JEBEL ŞÄHERÇESINDE HALKARA HOWA MENZILINIŇ GURLUŞYGY ÝOKARY DEPGINDE ALNYP BARYLÝAR

2024-02-10

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilikli täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň şu ýyl üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň iň kämil tehnikalarynyň 112-si doly güýjünde peýdalanylýar. Bu ýerde birnäçe çalşykda dürli kärdäki hünärmenlerimiziň 650-ä golaýy zähmet çekýärler.

Häzirki güne çenli uçuş-gonuş zolagynyň aglaba işleri arka atyldy. Transformator bekediniň, suw saklanýan rezerwuarlaryň, ýangyn howpsuzlygy binalarynyň gurluşygy bolsa tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Terminalyňdyr dolandyryş diňiniň, şonuň ýaly-da daşky eltiji ulgamlaryň gurluşygyny hem güýçli depginde dowam etdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Jebel şäherçesinde gurulýan täze ulag-logistika merkezi tutuş ýurt bilen birlikde, Balkan welaýatynyň geljekde ykdysady, medeni-durmuş ulgamlardaky gazanjak ösüşlerine düýpli täsirini ýetirer. Bu menziliň häzirki zaman howa gämileriniň ähli görnüşlerini diýen ýaly kabul edip bilmegi üçin şertler dörediler. Menzilde dikuçarlaryň dördüsi, howa gämileriniň altysy üçin duralgalar bolar. Ýolagçylaryň we dürli ýükleriň ýerli hem-de daşary ýurt gatnawlaryny amala aşyrmaga niýetlenilýän Halkara howa menziline beýikligi 35 metre barabar bolan dolandyryş diňi aýratyn görk berer.

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Jebel şäherçesinde gurulýan täze howa menziliniň şu ýyl işe giriziljekdigini aýtdy.