2025-nji ýylyň awgust aýynyň 11-den başlap Tomus dynç alyş möwsüminde Awaza dynç alyş zolagynda ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerine goşmaça gatnawlar.
2025-08-09
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 11-den başlap Tomus dynç alyş möwsüminde Awaza dynç alyş zolagynda ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerine raýatlarymyzyň dynç almak we syýahat etmekleri üçin we ýolagçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen:
Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat
Ugurlary boýunça goşmaça gatnawlar gurnalandygy we gününň dowamynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline göni ugurly 6 gatnaw ýerine ýetiriljekdigi habar berýäris.
Şeýle-hem, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň şypahanalarynda dynç almagy isleg bildirýän ýolagçylaryň dykgatyna, ýurdymyzyň ähli welaýatlar bilen ýagny
Balkanabat – Aşgabat - Balkanabat
Balkanabat – Türkmenabat – Balkanabat
Balkanabat – Daşoguz – Balkanabat
Balkanabat – Mary – Balkanabat
Balkanabat – Kerki – Balkanabat
göni ugurly gatnawlarynyň goýulandygy barada Size habar berýäris.