TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE ENERGIÝA WE AWIASIÝA PUDAKLARYNDAKY HYZMATDAŞLYGA DEGIŞLI RESMINAMALARA GOL ÇEKDI

2024-03-01

Şu gün, 1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalaryň arasynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama barada bellemek möhümdir. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýola goýlan hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýän ulag toplumynyň ähli pudaklarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny çalt ösdürmäge we düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar durmuşa geçirilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar