Hytaý Halk Respublikasyna syýahat etmegi meýilleşdirýän ýolagçylar üçin habar berýäris!

2023-03-09

“Türkmenistan”awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2023-nji ýylyň mart aýynyň 19-dan başlap, Aşgabat – Pekin – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawlaryny ýerine ýetirip başlaýandygyny göz öňünde tutup, Hytaý Halk Respublikasyna gitmegi meýilleşdirýän ähli ýolagçylaryň ýanynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletli negatiw PCR testi we agyz-burun örtüginiň (maskanyň) bolmalydygyny, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Migrasiýa gullugyna pasport barlagyna barmazdan ozal, “Wechat” programmasynda ýa-da https://htdecl.chinaport.gov.cn saýt salgysyna girip doldurylan Saglyk Deklarasiýasynyň (Health Declaration) netijesinde ýolagçynyň şahsy QR kody bolmaly.