Malpensa howa menzilinde ilkinji Aşgabat-Milanyň uçuşyny dabaraly garşylamak boýunça dabarasy geçirildi

2024-03-07

"Türkmenistan" awiakompaniýasy" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň uçarynyň Aşgabat - Milan - Aşgabat ugry boýunça ilkinji uçuşy Malpensa howa menzilinde dabaraly garşylandy.

Dabara Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýli Komekow, "Türkmenistan" awiakompaniýasy" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri, Milanyň we Malpensa howa menziliniň ýolbaşçylarynyň wekilleri, şeýle hem italýan kompaniýalarynyň işgärleri gatnaşdy. Çykyş edenler hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny ösdürmekde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda göni ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini bellediler.

Ilkinji ýolagçylary milli türkmen eşikli çagalar we gyzlar adaty “pişme” bilen garşy aldy.

"Türkmenistan" awiakompaniýasy" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Malpensa howa menzili bilen bilelikde ilkinji ýolagçylar üçin süýji stol we günortanlyk naharyny gurady.

Stoluň esasy bezegi Aşgabat-Milanyň ilkinji uçuşyny şekillendirýän tortdy.

Dabara gatnaşan Türkmenistan, Kerim Nuryýew:

“Şeýle göni ýolagçy hyzmatlaryny açmakdan diýseň hoşal. Ine, Milanda watandaşlarymyzyň köpüsi okaýar we işleýär, indi hemmämiz watanymyza ýygy-ýygydan baryp bileris! Mundan başga-da, türkmen-italýan hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryny has işjeň ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. "