“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

2025-10-14

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.


Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41; +99365 -72-58-43


Dalaşgär üçin maglumat:


- Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
- Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
- ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
- ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
- boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
- türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
- Elementary derejeden pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
- beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
- mylaýym daş görnüş;
- düşnükli/aýdyň sözleýiş;
- alçaklyk;
- suwda ýüzmek ukyby;
- harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
- hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:


1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.

Resminamalar 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 5-ne çenli kabul edilýär.