“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy

2024-04-01

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlaryň tölegi “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan resmileşdirilýär (şertnama esasynda). Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon nomeri:23-47-88.

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:


1. Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.


2. Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň “Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.


3. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan 15 günüň dowamynda geçmeli;

Okuwyň möhleti 4 ýyl.


Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 01.05.2024-31.05.2024 seneler aralygynda kabul edilýär.


Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:


— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);


— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);


— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);


— umumy orta, orta-hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy;


— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;


— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;


— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;


— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;


—zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);


— mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşanlar, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň nusgasyny tabşyrýarlar.


Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.


Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.


Giriş synaglary 01.06.2024ý.-30.06.2024ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.


Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar. Okuw üçin tölegler awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (umumy ýaşaýyş jaý, saglyk atiýaçlandyryş tölegleri, günlik iýmit, ýol) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.