ONLINE AWIABILEDI YZYNA GAÝTARMAK ÜÇIN GÖZÜKDIRME
Yza“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (mundan beýläk Awiakompaniýa) turkmenistanairlines.tm online awiabilet satuw saýty we turkmenistanairlines atly mobile goşundylary arkaly online awiabiledi yzyna gaýtarmagyň gözükdirmesi.
Online awiabiledi almak üçin Şahsy otaga bellige alynmak zerur bolup durýandygy sebäpli online awiabiledi elektron görnüşinde yzyna gaýtarmak üçin awiabilet alan ýolagçy özi şahsy otagyň kömegi bilen awiabiledi gaýtaryp bilner we awiabilediň pul serişdeleri diňe töleg geçirilen bank kartyna gaýtarylar;
1. Ýolagçy şahsy otaga girmek bilen öz alan awiabiletleriniň ählisi görüp biler.
2. Ýolagçy şahsy otaga islendik mobile goşundylaryndan ýa-da kompýuterlerden brawseriň üsti bilen öz şahsy telefon belgisini we açar sözüni girizmek bilen şahsy otaga girip “awiabilediň taryhy” diýen böleginde awiabiledini saýlamaly.
3. Soňra şol ýerde awiabiledini ýükläp almak ýa-da awiabiledini ýatyrmak düwmesi çykar.
4. Awiabiledi ýükläp almak düwmesine basmak bilen ýolagçy öz awiabiledini islendik ýerde elektron görnüşinde ýükläp alyp biler.
5. Awiabiledini gaýtarmak düwmesine basyp ýolagçy özi awiabiledini “split” uçmaly adamlaryny bölüp bilýär ýa-da ähli awiabiledini gaýtaryp biler we awiakompaniýanyň nyrhlary ulanyş şertleri esasynda talaba laýyk awiabilediniň pul serişdesi 3 günüň dowamynda yzyna gaýtarylar ýa-da ýolagçynyň töleg kartynda ýa-da başgada tehniki sebäpleri we başgada meseleler dörän ýagdaýynda awiakompaniýa ähli ýüze çykan kemçilikleri aradan aýyrmak bilen degişli işleri geçirip pul serişdesini yzyna gaýtarar.
6. Ýolagçynyň pul serişdeleri yzyna gaýtarylanda diňe töleg geçirijiniň kartyna geçýär.
7. Eger ýolagçynyň awiabiledi yzyna gaýtarylan, onuň hem özi habary ýok bolan ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. Sebäbi ýolagçynyň özi şahsy otaga girip awiabiledini gaýtarýar, üçünji taraplar “başga biri alyp beren bolsa” ol hem awiabileti yzyna gaýtarandygy anyklanylan ýagdaýynda Awiakompaniýa hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
8. Ýolagçynyň töleg kartyna diňe tehniki sebäplere görä pul serişdeleri gaýtarylmaýandygy anyklanylan ýagdaýynda aşakdaky görkezilen resminamalaryň nusgalary we şul arzany dolduryp info@turkmenistanairlines.tm online poçtasyna ugratmak zerur bolup durýar. “ARZA” diýen düwmesine basyň.
8.1 Uçýan ýolagçynyň pasportynyň nusgasy.
8.2 Töleg geçirijiniň pasportynyň nusgasy.
8.3 Töleg geçendigi ýa-da geçmändigi barada bank rekwizitleri.
8.4 Ýolagçynyň awiabilediniň pul serişdesi ýakyn garyndaşlarynyň (Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine laýyklykda - ýakyn garyndaşlar ata-eneler (şol sanda perzentlige alnanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar) hasaplaşyk kartyndyndan töleg geçirilmedik bolsa onuň awiabiledi üçin töleg geçiren ynamdar wekiline Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň notarial edaralary tarapyndan berilen Ynanç haty.
8.5 Elektron arzany doly we dogry dolduryp ugradylmaly.
9. Howa gatnawynyň awiabiledini gaýtarmak barada ýazan arzaňyz esasynda ýa-da elektron görnüşinde awiabiledi yzyna gaýtarmak düwmesine basanyňyzdan soň uçuş ugruňyz ýatyrylar we gaýtadan dikeltmek müňkinçiligi ýokdugy barada habar berýäris.