Ýerli gatnawlarda çagalary gatnatmagyň düzgünleri

Ýerli gatnawlarda 5 ýaşa çenli çagany mugt gatnatmaga rugsat edilýär we ene-atasynyň elinde bolandygy sebäpli olara uçarda ýer berilmeýär. Ikinji we ondan soňky 5 ýaşa çenli çagalary (INF) gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçyň awiabilediň nyrhyndan 75 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär. 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalary gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçynyň awiabilediň nyrhyndan 75 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär.

Uçuşdan öň hasaba alynşyň we uçara münülşiň wagtlary


Halkara gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 3 sagat öň hasaba alnyşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.
Ýerli gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 2 sagat öň hasaba alynşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.

Ownuk haýwanlary we guşlary gatnatmak


Ownuk öý haýwanlary uçaryň salonynda gatnadylyp bilner. Haýwanlar ýöriteleşdirilen kapasada gatnadylmaly we bu kapasa ýolagçynyň öňünde ýerleşen oturgyjyň aşagynda ýerleşdirilmelidir. Öý haýwanyň kapasa bilen birlikde agramy 8 kg-dan geçen halatynda, uçaryň ýük bölüminde ýerleşdirilýär.

Bagažy we el-goşlary gatnatmak


Ýolagça ýany bilen uçaryň salonyna bir şahsy zadyny (portfel, noutbuk, zenan sumkasy) we bir el-goşuny almaga rugsat berilýär. El-goşuň agramy 5kg-dan we göwrümi 50×40×20 sm-dan artyk bolmaly däl. Ýerli gatnawda 20 kg tölegsiz bagaž gatnatmaga rugsat berilýär we muňa 5 kg el-goş hem degişli.