TÜRKMENISTANA «BOENIG-777-300ER» TÄZE ÝOLAGÇY HOWA GÄMISI GETIRILDI
2023-12-04Çuňňur hormatlanylýan Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parkyny giňeldip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze döwrebap ýolagçy howa gämilerini yzygiderli satyn almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn alyndy.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolagçy howa gämileriniň parkynyň üstüni ýetiren bu täze «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli döwrebap ýolagçy uçar 368 oturgyçly ýolagçy uçarlaryndan, şolardan 40 biznes, 32 premium ykdysadyýet we 296 ykdysadyýet synpy we 2 sany GE90-115BL2 görnüşli hereketlendirijisi bilen ornaşdyrylan, bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km ýetip, 40 000 kg çenli göwrümli ýükleri bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär.
2023-nji ýylyň 04-nji dekabrynda «Boeing» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» kysymly EZ-A781 görnüşli täze ýolagçy howa gämisi Aşgabat halkara howa menziline gonup, ikinji ýolagçy howa gämisi ýakyn wagtlarda ýurdumyza getiriler.
Hormatly Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň has eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Bu häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge şertleri döreder.
Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileri yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan berýän ýardamlary üçin Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe janlarynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç almaklaryny arzuw edýäris.