«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ «AIRBUS 330-200» KYSYMLY ÝÜK HOWA GÄMISINIŇ IKINJISI AŞGABAT HALKARA HOWA MENZILINDE GARŞY ALYNDY
2023-04-27Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryhy pursatlara, şanly wakalara beslenýär.
«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky №2078 belgili Kararyna laýyklykda, Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly ýük howa gämisiniň ikinjisi Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu kysymly howa gämisiniň birinjisi 2023-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine ýurdumyza getirilipdidi.
Häzirki döwürde ulag-kommunikasiýa toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ugurdyr. Şonuň üçin-de bu toplumy ösdürmek we täze belentliklere çykarmak boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginde hem taryhy işler durmuşa geçýär. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, agentligiň hünärmenleri ak ýürekden, yhlasly zähmet çekýärler.