatyrmak hukugyny özünde galdyrýar. Bu ýagdaýda sargytnamanyň nyrhy, töleg eýýäm geçirilen bolsa, müşderiniň kartasyna yzyna gaýtarylýar. Zerur bolan ýagdaýynda, awiakompaniýa sargytnamanyň resmileşdirilmegi, onuň ýatyrylmagy, müşderi bilen hat aragatnaşygynyň saklanmagy we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy üçin goşmaça ýygymy Müşderiden saklap alyp biler.
5.3.7. Müşderiniň awiabileti özi üçin we/ýa-da üçünji şahslar (ýolagçylar) üçin elektron awiabilet üpjün edýän we özi we/ýolagçylar üçin sargytnamanyň tölegini öz bank kartasyndan amala aşyran ýagdaýynda, Müşderi aşakda beýan edilenleri bilýär we olar bilen razylaşýar, şeýle-de bular barada ýolagçylara habar bermeklige borçludyr:
- belli bir ýolagçynyň adyna resmileşdirilen awiabiletiň yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, awiakompaniýanyň, hereket edýän kanunlara laýyklykda, ýolagça awiabiletiň yzyna gaýtarylmagyndan/gaýtadan resmileşdirilmeginden ýüz öwürmeklige haky ýokdur.
- bu ýagdaýda pul serişdeleri ýolagça yzyna gaýtarylyp bilinmeýär, sebäbi, ol tölegi amala aşyran şahs bolup durmaýar, emma degişli böleginde (ähli zerur bolan jerimeler we ýygymlar aýrylandan soň galan ýolagçynyň awiabiletiniň bahasy), sargytnamanyň bahasyny tölän şahs hökmünde, müşderiniň bank kartasyna yzyna gaýtarylar;
- bu ýagdaýda awiakompaniýa sargytnamanyň töleginiň böleginiň yzyna gaýtarylmagynyň sebäpleri hakynda Müşderä goşmaça habar bermeýär;
- Müşderi ýolagçylar bilen özara hasaplaşyk meselelerini, şeýle-de bu ýagdaý bilen baglylykda emele gelen meseleleri özbaşdak çözýär we üçünji şahslar üçin awiabiletiň bahasyny tölemek maksady bilen bank kartasyny ulanandygy üçin doly jogapkärçilik çekýär.
5.3.8. Müşderiniň awiabilet alan üçünji şahslaryň awiabiletlerini yzyna tabşyrmaklyga/gaýtadan resmileşdirmeklige isleg bildiren ýagdaýynda we bu islegleriň hakykylygy babatynda awiakompaniýada şübhe dörän ýagdaýynda, awiakompaniýanyň ýolagçylardan olaryň sargytnama barada niýeti hakynda soramaklyga, we jogap gelip gowuşýança, ýolagçylaryň hakyky erk-islegleri hakynda subutnama alýança, hiç hili hereketleri ýerine ýetirmezlige haky bardyr .
5.3.9. Bank kartasy bilen töleg geçirilen ýagdaýynda, pul serişdeleri ähli ýagdaýlarda müşderä, şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, diňe müşderiniň töleg geçiren bank kartasyna yzyna gelip gowuşýar.
6.1. Sargytnamanyň islendik tapgyrynda ondan ýüz öwürmeklige müşderiniň haky bardyr, şonda sargytnamadan ýüz öwrülmeginiň Ylalaşyk bilen kesgitlenen jogapkärçilige getirýändigi barada Müşderä habar berilýär we ol munuň bilen razylaşýar.
6.2. Müşderi, awiabiletler çykarylan sargytnamadan ýüz öwürmekligi isleg bildiren ýagdaýynda, ol öz awiabilet alanda şahsy otaga registrirleme işlerini geçiren telefon belgisine baglanylýar we ýolagçynyň özi şahsy otagynyň kömegi bilen awiabiledyny gaýtaryp biler, emma ýolagçy awiabiledyny gaýtaranda dürli sebäplere görä tehniki kemçilikleri ýüze çykan ýagdaýynda ýolagçy bank rekwezitlaryny we goşmaça zerur bolan maglumatlary habar bermek bilen awiakompaniýanyň saýtynda degişli bölüminde, “awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy” bölüminde, sargytnamadan ýüz öwürmekligi resmileşdirmeklige başlaýar.
6.3. Awiabiletler çykarylan sargytnamadan ýüz öwürmek ýolagçynyň şahsy otagynyň we awiakompaniýanyň saýtynyň “awiabiletiň yzyna gaýtarylmagy” bölüminde ýerleşdirilen görkezmelere laýyklykda, ýüz öwürme prosedurasyny tapgyrma-tapgyr geçmek arkaly müşderi tarapyndan amala aşyrylýar.
6.4. Müşderiniň awiabiletdan ýüz öwürme prosedurasynyň ähli tapgyrlaryny geçmekligi bu Ylalaşygyň taraplar tarapyndan ýatyrylandygyny aňladýar.
6.5. Müşderä degişli bolan pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy (eger şeýle yzyna gaýtarmagyň amala aşyrylmagy mümkin bolsa) ýolagçy gatnawynyň şertnamasy ýatyrylandan soňra, saýtda görkezilen tertipde, awiakompaniýa tarapyndan hasaplanan möçberde, yzyna gaýtarmagyň wagtyny, awiakompaniýanyň jerimelerini, degişli ýygymlaryň tutulyp galynmagyny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
6.6. Pul serişdeleriniň Müşderä yzyna gaýtarylmagy nagt däl tertipde, onuň ýüz öwürmek hakyndaky arzasynda görkezilen bank kartasyna ýa-da bank hasabyna amala aşyrylýar.
6.7. Howa gatnawynyň şertnamasyndan ýüz öwürmek (awiabileti yzyna gaýtarmak) hakyndaky arza diňe Müşderiden – bank kartasyny saklaýjydan kabul edilip bilner. Howa gatnawynyň şertnamasyndan ýüz öwrülende (awiabileti yzyna gaýtarmak), pul serişdeleriniň ýolagça yzyna gaýtarylmagy amala aşyrylmaýar. Pul serişdeleri, sargytnamanyň bahasyny tölän we bank kartasyny saklaýjy hökmünde Müşderä yzyna gaýtarylýar. Müşderi bilen ýolagçynyň arasyndaky maliýe hasaplamalarynyň Awiakompaniýa dahyly ýokdur, awiakompaniýanyň özüne pul serişdelerini tölemändigi hakyndaky ýolagçynyň şikaýatlary kabul edilmeýär. Müşderi – bank kartasyny saklaýjy Ylalaşygyň bu şertini ýolagça habar bermeklige borçludyr.
6.8. Sargytnamanyň şertleri we awiakompaniýanyň düzgünleri bilen Müşderi elektron awiabilet üpjün edýän wagtyň dowamynda tanyşýar. Sargytnamanyň haýsy-da bolsa bir şertiniň, şol sanda ýüz öwürmek, yzyna gaýtarmak, resmileşdirilen sargytnama islendik üýtgeşmeleri girizmek şertleriniň Müşderä düşnükli bolmadyk ýagdaýynda, Müşderi özüne zerur bolan maglumaty Awiakompaniýadan takyklamaklyga borçludyr. Sargytnamanyň haýsy-da bolsa bir şertiniň özüne düşnükli bolmanlygy bilen bagly bolan Müşderiniň şikaýatlary kabul edilmeýär.
6.9. Müşderiniň/ýolagçynyň tölenen awiabileti yzyna gaýtaran ýagdaýynda, yzyna gaýtarylmaga degişli bolan baha, degişli ýygymlaryň möçberleriniň tutulyp galynmagy we awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen düzgünleriniň hasaba alynmagy bilen, Müşderiniň görkezen hasabyna/bank kartasyna Müşderä geçirilýär.
6.10. Şu görkezilen usul bilen tölenen awiabiletleriň Müşderi/ýolagçy tarapyndan yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe Müşderi tarapyndan görkezilen rekwizitler boýunça bank geçirimi arkaly mümkindir.
6.11. Şu maddada görkezilen usul bilen tölenen awiabiletleriň müşderi/ýolagçy tarapyndan yzyna gaýtarylan/gaýtadan resmileşdirilen ýagdaýynda, şu Ylalaşygyň 5.3-nji belligi bilen kesgitlenen düzgünler we çäklendirmeler ulanylýar.
7.1. Şu köpçülikleýin düzgünnama boýunça öz jogapkärçiliklerini ýerine ýetirilmezligi we/ýa-da talap edilýän görnüşinde ýerine ýetirilmezligi üçin taraplar, şu köpçülikleýin online awiabiledyň ýolagçy bilen şertnamasy we düzgünnamasy we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen kesgitlenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
7.2. Rejä, gatnawlara ýerleriň barlygyna, nyrhlara we olaryň ulanylyş şertlerine, şeýle-de teklip edilýän hyzmatlaryň berilmeginiň beýleki şertlerine degişli bolan ähli maglumatlar, bu hyzmatlary gönüden-göni berijiler we olaryň ygtyýarlandyrylan wekilleri tarapyndan bronlama ulgamlarynda berlen maglumatlar bilen edil birmeňzeş görnüşinde, Awiakompaniýanyň saýtynda doly göwrüminde ýerleşdirilýär. Awiakompaniýanyň hyzmatlary berijiler tarapyndan berilýän maglumatlaryň garaşsyz barlagyny amala aşyrmaklyga mümkinçiligi ýokdur we onda takyksyzlyklaryň ýoklugyny kepillendirip bilmeýär, munuň bilen baglylykda, hyzmatlar babatda islendik ýalňyş maglumatlar we şonuň ýaly-da, maglumatda ýalňyşlaryň barlygy sebäpli, Müşderiniň öňünde ýetirilen zyýan ýa-da ýitgiler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
7.3. Awiakompaniýa, öz ygtyýarlaryna girmeýän hadysalaryň we ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykan ters ýagdaýlar we ýitgiler, şeýle-de üçünji şahslaryň hereketleri (hereketsizligi) üçin jogapkärçilik çekmeýär, hususan-da:
- öz üstüne alan jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekligiň, Müşderi tarapyndan berlen maglumatlaryň we resminamalaryň ýeterliksizligi we wagtynda üpjün edilmezligi, ýa-da şu Ylalaşygyň şertleriniň ýa-da resminamalardan edilýän talaplarynyň Müşderi tarapyndan bozulmagy netijesinde mümkin bolmadyk ýagdaýynda;
- Awiakompaniýanyň hereketleri (gatnawlaryň üýtgedilmegi, ýatyrylmagy, geçirilmegi, gijä galdyrylmagy), tutuş saparyň dowamynda Müşderiniň we/ýa-da ýolagçylaryň goşlarynyň, ýükleriniň we resminamalarynyň tükelligi, ýitmegi ýa-da zeper ýetirilmegi üçin. Bu ýagdaýlarda, kesgitlenen düzgünlere we Türkmenistanda hereket edýän kanunlara laýyklykda, Awiakompaniýa Müşderiniň öňünde jogapkärçilik çekýär.
- Müşderiniň we/ýa-da ýolagçylaryň Türkmenistana gelmegine/gitmegine hukuklarynyň Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan edaralary tarapyndan çäklendirilmeginiň netijesinde;
- gümrükhana we serhet talaplarynyň, sapar we goş geçirme düzgünleriniň, şeýle-de üstaşyr we/ýa-da barýan ýurdunda özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň Müşderi we/ýa-da ýolagçylar tarapyndan bozulmagynyň netijeleri üçin;
- Awiakompaniýa tarapyndan resmileşdirilen ýol resminamalarynyň Müşderide we/ýa-da ýolagçylarda ýoklugy üçin;
- Müşderiniň we/ýa-da ýolagçylaryň gatnawyň hasaba alnyşyna, uçaryň ugraýan ýerine gelmändigi ýa-da giç gelendigi üçin;
- uçaryň bortunda özüňi alyp barmagyň Awiakompaniýa tarapyndan kesgitlenen düzgünleriniň Müşderi we/ýa-da ýolagçylar tarapyndan berjaý edilmändigi üçin;
- saparyň başlanan pursatynda Müşderiniň we/ýa-da ýolagçylaryň resmileşdirilen pasportlarynyň, gatnawa hasaba alynmagy üçin gerek bolan degişli resminamalaryň ýoklugy üçin;
- resminamalaryň hakyky we dogry resmileşdirilmegi üçin (olardaky maglumatlaryň hakykylygy we dolulygy);
- Müşderiniň aragatnaşyk liniýalarynyň işiniň bozulandygy, enjamlarynyň hatardan çykanlygy we ş.m. sebäpli, Müşderi tarapyndan Sargytnamanyň resmileşdirilmeginiň mümkin dälligi üçin.
7.4. Müşderi/ýolagçy şu aşakdakylar bilen tanşandygyny we razylaşýandygyny tassyklaýar we kepillendirýär:
- Awiakompaniýanyň howa gatnawynyň düzgünleri we nyrhlaryny ulanmaklygyň şertleri, şol sanda, awiabiletleri yzyna gaýtarmagyň we täzeden resmileşdirmegiň şertleri;
- pasportlardan we gaýry resminamalardan edilýän talaplar, şol sanda pasportyň güýjüniň barlygy we onuň möhleti;
- gümrükhana we serhet düzgünlerini berjaý etmek jogapkärçilikleri;
- pasportlaryň serhetiň geçilmegi üçin zerur bolan güýjüniň barlygy, bu resminamalardaky maglumatlaryň hakykylygy üçin Müşderiniň/ýolagçynyň doly özbaşdak jogapkärçilik çekýänligi;
- howa gatnawynyň resminamalarynda görkezilen üstaşyr aeroportlaryň ýurtlarynda zerur bolan wizalaryň resmileşdirilmeginden we barlygyndan edilýän talaplar bilen Müşderiniň/ýolagçynyň özbaşdak tanyşýanlygy;
- güýji bolmadyk giriş ýa-da çykyş resminamalary bolan ýolagçynyň deportasiýasynyň diňe Müşderiniň/ýolagçynyň hasabyna amala aşyrylýandygy. Müşderi/ýolagçy degişli ýurduň konsullygyndan zerur bolan maglumatlary özbaşdak almaklyga borçludyr.
- we sapar üçin ähli zerur bolan resminamalary taýýarlamak üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Müşderi/ýolagçy gidip barýan ýurdunyň ähli talaplary, şol sanda, ýurtdan çykanda, wiza ýa-da çagalary, haýwanlary çykarmak üçin gaýry resminamalar resmileşdirilende, ýaragyň, çeperçilik gymmatlyklarynyň çykarylmagyna rugsatnamalaryň we beýleki rugsatnamalaryň we ylalaşyklaryň resmileşdirilmegi üçin zerur bolan resminamalary resmileşdirmek bilen bagly bolan talaplar bilen tanyşmaly we berjaý etmelidir. Awiakompaniýa ýolagçynyň bu talaplary bilmeýänligi we berjaý etmeýänligi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
8.1. Müşderi tarapyndan maglumatlaryň berilmegi:
Saýt arkaly elektron awiabilet üpjün edilýän wagtyň dowamynda Müşderi şu aşakdaky maglumatlary berýär:
- Şahsy maglumatlary;
- Aragatnaşyk telefon belgileri;
- Elektron poçtasynyň salgysy;
- Goşmaça töleg ulgamy Bank/töleg hyzmatlarynyň öz sahypalarynda amala aşyrylýar.
8.2. Elektron awiabilet üpjün edilýän wagtyň dowamynda saýtda öz şahsy maglumatlaryny bermek bilen, Müşderi olaryň işlenmegine razylyk berýär.
8.3. Awiakompaniýa şu aşakdaky maksatlar üçin maglumatlary ulanýar:
- özüniň Müşderiniň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin;
- saýtyň we mobile goşundylaryň işine baha bermek we seljermek üçin.
8.4. Awiakompaniýa tarapyndan alnan maglumatlaryň aýan edilmegi:
8.4.1. Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuknamalarda göz öňünde tutulan halatlardan başga, Maglumatlaryň aýan edilmegi gadagandyr.
8.4.2. Awiakompaniýa Müşderi tarapyndan saýtda we mobile goşundylarynda umumy elýeterli görnüşde erlin maglumatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
9.1. Taraplar şu Ylalaşyk boýunça borçlaryny bölekleýin ýa-da doly ýerine ýetirmändikleri üçin, eger bu ýerine ýetirmezlik, Taraplaryň öňünden görüp bilmejek ýa-da öňüni alyp bilmejek adatdan daşary hadysalarynyň netijesinde, Ylalaşyk baglaşylandan soň ýüze çykan, ýeňip bolmajak güýç ýagdaýynyň netijesi bolan bolsa, jogapkärçilikden boşadylýarlar. Ýeňip bolmajak güýç ýagdaýlary diýlip şu aşakdakylara düşünýärler: sil, ýangyn, ýer titreme, döwlet organlarynyň hereketleri ýa-da hereketsizligi (hususan-da daşary ýurt pulundaky amallara çäklendirmeleri öz içine almak bilen), epidemiýa we gaýry tebigy hadysalar, uruş ýa-da harby hereketler we ş.m.
9.2. Ylalaşygyň 9.1.-nji maddasynda görkezilen hadysalaryň ýüze çykan ýagdaýynda, Taraplaryň her biri 5 (bäş) senenama gününiň dowamynda bu barada beýleki Tarapa ýazuwly habar bermelidir. Ýeňip bolmajak güýç hadysalaryna salgylanýan Tarap, bu hadysalaryň barlygyny tassyklaýan we, mümkin boldugyça, Tarapyň şu Ylalaşyk boýunça borçlaryny ýeine ýetirmek mümkinçiligine edýän täsirine baha berýän, ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen resmi resminamalary beýleki Tarapa gaýragoýulmasyz ibermelidir.
9.3. Ýeňip bolmajak güýç hadysasy barada habar berilmezligi ýa-da wagtynda habar berilmezligi (9.2.-nji madda laýyklykda) Tarapyň borçlaryny ýerine ýetirmezligine ýa-da talap edilýän görnüşde ýerine ýetirmezligine esas hökmünde bu ýagdaýlara salgylanmak hukugyndan mahrum edýär .
9.4. 9.1.-nji maddada sanalyp geçilen hadysalaryň we olaryň netijeleri 2 (iki) yzygiderli aýyň dowamynda dowam edýän bolsa, Taraplar, Ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň başga amatly usullaryny ýüze çykarmak üçin, goşmaça gepleşikler geçirip biler.
9.5. Fors-mažor hadysalarynyň 6 (alty) yzygiderli aýdan artyk wagtyň dowamynda dowam edýän ýagdaýynda, Taraplaryň her biriniň şu Ylalaşygy, Ylalaşygyň ýerine ýetirilmedik bölegine degişlilikde, ýatyrmaklyga haky bardyr. Şonda şu madda laýyklykda ýatyrylmagynyň netijesinde, Taraplar beýleki Tarapyň öňünde hiç hili jogäpkärçilik çekmeýär.
10.1. Şu Ylalaşykdan ýüze çykyp biljek ähli jedeller we düşünişmezlikler Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda çözülmelidir.
10.2. Şu Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi, üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen baglanyşykly, Taraplaryň arasynda ýüze çykýan ähli jedeller gepleşikleriň geçirilmegi arkaly çözülmelidir. Jedelleriň gepleşikler geçirmek arkaly çözülmedik ýagdaýynda, jedel, Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetinde çözülmelidir.
10.3. Kazyýetiň çözgüdi gutarnyklydyr we Taraplar üçin hökmanydyr.
10.4. Şu Ylalaşygyň haýsy hem bolsa bir düzgüniniň kazyýet tarapyndan güýjüni ýitiren hasap edilmegi galan düzgünleriniň güýjüni ýitirmegine getirmeýär.
11.1. Müşderi, köpçülikleýin online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny kabul etmek / tassyklamak bilen, onuň şertleri bilen doly razylaşýar we ähli salgytlary we ýygymlary öz içine almak bilen, Sargytnamanyň doly göwrümde tölegini kepillendirýär.
11.2. Taraplar şu köpçülikleýin online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi we/ýa-da talap edilýän görnişde ýerine ýetirmezligi üçin, şu köpçülikleýin online awiabilet satuw şertnamasyny we düzgünnamasyny we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlary bilen kesgitlenen tertipde we şertlerde jogapkärçilik çekýärler.
11.3. Müşderiniň aragatnaşyk liniýalarynyň işiniň bozulandygy, enjamlarynyň hatardan çykanlygy we ş.m. sebäpli, Müşderi tarapyndan Sargytnamanyň resmileşdirilmeginiň mümkin däldigi üçin Awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär.
11.4. Awiakompaniýa, öz ygtyýaryna girmeýän, mümkin bolan bozulmalar we hereketler, hususan-da, üçünji taraplaryň talaplary bozmalary we hereketleri üçin Müşderiniň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
11.5. Müşderi, berilýän hyzmatdan we howa gatnawyndan peýdalanmak üçin ähli zerur bolan resminamalaryň hakykylygy üçin jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Müşderi ýolagçy bolýan ýurdunyň çykyşynda we girişinde zerur bolan resminamalary resmileşdirmeklige, şeýle hem üstaşyr gatnatmada tutuş ugur boýunça hereket etmek üçin degişli bolan ähli talaplar, wizalaryň zerurlygy we resmileşdirilmeginiň şertleri, pasportlaryň, ynanç hatlarynyň we gaýry resminamalaryň güýjüniň bardygy bilen tanyşmaly we berjaý etmeli.