Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny göz öňünde tutup, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den raýatlarymyzyň rahat dynç almak we syýahat...

2024-05-30
Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny göz öňünde tutup, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den raýatlarymyzyň rahat dynç almak we syýahat etmek üçin, dürli isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen:

Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat

Ugurlar boýunça gatnawlaryň sanynyň köpeldilendigini, şeýle-de welaýatlarymyzyň Halkara howa menzillerinden ýerine ýetirilýän gatnawlarda täze ugurlar boýunça gatnawlaryň ýola goýulandygyny, has takygy:

Türkmenbaşy – Türkmenabat – Türkmenbaşy;
Türkmenbaşy – Daşoguz – Türkmenbaşy;
Türkmenbaşy – Mary – Türkmenbaşy.

Ugurlar boýunça gatlaryň ýola goýulandygyny Size mälim edýäris.

Hormatly ýolagçylar, ýokarda görkezilen ugurlar boýunça sanly ulgam arkaly türkmenistanairlines.tm web sahypasy we mobil goşundysyny ullanmak bilen awiabiletleri resmileşdirip bilersiňiz.