NOBATDAKY «BOEING 777-300 ER» KYSYMLY TÄZE ÝOLAGÇY UÇARY AŞGABADA GETIRILDI
2024-01-05Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna laýyklykda, indi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyp, iň täze enjamlar bilen üpjün edilýär. Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasyndan «Boenig-777-300ER» kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämilerini satyn almak baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat Halkara howa menziline getirildi. Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabada getirilipdi.
Ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Ondaky orunlaryň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom we 296-sy bolsa ekonom-klasa degişlidir. 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.