19.05.25 seneden başlap “Türkmenistan”awiakompaniýasy” Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşaguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary barada.

2025-05-17
Hormatly Ýolagçylar!

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan”awiakompaniýasy” AGPJ-nyň Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşaguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylýandygy we ozal resmileşdirilen awiabiletleri yzyna gaýtarmak ýa-da ugruny üýtgetmek boýunça Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiniz.
Sanly ulgam arkaly (Online) resmileşdirilen awiabiletleriňizi yzyna tutumsyz gaýtaryp, Awiakompaniýanyň resmi saýty turkmenistanairlines.tm we Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup täzeden Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat- Mary we Daşaguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlaryna awiabiletleri resmileşdirip bilersiňiz.
Şeýle-hem 2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan”awiakompaniýasy” AGPJ-i Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat-Mary we Daşaguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilip başlanýandygy barada Size habar berýäris.

Habarlaşmak üçin; 39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32