“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan aşakda agzalan halkara gatnawlara uçýan ýolagçylara uçýan güni doglan güni bilen gabat gelen ýagdaýynda ýörite aksiýanyň bardygyny Size habar berýäris.
2025-02-20
Hormatly ýolagçylar!
2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-na çenli “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan aşakda agzalan halkara gatnawlara uçýan ýolagçylara uçýan güni doglan güni bilen gabat gelen ýagdaýynda ýörite aksiýanyň bardygyny Size habar berýäris.
Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat;
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat;
Aşgabat – Bangkok – Aşgabat;
Aşgabat – London – Aşgabat;
Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat;
Aşgabat – Milan – Aşgabat;
Ýörite aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäginde ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiniňiz.
Öz doglan günüňizi “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen has-da şadyýan geçirmek mümkiçligini elden gidirmäň!