TÜRKMENISTANDAKY «AIRBUS A330-200P2F» UÇARY ILKINJI GEZEK ÝÜK DAŞAMAK HYZMATYNY AMALA AŞYRDY
2023-04-24Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan syýasat ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürilmegine hem-de dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendir. Häzirkizaman köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bolsa, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan bu ulgamda ähli ugurlar, şol sanda raýat awiasiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Bu pudak soňky döwürde kuwwatly ösüşe eýe boldy. Häzirkizaman howa menzilleri guruldy, olar iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti uçarlaryň iň täze nusgalary bilen doldurylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli awiasiýamyzy ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýmak bilen, işgärleriň – uçarmanlaryň hem-de hyzmat ediş gulluklarynyň hünärmenleriniň taýýarlanylmagyny üýtgewsiz talap hökmünde öňe sürýär.
«Türkmenhowaýollary» agenliginiň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş ugurlarynyň sany yzygiderli artýar.
Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýan häzirki şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň ulag ulgamynda başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy we geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, dostlukly hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin yzygiderli degişli işler alnyp barylýar.
Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda satyn alynan Airbus «A330-200» kysymly ýük uçary Wiýetnam sosialistik respuplikasyndan Türkmenisanyň üsti bilen ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşamak boýunça ilkinji gatnawy ýerine ýetirdi. Döwrebap ýük göteriji täze uçary bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge uly ýardam berip, ýurdumyza we halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek bilen, iri ulag-logistika merkeziniň üsti bilen, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka bolar.
2023-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, Aziýa dowletleriniň Wiýetnam Sosialistik Respuplikasyna, Koreýa Respublikasyna. Ýewropa döwletlerine hususanam Çehiýa respublikasyna Germaniýanyň Frankfurt şäherine ýük gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Ýokarda agzalan ýük gatnawlary ýola goýmak Aziýa ýurtlaryndan Türkmenistana we Türkmenistandan ýewropa ýurtlaryna ýükleri ugratmak şeýle-de yzygiderli üsti aşyr gatnawlary ýola goýmagy özümize maksat edinýäris.
Meýilnama laýyklaýykda ýerine ýetirilmeli işler, ýurdumyzyň Milli raýat awiasiýasynda halkara derejeli ösüşleri gazanyp täze sepgitlere ýetmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.