“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça

08.04.2026

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Turk Hava Kurumu uniwersitetine kabul edişligi yglan edýär. Okuwlaryň tölegini “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şertnama esasynda resmileşdirilýär. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, telefon belgileri: 23-47-88, +99365-72-58-43

Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine 4 ýyllyk uçarman kärine okadyljak dalaşgärleri saýlap almaklygyň Tertibi:

Okuwa Türkmenistan raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuw “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bellenen ýolbaşçylary tarapyndan ilkibaşlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Turk Hava Kurumu Uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden, synagyndan şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Dalaşgär “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň barlaglaryndan geçmek üçin ýollananyndan soňra 15 günüň dowamynda lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany getirip bermäge borçlanýar;

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 08.04.2026-30.06.2026 seneler aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);

— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);

— umumy orta we orta-hünär bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;

— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabata halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ýa-da harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (bar bolan ýagdaýynda);

Dalaşgärleriň ähli resminamalary Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda serediler, nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary Iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 01.07.2026-15.07.2026ý. seneler aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada 3 taraplaýyn (Awiakompaniýa, Talyp we Zamunçy) şertnama baglaşyljakdyr, şertnama laýyklykda, Talyp okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar.

Awiakompaniýa tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler aşakdakylardan ybarat:

  • Talybyň okuwy üçin tölegleri (Nazaryýet we Uçuş türgenleşik);
  • Talybyň umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleri;
  • Talybyň okuw ýylynyň başynda Turkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine barmak we okuwy tamamlandan soňra Aşgabat şäherine gelmek boýunça ýol çykdajylary;

Dalaşgär tarapyndan ýerine ýetiriljek tölegler:

  • Wizany resmileşdirmek boýunça tölegleri;
  • Saglyk ätiýaçlandyryş boýunça tölegleri;
  • Günlik we iýmit çykdajylar;
  • Kommunikasiýa çykdajylary;
  • Okuw döwründe ýol çykdajylary.