Türkmenhowaýollarynyň uçar parkyna täze «Boeing 777-200LR» uçary gelip goşuldy.
2022-02-24«Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boing» kompaniýasynyň arasynda ozal baglaşylan Ylalaşyga we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 21-nji iýulynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2021-ýylyň 23-nji iýunynda türkmen howa ýollarynyň uçar parkyna täze «Boeing 777-200LR» uçary gelip goşuldy.
Şeýlelikde, täze uçar Türkmenistanyň sargydy bilen gelen şu kysymyň dördünjisidir.
Uçar «Boeing Everett Factory» zawodynda ýasaldy. Ol 291 ýolagça niýetlenendir. Şol sanda ýolagçylaryň 28-si biznes-klasly, 263-si bolsa ekonom klasly orunlarda uçuşy geçirip bilerler. Uçar döwrebap «General Electric» hereketlendirijisi bilen üpjün edildi.
Şeýle hem täze uçarda «Thales Avionics, Inc.» kompaniýasyna degişli «i5000 IFE» bort ulgamy ýerleşdirildi. Bu ulgam arkaly her bir ýolagçynyň oturgyjynyň arkasy yzda oturan ýolagçy üçin monitor bilen üpjün edilen. HD hilli ekranlarda ýolagçylar türkmen filmlerine, multfilmlerine we şekilli aýdymlaryna tomaşa edip bilerler.
Uçar säginmezden 16 müň kilometr aralygy geçip bilýär. Ol ilkinji uçuşyny Lebap welaýatynda Kerki halkara howa menziliniň açylyp, ulanmaga berlen gününde amala aşyrdy.