“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa gämilerinde ýerine ýetirilýän 25.10.2026-27.03.2027 aralygynda halkara gatnawlary boýunça ýolagçy nyrhlaryň ulanyş şertleri

Ugruň görnüşi–bir tarapa/ iki tarapa (OW/RT).

Ekonom klass

X - Türkmenistanyň raýatlary üçin aňryçäk duralga 365 gün

Daşamak hakyndaky şertnamasynyň ýatyrylmagy (şertleriň üýtgedilmegi) boýunça tölegler:

- Uçuşa gelmedik ýagdaýynda awiabilediň tutumy100 USDbarabar (uçuşdan 60 minut öň we soň) ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl;

Uçuşdan ýüz döndirilen ýagdaýyndaky tutumlar, ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl:

Uçuşdan öň:

- Uçuşa 30 güne (720 sagat) çenli tutum alynmaýar;
- Uçuş wagtyna 30 günden (720 sagat) az galanda we 7 güne (168 sagat) çenli tabşyrylan ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 7 günden (168 sagat) az galanda we 3 güne (72 sagat) çenli tabşyrylan ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 3 günden (72 sagat) az galanda we 24 sagada çenli tabşyrylan ýagdaýynda 20% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 24 sagatdan az galanda 25% tutum tutulýar;

Uçuşdan soň:

- Uçuş wagtyndan soň 24 sagadyň içinde 35% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 24 sagatdan has köp bolanda we 30 güne (720 sagat) çenli tabşyrylan ýagdaýynda 40% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 30 günden (720 sagat) has köp bolanda we 60 güne (1440 sagat) çenli tabşyrylan ýagdaýynda 45% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 60 günden (1440 sagat) has köp bolanda we 180 güne (4320 sagat) çenli tabşyrylan ýagdaýynda 50% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 180 günden (4320 sagat) has köp bolanda yzyna gaýtarmak rugsat berilmeýär.

Uçuş wagtyny üýtgetmek üçin tutumlar:

Uçuşdan öň:

- Uçuşa 30 güne (720 sagat) çenli tutum alynmaýar;
- Uçuş wagtyna 30 günden (720 sagat) az galanda we 7 güne (168 sagat) çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 7 günden (168 sagat) az galanda we 3 güne (72 sagat) çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 15% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 3 günden (72 sagat) az galanda we 24 sagada çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 20% tutum tutulýar;
- Uçuş wagtyna 24 sagatdan az galanda 25% tutum tutulýar;

Uçuşdan soň:

- Uçuş wagtyndan soň 24 sagadyň içinde 30% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 24 sagatdan has köp bolanda we 30 güne (720 sagat) çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 35% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 30 günden (720 sagat) has köp bolanda we 60 güne (1440 sagat) çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 40% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 60 günden (1440 sagat) has köp bolanda we 180 güne (4320 sagat) çenli wagtyny üýtgetmek ýagdaýynda 50% tutum tutulýar;

- Uçuş wagtyndan soň 180 günden (4320 sagat) has köp bolanda wagtyny üýtgetmek rugsat berilmeýär.

Ýolagçynyň ýany bilen gidýän çagalar üçin ýeňillikler:
- INF kategoriýaly ýolagçylar üçin 2 ýaşa çenli 90% ýeňillik berilýär;

- CHD kategoriýaly ýolagçylar üçin 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli 25% ýeňillik berilýär;

Mugt daşalýan bagažyň möçberi:

  • 1 ýer 23kg 1 PC
  • 7kg el goşy (şol sanda 2 kg “duty free” dükanlar üçin el goşy içinde)