“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

2023-09-13

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 3 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41


Dalaşgär üçin maglumat:


- Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
- Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
- ýaşy 30-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
- ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
- boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
- türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
- başlangyçdan (Elementary) pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
- beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
- mylaýym daş görnüş;
- düşnükli/aýdyň sözleýiş;
- alçaklyk;
- suwda ýüzmek ukyby;
- harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
- hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:
1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.