"Türkmenistan" awiakompaniýasy" AGPJ 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary togtadylýar. Russiýa döwletine uçuşlar Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylar.

2023-08-03

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary togtadylýar. Russiýa döwletine uçuşlar Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylar.

Moskwa - Aşgabat ugry boýunça awiabiletleri bolan ýolagçylar
awiabiletda görkezilen senä we wagta görä ugramazdan 3 sagat öň Kazana özi gelmeli.

Ýolagçylaryň isleglerine görä şu aşakdaky görkezilenler hödürlenýär:

1.Awiabiledi täzeden resmileşdirmek:

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçynyň razylygy bilen, Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp beriler.
Kassalarda awiabiledi täzeden resmileşrilmeginiň zerurlygy ýok. Ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä Aşgabatda we Kazanda howa gämisine münmek üçin belligi alnyp bilerler.

2. Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy:


Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiabiledini üýtgetmek islemeýän ýolagçylara, Awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar.
Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiabilediň satyn alynan ýurdunda gaýtarylýar.

Russiýa Federasiýasyndaky satuw ofisleriniň salgylary

Kazan
Dekabristow köçesi 85.B “Relita” söwda merkezi
Iş wagty Duşenbe-Anna 10.00-18.00-dan
Telefon. + 7 (843) 500-55-31

Moskwa
Domodedowo howa menzilinde ofis
Telefon +7 (903) 243-22-50
Iş tertibi
Duşenbe we penşenbe 10.00-19.00-dan
Sişenbe 15.00-23.00
Çarşenbe, 15.00-22.00
Juma 05.00-15.00
Şenbe ýekşenbe 10.00-17.00-dan

Paveletskiý demir ýol menzilindäki ofis -3-nji gat 35-nji otag
Telefon +7 (915) 109-85-02
Iş wagty Duşenbe-Anna 10.00-19.00
Şenbe we ýekşenbe 10.00-17.00 aralygynda

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oňaýsyzlyk üçin ötünç soraýar we düşünenleri üçin ýolagçylara sag bolsun aýdýar.