Hormatly ýolagçylar! Üstaşyr awiabiletleri turkmenistanairlines.tm sahypadan we mobile goşundylary arkaly üpjün edip bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.
21.02.2023Hormatly ýolagçylar!
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň turkmenistanairlines.tm online awiabilet satuw sahypasynda 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 10-dan içerki howa gatnawlarynda üstaşyr awiabiletleri satyn alyp bilýändigiňiz barada Size habar berýäris.
Şeýle-de online awiabilet satuw saýtyndan daşary ýurt ugurlary boýunça awiabiletleri satyn alanyňyzda 2,5 göterim arzanladyşyň bardygy barada Size habar berýäris.
Hormatlamak bilen,
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.