AŞGABAT-JIDDA-AŞGABAT UGRY BOÝUNÇA ILKINJI YZYGIDERLI ÝOLAGÇY GATNAWYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGY

2024-02-16

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda, şol sanda ilatyň howa uçarlary arkaly gatnawlary boýunça halkymyza hyzmat etmegiň hili ýokarlanýar hem-de gerimi barha giňeýär. Bu ugurda berkarar döwletimizden dünýäniň dürli künjeklerine howa ýollaryň ugurlarynyň artmagy halkara hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilmegine ýardam etmekde ähmiýetlidir. Şu gün paýtagtymyzdan Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine ilkinji uçuşyny amala aşyran “777-200 LR” kysymly türkmen “Boingi” Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça ilkinji gezek ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady.

Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly, Türkmenistanda halkymyza hyzmat etmegiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de gerimini giňeltmek esasy wezipleriň biri bolup durýar. Şeýle wezipeleri ýerine ýetirmekde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi üstünlikli işleri alyp barýar. Netijede, Aşgabatdan dünýäniň çar künjüne uzaýan howa ýollarynyň sany barha artýar.

Ine, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda Aşgabat-Jidda aralygyna ilkinji ýolagçy türkmen “Boinginiň” uçurylmagy meýilleşdirildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki binaýdyny yzygiderli pugtalandyrmak baradaky aladalary netijesinde satyn alnan iň kämil, döwrebap uçarlaryň hyzmatyndan peýdalanylýar.

Aşgabatdan Saud Arabystany Patyşalygyna göni uçuşlar häzire çenli hormatly Prezidentimiziň degişli ýörite Karary esasynda amala aşyrylýardy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň mukaddes dini däp-dessurlaryny berjaý etmeklerine döredýän oňaýly şertleri bolup, şonuň esasynda her ýylda ildeşlerimiziň köp sanlysy ähli musulmanlaryň mukaddes ojagy hasaplanýan Käbä zyýarata gidip-gelýärdiler. Indi bolsa Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça ýola goýlan howa gatnawy yzygiderli, “Türkmenhowaýollary” agentliginde atlandyrylyşy ýaly, rejeli amala aşyrylar.

Ýurdumyzyň howa ýollarynyň bu täze ugry boýunça Jidda şäherine ýola goýlan ilkinji uçuşyň ýolagçylary özlerini bagtly ynsanlar hasaplaýarlar. Çünki olaryň ählisi ilkinji uçuş arkaly haj parzyny berjaý etmek maksadyny ýüreklerinde besläp barýarlar. Bu bolsa şeýle gatnawyň yzygiderli ýola goýulmagynyň ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmeklerinde hem uly amatlylyk we ýeňillik döretmäge ýardam etjekdiginden habar berýär. Munuň üçin olar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tükeniksiz alkyş sözlerini aýdýarlar.

Ýeri gelende bellenilip geçilse, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz düzüm bölegidir. Içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda raýat awiasiýasyna möhüm orun berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän degişli maksatnamalar innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy injener-tehniki pikirleri hem-de iň oňat dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Şeýle işleriň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyzyň raýat awisasiýasynyň halkara we ýerli howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli ýakynlaşmagy, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini hem-de hilini artdyrmak üçin mümkinçilikler döredildi.

Watanymyza yzygiderli gelip gowuşnan kuwwatly howa ulaglary -- täze “Boing” uçarlary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli raýat awiasiýasynyň uçar tehnikalarynyň täzeleriniň satyn alynmagy arkaly olaryň üstüniň ýetirilmegi bilen ýurdumyzyň howa ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalandyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Şeýle uçarlaryň satyn alynmagy ýurdumyzyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa ulagy arkaly halkara ýolagçy gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyryp, bu ugurdaky işleri ýokary derejede amala aşyrmaga, dostlukly hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat edýär.

... Aşgabatdan Saud Arabystany Patyşalygyna tarap asmana galan türkmen laçyny şekillendirilen uçar biraz wagtdan Jidda şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Uçardan düşen türkmen ýolagçylary dostlukly ýurduň topragynda mähirli we myhmansöýerlik bilen garşylandylar hem-de olaryň zyýaratlarynyň we haj parzlarynyň kabul bolmagy dileg edildi.

Şeýle hem bu ýerde, howa menzilinde “Jedko” howa menzilleri toplumynyň başlygy Mazen Mohammed Johar, Saudi howa gämilerine ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirýän SGS kompaniýanyň ýolbaşçysy Omar Ahmed Al-Muodi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Awiasiýa häkimiýetiniň iş dolandyryjysy Süleýman al-Bassam bilen “Türkmenhowaýolaryny” agentliginiň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda gysgaça söhbetdeşlik boldy.

Saud Arabystany tarapynyň wekilleri dünýäde parahatçylyk söýüji, hemişelik Bitarap ýurt hökmünde tanalýan we barha gülläp ösýän Türkmenistandan Saud Arabystanyna yzygiderli howa gatnawynyň ýola goýulmagy hem-de bu ugurda ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryp, türkmen uçarynyň Jidda şäherine gelmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ýardam eder diýip, arabystanly hyzmatdaşlar aýtdylar.

Türkmen tarapynyň wekilleri mähirli we myhmansöýerlik bilen garşylandyklary hem-de päk niýetli arzuw dilegleri üçin Saud Arabystanly kärdeşlerine hoşallyk bildirdiler. Olar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge ýardam berjek şunuň ýaly howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde mümkin bolýandygyny nygtadylar hem-de bu gatnawyň geljekde özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýlelikde, Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy açyldy we ol hepdede iki gezek amala aşyrylyp, ýolagçylara hyzmat eder. Munuň özi Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek strategiýasyny durmuşa geçirmegi bilen baglylykda hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki Türkmenistan sebitiň möhüm ulag halkasyna hem-de iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Möhüm başlangyçlary öňe sürýän hem-de olary amala aşyrmakda anyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we şol işleri üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag syýasaty netijesinde bu wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýola goýlan şeýle işler üçin ildeşlerimiziň – ýolagçylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarynyň we alkyş sözleriniň çägi ýok, olar munuň üçin milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza köp sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, uly döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.