Özara baglanyşyk hem-de ösüş - 2023» atly (ITTC 2023) ikinji halkara maslahaty we Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri sergisi şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriler

2023-04-30

Özara baglanyşyk hem-de ösüş - 2023» atly (ITTC 2023) ikinji halkara maslahaty we Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri sergisi şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçiriler.
Bu maslahatyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe halkara ulag pudagynda emele gelen täze şertlere uýgunlaşmakdan, netijeli halkara ulag, şeýle-de üstaşyr geçelgeleri ösdürmekden ybaratdyr. Ulag toplumynda düzüm mümkinçilikleri: awtobanlar, halkara deňiz portlary, demir ýol we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem onuň gün tertibine girýär.

Maslahatda «Gündogar-Günbatar» we «DemirgazykGünorta» ugurlardaky halkara ulag ýollaryna, şol sanda Hytaýyň «Bir guşaklyk - bir ýol» başlangyjynyň bir bölegi hökmünde Ýewraziýa gatnawlarynyň amatlyklaryny hem-de düzüminiň mümkinçilikleri barada-da pikir alyşmalar bolar. ITTC - 2023 çäresi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralar.


Bu her ýylky abraýly forum milli ulag kärhanalarynyň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, iri logistika institutlarynyň we bu ugurda ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin geçirilýär.