“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY” AGPJ UÇUŞ WAGTYNY OŇAÝLY GEÇIRMEKLERI ÜÇIN SANLY
2025-09-01“Türkmenistan” awiakompaniýasy” agpj Uçuş wagtyny oňaýly geçirmekleri üçin sanly multimedi ulgamyny girizdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap uçuşda sanly multimedia ulgamyny işe girizdi. Uçuşda güýmenje sanly ulgamyna girmek ähli ýolagçylar üçin elýeterli bolar we ýerli we halkara ugurlaryna sanly ulgamyna girmek mümkinçilik döredilen.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçarlarynda sanly multimedia ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýolagçylaryň uçuşlaryny hasam özüne çekiji we amatly eder. Uçuşdaky täze güýmenje ulgamy ýolagçylara filmlere, teleseriallara we multfilmlere tomaşa etmäge, audiokitaplary we podkastlary diňlemäge we iň täze gazetleri, we kitaplary okamaga mümkinçilik berýär.
Multimedia ulgamyna birikmek üçin iOS ýa-da Android operasiýa ulgamlary bolan smartfondan, planşet ýa-da noutbukdan mümkindir.
Multimediýa ulgamyndan peýdalanmagy hiç hili tölegsiz görnüşinde teklip edýäris. Howa gämisinde multimedia programmalaryny görmek diňe içerki Wi-Fi ulgamy «Turkmenistanairlines» birikdirilen ýagdaýynda mümkindir.
- Öz abzalyňyzda (telefon, planşet) uçuş rejesini goýuň.
- Öz abzalyňyzda Wi-Fi giriň. Howa gäminiň içinde «Turkmenistanairlines» wifi ulgamyna birikdiriň.
- Brauzeri işe giriziň. Brauzeriň setirinde «adonisone.com» ýazyň
ya-da QR kodyny ulanyň.
- Dili saýlaň hem-de «Multimedia portalynyň» menýusyny basyň.
- Multimedia kontentiniň szi gyzyklandyrýan kategoriýasyny saýlaň we uçuşdan lezzet alyň.
Siziň şahsy abzallaryňyzda elýeter bolan filmleriň, teleşoularyň, sazyň we žurnallaryň giňişleýin kitaphanasyndan lezzet alyň.