«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýerli ugurlaryny “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň howa gämilerinde ýerine ýetirmek boýunça gatnawlarda Türkmenistanyň raýatlary bolan ýolagçy nyrhlaryň ulanyş şertleri

Ekonom klass

V - Türkmenistanyň raýatlary üçin
aňryçäk duralga 90 gün
Uguryň görnüşi – bir tarapa (OW) we gidiş-gaýdyş (RT)
Daşamak hakyndaky şertnamasynyň ýatyrylmagy (şertleriň üýtgedilmegi) boýunça tölegler:

• Uçuşa gelmedik ýagdaýynda awiabilediň tutumy 25% barabar (uçuşdan 40 minut öň we soň) ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl;


Uçuşdan ýüz döndirilen ýagdaýyndaky tutumlar, ýöne ýersiz INF kategoriýaly ýolagçylar muňa degişli däl:


• Uçuş wagtyna 24 sagatdan az galanda we 3 sagatda çenli tabşyrylan ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
• Uçuş wagtyndan ýüz öwürilen ýagdaýynda gatnawyň ýerine ýetirmegine 3 sagatdan az galanda 25% tutum tutulýar;
• Uçuşdan mejbury ýüz öwürilen ýagdaýynda 0 % tutum tutulmaýar (doly gaýtaryp berilmeklige degişlidir);

Uçuş wagtyny üýtgetmek üçin tutumlar:

• 24 sagatdan az galanda we 3 sagatdan köp bolan ýagdaýynda 10% tutum tutulýar;
• Gatnawyň ýerine ýetirilmegin 3 sagatdan az galan ýagdaýynda 25% tutum tutulýar;
• Uçuşyň şertlerinden mejbury ýüz öwürilen ýagdaýynda 0 % tutum tutulmaýar (gatnawyň wagty üýtgän uçuşyň wagty üýtgän ýagdaýynda);
Ýolagçynyň ýany bilen gidýän çagalar üçin ýeňillikler:
• INF kategoriýaly ýolagçylar üçin 5ýaşa çenli 100% ýeňillik;
• CHD kategoriýaly ýolagçylar üçin 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli 50% ýeňillik;
Mugt daşalýan bagažyň kadasy 20kg(şol sanda 5kg el goşy öz içine alýar)

Ýerli gatnawlarda çagalary gatnatmagyň düzgünleri
Ýerli gatnawlarda 5 ýaşa çenli çagany mugt gatnatmaga rugsat edilýär we ene-atasynyň elinde bolandygy sebäpli olara uçarda ýer berilmeýär. Ikinji we ondan soňky 5 ýaşa çenli çagalary (INF) gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçyň awiabilediň nyrhyndan 50 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär. 5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalary gatnatmak üçin uly ýaşly ýolagçynyň awiabilediň nyrhyndan 50 % göterimi tölege degişli bolup durýar we aýratyn howa gämisinde ýer berilýär.
Uçuşdan öň hasaba alynşyň we uçara münülşiň wagtlary

Halkara gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 3 sagat öň hasaba alnyşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.


Ýerli gatnawlarda uçuşy bellenilen wagtyndan 2 sagat öň hasaba alynşy başlanýar we uçuşuň wagtyna 40 minut galanda tamamlanýar.
Ownuk haýwanlary we guşlary gatnatmak

Ownuk öý haýwanlary uçaryň salonynda gatnadylyp bilner. Haýwanlar ýöriteleşdirilen kapasada gatnadylmaly we bu kapasa ýolagçynyň öňünde ýerleşen oturgyjyň aşagynda ýerleşdirilmelidir. Öý haýwanyň kapasa bilen birlikde agramy 8 kg-dan geçen halatynda, uçaryň ýük bölüminde ýerleşdirilýär.


Bagažy we el-goşlary gatnatmak

Ýolagça ýany bilen uçaryň salonyna bir şahsy zadyny (portfel, noutbuk, zenan sumkasy) we bir el-goşuny almaga rugsat berilýär. El-goşuň agramy 5kg-dan we göwrümi 50×40×20 sm-dan artyk bolmaly däl. Ýerli gatnawda 20 kg tölegsiz bagaž gatnatmaga rugsat berilýär we muňa 5 kg el-goş hem degişli.