Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa,

2024-02-29

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar geçirilýän ýeri bolan Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilýän “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşýarlar.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek üçin hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.

Howa ulgamy çygrynda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklary dürli ýurtlar bilen 50-den gowrak halkara ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (IKAO), Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň we Halkara awiasiýa komitetiniň (HAK) agzasy bolup durýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşmagy Türkmenistanyň bu çygyrda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge ýardam etmek üçin gönükdirilendir.