ONLINE AWIABILEDI ÜPJÜN ETMEGIŇ GÖRKEZMESI.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň turkmenistanairlines.tm web sahypasy we turkmenistanairlines atly mobile goşundylary online awiabilet üpjün etmek we online arkaly töleg geçirmek hyzmatlaryny awiakompaniýanyň hereket edýän düzgünnamalary, nyrhnamalaryň şertleri esasynda ýolagçylara awtomatiki usulda hyzmat edýär.
Online awiabilet almazyndan öň saýtda ýerleşdirilýän maglumatlar bilen hökmany ýagdaýda we “Ýolagçy bilen awiakompaniýanyň web sahypasynyň arasyndaky düzgünnama we ylalaşyk” diýen ýerde ýazylan bellikler bilen tanyşmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.
“Ýolagçy bilen awiakompaniýanyň web sahypasynyň arasyndaky düzgünnama we ylalaşyk” Siziň awiabilet alanyňyzda awiakompaniýanyň düzgünleri, kadalary, görkezmeleri bilen ylalaşyp awiabilet üpjün edýändiňizi aňladýar.
Şeýle hem, online-nyň üsti awiabilet alanyňyzda ähli maglumatlary doly ýagdaýda girizmegiňizi we üçünji taraplar tarapyndan awiabilet alynan ýagdaýynda ýolagçy bilen üçünji tarapyň arasynda ýüze çykan meselelere, bikanun eden hereketlere, gaýry edaralar tarapyndan anyklanylan düzgün bozulmalara, awiakompaniýa jogäpkärçilik çekmeýär.
Awiakompaniýanyň online awiabilet akymyna we turkmenistanairlines.tm sahypasyna we mobile goşundylaryna zyýan ýetiriji programmalary ulanylýandygy ýa-da bikanun hereketleri ýerine ýetirilýändigi anyklanylan ýagdaýynda awiabilet almak üçin şahsy otaga giriş ygtyýarnamaňyz, IP salgyňyz awiabilet almakda çäklendiriler we awiakompaniýa tarapyndan bu düzgün bozulmalaryň, bikanun hereketleriň, zyýan ýetiriji işleriň öňüni almak maksady bilen, degişli işleri geçiriljekdigi barada Size habar berýäris.
ONLINE AWIABILET ÜPJÜN ETMEK BIRNÄÇE TAPGYRLARDAN YBARATDYR, ÝAGNY;
BIRINJI TAPGYR.
1. Awiabilet üpjün edýän ýolagçynyň öz ulanýan telefon belgisi arkaly şahsy otaga bellige alynmagy zerur bolup durýar.
1.1 Şahsy otaga bellige alynmak üçin ýolagçynyň öz telefon belgisi, elektron poçtasy, we onuň şahsy açar sözi girizilýär. (Şahsy otaga bellige alanyňyzda bikanun düzgün bozulmalary edilmeli däldigi barada duýdurýarys we web sahypada awiakompaniýa tarapyndan geçiriljek çäreler barada doly ýagdaýda duýdurylan we tanşyp bilersiňiz.)
1.2 Şahsy otaga bellige alynmak üçin ýolagçynyň telefon belgisine +0757 “ýa-da awiakompaniýa tarapyndan başga telefon belgisine üýtgedilen ýagdaýynda” identifikasion belgileri ýolagçyny tassyklamak üçin sms arkaly ugradylar we ýolagçy tarapyndan ugradylan tassyklaýjy sanlary dogry girizilenden soň bellige alnar.
1.3 Şol bir telefon belgisi ýa-da elektron poçtasy arkaly täzeden bellige alnyp bolmaýar.
1.4 Şahsy otaga gireniňden soňra ýolagçynyň öz girizen açar sözüni başga adamlara bermeli däl we berilen ýagdaýynda awiakompaniýa jogäpkärçilik çekmeýär.
1.5 Şahsy otaga gireniňizde kemçilikler ýüze çykan ýagdaýynda dessine itgroup@turkmenistanairlines.tm elektron salgysyna ýüze çykan sebäpleri we suratyny ugratmagyňyzy Sizden haýyş edýäris. (Mümkinçilige görä wideo arkaly ugratmagyňyzy Sizden haýyş edýäris.)
1.6 Awiakompaniýa tarapyndan ýolagçy online awiabilet üpjün etmek üçin 15 minudyň dowamynda (timelimit) www.turkmenistanairlines.tm web sahypasynda we turkmenistanairlines mobile goşundylarynda görkezilen maglumatlary doly we dogry doldurylmaly we bank hyzmatlary tarapyndan berlen wagtyň içinde awiabilet almagyňyz zerur bolup durýar. ( Awiabilet ulgamda doňdurylyp saklanylmazlygy üçin zerur bolup durýar awtomatiki usulda.)
1.7 Başga sebäpler esasynda töleg tölenmedik ýagdaýynda, ýolagçy tarapyndan maglumatlary ýalňyş görkezen ýagdaýynda, awiabilet üçin sargyt goýlanda görkezilen möhlet gutarandan soň awtomatiki usulda awiabilet ýatyrylar.
IKINJI TAPGYR.
2. Şahsy otaga bellige alnandan soňra ýolagçynyň öz uçuş ugruny saýlap awiabilet üpjün edip biler.
2.1 Ýolagçy gerek bolan ugruny, uçýan adam sanyny saýlap awiabilet üpjün etmek üçin “Ady Familýasy” “Doglan senesi” “Pasport maglumatlary” habarlaşmak üçin töleýjiniň maglumatlary we ş.m zerur bolan ýerleri hökman doldurmaly. (Dürli sebäplere görä awiakompaniýa tarapyndan habarlaşmak üçin zerur bolup durýar.)
2.2 Ýolagçy ähli zerur bolan ýerleri doly we dogry dolduranyndan soňra online töleg bank hyzmatlaryny saýlap maglumat howpsuzlyk çäreleri esasynda ýolagçy öz şahsy kartynyň CVC açar töleg belgilerini we ady familýasy ş.m belgilerini bankyň öz töleg sahypasynda doly we dogry girizilmeli. “CVC” açar öz kartyňyzyň arkasynda ýa-da degişli bolan bankynyza ýüz tutmak bilen alyp bilersiňiz.
2.3 Ähli zerur bolan maglumatlary doly we dogry girizilenden soňra bank töleg ulgamyndan, ýolagçynyň tölegi üstünlikli ýerine ýetirilendigi tassyklanylyp ýolagça dessine awiabilet belgisi “PNR” we şol ýerde awiabiledini ýükläp alyp biler. Şeýle hem, şahsy otagyň kömegi bilen awiabilediniň ähli taryhyna seredip we elektron görnüşinde ýükläp alyp biler.
2.4 Eger ýolagçy awiabilet bilen üpjün etmek üçin girizen maglumatlary doly we dogry däl girizen ýagdaýynda awiabilediň maglumatlaryny awiakompaniýa tarapyndan 3 harpdan kän bolmadyk belgilerini düzedilmez we awiakompaniýa jogapkärçilik çekmez. Emma ýolagçy awiabilet satyn almak üçin onuň pasport seriýasy üýtgedilen ýagdaýynda, ýa-da nikadan geçip başga familiýasyny üýtgedilen ýagdaýynda awiakompaniýanyň info@turkmenistanairlines.tm elektron salgysyna ähli tassyklaýjy resminamalary bilen habar berilmelidir.
2.5 “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň uçuş ugry üýtgedilen ýagdaýynda ýa-da başga sebäpler esasynda, ýolagça habar berilmeli bolan ýagdaýynda awiabilet alanyňyzda habarlaşmak üçin görkezilen telefon belgiňize jaň arkaly ýa-da sms habar ugradylar, emma görkezilen telefon belgiňiz özüňiziňki bolman başga biriniňki olam size habar bermedik ýagdaýynda, telefon belgiňiz öçürilen, ýa-da başga sebäplere ýüze çykan ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär. (Awiakompaniýa diňe awiabilet alanyňyzda görkezen telefon belgiňize we elektron salgyňyza habar berer).
2.6 “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti online awiabilet alanyňyzda, başga biri awiabilet alyp berip we awiabilediň pul serişdesini gaýtarmak üçin isleg bildireniňizde diňe şahsy otaga bellige alnyp giren ýolagçy tarapyndan şol şahsy otagyň içinde awiabiledi gaýtaryp bolar we töleg geçirijiniň kartyna geçer. (Bikanun düzgün bozup edilen hereketlere awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär).
2.7 Awiabilet alyp beren ýolagçynyň arasynda ýüze çykan jedeller we başga sebäplere awiakompiýa jogapkärçilik çekmeýär.
ŞAHSY OTAGA GIRIŞ YGTYÝARNAMAŇYZ ÝAPYLAN ÝAGDAÝYNDA!
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan şahsy otaga bellige alynan telefon belgiňizi we IP salgyňyzy ýapyp bilýändigi barada habar berýäris. Ony açdyrmak üçin awiakompaniýanyň merkezi binasyna gelip awiakompaniýa tarapyndan ähli zerur bolan resminamalary we arzaňyzy kabul edilenden soňra awiakompaniýa tarapyndan serediljekdigi barada habar berýäris.
Degişli resmilanamalar we arzaňyz kabul edilenden soňra bikanun hereketleri ýerine ýetirip awiakompaniýa zyýan ýetiriji işleri geçirýändiňiz anyklanylan ýagdaýynda awiakompaniýa ýokarda bellenilşi ýaly degişli işleri geçirjekdigi barada duýdurýarys.
1. Awiakompaniýanyň düzgünini bozup birnäçe adamlara awiabilet alynýandygy anyklanylan ýagdaýynda şahsy otaga giriş ygtyýarnamaňyz we IP salgyňyz doly öçüriler we hiç hili awiabilet almak müňkinçilikleri bolmaz.
2. Awiakompaniýanyň online awiabilet satuw ulgamlaryna kiberhüjümleri ýerine ýetirilýändigi anyklanylan ýagdaýynda şahsy otaga giriş ygtyýarnamaňyz ýatyrylar.
3. Bikanun telekeçilik, Bikanun düzgün bozulmalar we ş.m hereketleri ýerine ýetirýändiňiz anyklanylsa ýa-da gaýry edaralar tarapyndan awiakompaniýa habar berilse ähli bikanun eden hereketlerňize jogapkärçilik çekýändiňiz barada duýdurýarys.
4. Awiakompaniýa tarapyndan gerekli bolan resminalary talap etmäge haky bardyr.
“TÜRKMENISTAN” AWIAKOMPANIÝASY” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETI ŞU AŞAKDAKY BELLIKLERE JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR:
1. Pul birliginiň öwrülmegi esasynda ýüze çykan pul jemlerindäki tapawuda we awiabilediň pul serişdeleriniň bank kartyna yzyna gaýtarylmagy üçin bankyň hyzmat tölegine;
2. Yzyna gaýtarylýan awiabilediň pul serişdeleri bellenilen nyrhnamanyň ýerine ýetiriliş tertibine laýyklykda kesgitlenilýär. Ýagny, ýolagçy tarapyndan awiabiledi yzyna gaýtarmak boýunça aşakdaky nyrhlaryň ulanyş şertleri berjaý edilmedik ýagdaýynda awiakompaniýa jogapkärçilik çekmeýär
- eger-de, ýolagçy gatnawa wagtynda gelmedik ýagdaýynda;
- eger-de, ýolagçy uçuş wagtyna 24 sagatdan az galanda we 3 sagatdan giç galynman awiabiledi tabşyrylan ýagdaýda gelende;
- eger-de, ýolagçy howa gäminiň gatnawy ýerine ýetirmegine 3 sagatdan az galan ýagdaýynda gelende;
3. Awiabilet satyn alnyp halkara howa menzillerine gelen ýolagçylary, beýleki döwlet edaralarynyň talap eden resminamalary bolmandygy sebäpli uçuşdan alnyp galynmagyna.
4. Ýolagçynyň (onuň ynanan şahsyýetiniň ýa-da kanuny wekiliniň) howa gatnawyndan awiabiledini ýatyrmak we pul serişdeleriniň yzyna gaýtarmak hakynda arzany ýazmakdan gatnaw üçin töleg geçiren şahsyýetiň öňünde ýüz döndürendigi, netijede ýolagçy (onuň ynanan şahsyýeti ýa-da kanuny wekili) bilen gatnawy üçin töleg geçiren şahsyň arasynda ýüze çykan jedeller üçin.
5. Howa gatnawy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasynyň güýjüni ýitirendigini tassyklaýan resminama (howa gatnawy üçin tölegiň geçirilmegi üçin ulanylan bank kartasy yzyna gaýtarylmanyň amala aşyryljak hereket ediş möhleti geçen bolsa).
6. Awiakompaniýa tarapyndan ýolagçynyň awiabiledini yzyna gaýtarmak üçin goşmaça gerekli bolan resminamalary, maglumatlary talap etmeklige haky bardyr.